"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Beýik döwrüň belent bady

Milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işleriň yzygiderli geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde nygtaýşy ýaly, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli zähmet çekmek, Watanymyzyň gülläp ösüşine goşant goşmak bagtyýar nesilleriň baş maksady bolup durýar.

Ruhubelentlige beslenen çäreler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan “Hoşniýetli ýörelgeler — ösüşiň ygtybarly binýady” ady bilen guralýan okuw-maslahatyň işi üstünlikli dowam edýär. Okuw maslahatyň üçünji gününde — 31-nji oktýabrda ýörite mowzuklar boýunça çykyşlar diňlendi. Okuw maslahatyň barşynda edilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, sagdyn durmuş ýörelgelerini ildeşlerimiziň arasynda wagyz-nesihat etmek boýunça işleriň netijeliligini gazanmak, ilkinji guramalaryň işlerini döwrüň ruhuna laýyklykda ýola goýmagyň usullary dogrusynda boldy. Okuw-maslahatyň gün tertibiniň üçünji gününde edilen gürrüňler boýunça özara sowal-jogap alşyldy.

Durmuş abadançylygy — rowaçlygyň binýady

Ýurdumyzda bolup geçýän milli, sebit hem-de dünýä ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy, medeni-ykdysady wakalar ösüşimiziň okgunly depginini, onuň giň gerimini we işjeň häsiýetini görkezýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalaryň, iri we möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň biri hem, elbetde, 24-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisidir. Mälim bolşy ýaly, ählihalk forumynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni-syýasy taýdan ösdürmek babatda edilen işleriň jemi jemlendi hem-de Watanymyzyň uzak möhletleýin ösüşini nazarlaýan möhüm wezipeler öňde goýulýan, wajyp resminamalar kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz çykyşlarynda belleýişleri ýaly, geljekde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda köp sanly işler alnyp barlar. Milli özboluşlylygy, durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanan, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet ösüş strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň gülläp ösmegini, ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyny şertlendirdi. Özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde sebitlerde mekdepleridir çagalar baglaryny, saglyk we medeniýet öýlerini özünde jemleýän, zerur durmuş düzümleri bolan täze obalar gurulýar. Milli Liderimiziň başlan

Akyldaryň ady dünýäniň dilinde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty netijesinde, halkymyzyň geçmişdäki beýik şahsyýetleriniň, akyldarlarynyň, söz ussatlarynyň, şol sanda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömür ýoluny, gymmatly edebi mirasyny öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda tutumly işler amala aşyrylýar. Her bir halkyň beýikligi, esasan, umumadamzat ähmiýetli görnükli hyzmatlary bitiren meşhur şahsyýetleri bilen kesgitlenilýär. Halkymyzyň dünýä beren beýik ogullarynyň biri, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden özygtyýarly döwlet döretmek baradaky çagyryşlar eriş-argaç bolup geçmek bilen, onuň şygyrlary türkmen halkynyň erkinliginiň hem-de jebisliginiň senasyna öwrüldi. Şahyryň öňe süren taglymatlary häzirki wagtda-da milli döwletliligiň, dünýä halklarynyň abadan, parahat durmuşynyň üpjün edilmeginiň anyk salgysyny berýär.

Yhlasa — myrat

Gaz geçirijileri kebşirläp duran pursadynda Alymjan bilen duşuşmak miýesser etdi. Iş bilen meşgullanyp durşuna ol biziň gelenimizi hem duýman galdy. Janypkeşlik bilen zähmet çekişi onuň işine bolan höwesinden hem-de ussatlygyndan habar berýär. — Dagy näme, onuň aňsat boş wagtyny tapaýmarsyňyz. Elmydama bir işiň başyndadyr. Geň galaýmaly, ähli ynanylan işe-de öz wagtynda ýetişip, birkemsiz berjaý edýär — diýip, uly ussa Ahmet Baltaýew onuň tarypyny ýetirdi. Onýança ol salykatlylyk bilen salamlaşyp, gutlagymyz üçin hoşal boldy. Çünki ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň uludan bellenilen günlerinde Alymjanyň durmuşynda şatlykly waka bolup geçdi. Uzak ýyllaryň dowamynda çeken asylly zähmeti göz öňünde tutulyp, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda oňa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly gowşuryldy.

Pul dolanyşygynyň netijeliligi — ösüşleriň berk binýady

1-nji noýabr milli manadymyzyň dolanyşyga girizilen günüdir Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi bank ulgamy bilen berk baglanyşyklydyr. Şol sebäpli hem ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bank ulgamyny sanlylaşdyrmak we sanly hyzmatlary ornaşdyrmak işleri ýokary derejede alnyp barylýar.  Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde söwda, maliýe, bank ulgamlaryna we döwlet dolandyryşyna ilkinji orun degişli bolup, olar çalt uýgunlaşýarlar we aýdyň netije berýärler. Sanly tehnologiýalar arkaly hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili ýokarlanýar we harajatlaryň hem-de sarp edilýän gymmatly wagtyň tygşytlanmagyna esaslanýan hyzmatlaryň täze döwrebap görnüşleri emele gelýär.

Döwletli ýörelgeleriň dabaralanmasy

Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň biri-birine utgaşýan belent tutumlarynyň üstüni ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mejlisde eden taryhy çykyşlarynda döwlet syýasatynyň ähli ugurlarynda ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi we öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Bu umumymilli forum  ýurdumyz hem-de halkymyz üçin möhüm ähmiýete eýe bolup, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň,  ýöredýän daşary hem içeri syýasatynyň dünýä nusgalykdygyny aýan etdi. Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletiň we halkyň durmuşyny has-da ösdürmäge, ýurdumyzyň raýatlarynyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen çözgütleriň kabul edilmegi ýurdumyzda halkymyzyň bähbidiniň ähli zatdan ileri tutulýandygyny ýene bir ýola aýdyň görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmelerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan, döwletimiziň hukuk binýadyny kämilleşdirmekden, ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşini çaltlandyrmakdan ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan adyl syýasaty il-günümiz tarapyndan uly goldawa eýe bolup, ýurdumyz  röwşen geljege tarap ynamly öňe barýar.

Baky bagtyň güwäsi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gazanylýan üstünliklerde dünýäniň iň iri bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyz möhüm orny eýeleýär. Baky Bitaraplygymyz ýurdumyzyň özbaşdaklygyny pugtalandyrmagyň, okgunly durmuş-ykdysady ösüşiniň kepiline öwrüldi. Bu syýasy-hukuk derejäniň eziz Diýarymyzyň hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýaly ynsanperwer ýörelgelere daýanýan köpugurly daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirmegiň mizemez binýadyny kemala getirip, işjeň parahatçylyk dörediji syýasaty alyp barmaga giň şert-mümkinçilikleri döredendigini hem nygtamak gerek. Täze taryhy eýýamda sebitde ähli taraplaýyn parahatçylygy berkidip, dost-doganlyga daýanýan özara bähbitli ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklary ösdürmekde ýetilýän sepgitleri, gazanylýan üstünlikleri muňa aýdyň subutnama hökmünde mysal getirip bolar. Geljek ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesi giňden bellenip geçiler. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly kararnama kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň ýokary halkara abraýynyň, oňyn bitaraplyk ýörelgelerine, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan

Taryhy özgertmeleriň zamanasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz günsaýyn ösýär we saýlap alan ýoly bilen ynamly öňe barýar. Diýarymyzyň her bir güni görlüp-eşidilmedik zähmet üstünliklerine beslenýär. Bu gün bagtyýar halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bitirilen beýik işlere, ýetilen beýik sepgitlere, gazanylýan üstünliklere tüýs ýürekden guwanýar.

Berkarar döwletde iller bagtyýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz gülläp ösýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Diýarymyzda her bir ynsanyň bagtly durmuşda ýaşamagy üçin bitirilýän beýik işler sanardan köpdür, aýratyn-da, ynsan saglygyny goramakda, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmekde amala aşyrylýan işler dünýä nusgalykdyr. Ynsanperwerlik, sahawatlylyk Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymatlarynyň özenini düzýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýädäki abraýyny barha belende göterýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasaty-da uly rowaçlyklara beslenýär. Muny ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä döwletleri tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy hem aýdyň subut edýär.

Giň gerimli gurluşyklaryň mekany

Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gurmak, döretmek, bagtyýarlygyň hem berkararlygyň ýoly bilen okgunly öňe barýan eziz Diýarymyz giň gerimli gurluşyklaryň mekanydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda kuwwatly senagat kärhanalary, önümçilik desgalary, medeni, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar gurlup, döwrebap täze obalar, şäherçeler, şäherler döreýär. Şeýlelikde, ýaşyl baglara, al-elwan güllere bürenýän ata Watanymyzyň görki barha gözelleşýär.

Dünýäde dabaralanýan beýik tutumlar

Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly ösüşler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, ata Watanymyzyň kuwwatynyň barha berkeýändigi buýsandyrýan ýagdaýdyr. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň her bir başlangyjyny, tutumyny halkymyzyň giňden goldaýandygyna we özgertmelere gatnaşmakda ýokary işjeňlik görkezýändigine biz durmuşa geçirilýän beýik işlerde aýdyň göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleri ýurdumyzda ähli işleriň diňe halkyň bähbidine gönükdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şeýle bolansoň, dostlugy, parahatçylygy ündeýän, agzybirligi baýdak edinýän ata Watanymyzda dünýäde parahatçylygyň dabaralanmagy üçin taýsyz tagallalaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşymyz ýürekden çykýar. Ata Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagy, halkymyzyň bagtyýar geljegi barada ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak b

Döwrüň talabyndan ugur alýarys

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde daşary ýurt dilleriniň öwrenilişiniň gerimi has giňedi. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem-de ondan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda döwrebap bilimli, daşary ýurt dillerini oňat bilýän ýaşlaryň kemala gelýändigi döwrümiziň guwandyryjy, buýsandyryjy hakykatydyr. Çünki birek-birek bilen, şol sanda gaýry halklar bilen gatnaşyk, ylalaşyk, ösüş we özgeriş diliň kömegi arkaly amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okuwçylara daşary ýurt dilleriniň öwredilişiniň döwrebap derejede alnyp barylýandygyny bellemek isleýärin. Özüm hem mekdepde çagalara iňlis dili boýunça sapak berýändigim üçin, her bir okuwçynyň döwrüň talabyny ödeýän, daşary ýurt dilini oňat bilýän adam bolup ýetişmegini gazanmak esasy aladam bolup durýar. Sapakda oýunlary guramagyň we surat görkezmegiň üsti bilen okuwçylaryň täze sözleri aňsat özleşdirmegini gazanmak üçin tagallamy gaýgyrmaýaryn. Çagalaryň ertekiler esasynda goýan gysga görnüşli sahnalarynda, geçirýän çärelerimizde biri-birleri bilen iňlis dilinde gürleşmekleri, sorag-jogap alyşmaklary olaryň bu dili öwrenmeklerine oňaýly täsirini ýetirýär. Sapakdan daşgary hem bu ugurda degişli çäreleri gu

Röwşen geljegi nazarlaýan «akylly» şäher

Bu günki gün ata Watanymyz ähli babatda ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Ýurdumyzda gurulýan we ulanmaga berilýän önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň hatary barha uzamak bilen. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň uly mümkinçilikleriniň bardygynyň alamatydyr. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gowulanýandygy onuň aýdyň güwäsidir. Häzirki wagtda hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşyklaryny giň gerimde alyp barýarlar. Olaryň durmuşa geçirýän işlerine Milli Liderimiz we hormatly Prezidentimiz mynasyp baha berip, netijeli işlemekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýärler. Türkmen işewürlerine ägirt uly döwlet buýurmalary ynanylýar. Olar ýokary hilli, asyrlara uzaýan we iň gowy halkara ülňülere laýyk gelýän binalary gurýarlar. Arkadag şäheri oňa aýdyň mysaldyr. Bilşimiz ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, beýleki möhüm resminamalar bilen birlikde, “Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Permana hem gol çekdi. Munuň özi bu ajaýyp, täze şäherde geljekde-de giň gerimli, beýik işleriň alnyp baryljakdygynyň aýdyň güwäsi bolup, onuň ýaşaýjylarydyr işçi-hünärmenlerinde uly ruhubelentlik döretdi. Permanda bellenilişi ýaly, bu çözgüdiň kabul edilmegi Arkadag şäheriniň ähli ul

Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy

Aşgabat, 29-njy oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň işjeň durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasy öz oňyn netijesini berip, dünýäniň we sebitiň ýurtlary bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýär. Ynsanperwer ulgamda barha rowaçlanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan we Ermenistan Respublikasy mundan öň hem özara Medeniýet günlerini birnäçe gezek geçiripdiler.

Agzybirligiň wagyzçysy

Türkmenler gadymy döwürden bäri ýurt parahatçylygynyň, asman-Zemin asudalygynyň, il agzybirliginiň neneňsi ähmiýetlidigine hem-de gymmatlydygyna çuňňur düşünip, bu ynsanperwer garaýşy özüne baş ýörelge edinen halkdyr. Biz munuň şeýledigine dürli öwüşginli halk döredijiligimize göz aýlanymyzda hem anyk göz ýetirýäris. Halk ertekilerinde, nakyllarda, atalar sözlerinde, hüwdülerde, matallarda hem çagalara agzybir ýaşamagyň gymmaty düşündirilýär. Bu babatda nusgawy edebiýatymyza aýratyn uly orun degişlidir. Parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakda söz açylanda, ilkinji nobatda, Gündogar edebiýatynyň göwheri hasaplanylýan, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden mysallary getirmek has-da ýerlikli bolar.

Täzelikler

Türkmenabat şäherindäki «Kökçi» hojalyk jemgyýetinde ýeňil we ýük awtoulaglary üçin akkumulýatorlary öndürmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. «Kökçiniň» amperi 60-dan 190-a çenli beýgelýän ýokary hilli «Kuwwat», «Ýyldyrym», «TM Power» ýaly haryt nyşanly akkumulýatorlary içerki bazarlar bilen bir hatarda daşary ýurtlarda-da islegli önümleriň hatarynda tanalýar. Akkumulýator öndürmekde ýurdumyzda ilkinji hususy kärhana bolan «Kökçi» hojalyk jemgyýetiniň önümhanasynda Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň we Hindistanyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylyp, her günde, ortaça, 300-350 sany akkumulýator öndürilýär. Önümçilikde ýerli çig maldan peýdalanylýar.

Wepalylygyň we dostlugyň nyşany

Halkymyzyň dünýä beren, umumadamzat siwilizasiýasynyň ösmegine uly goşant bolan naýbaşy milli gymmatlyklarynyň biri-de türkmen alabaýydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, alabaýyň keşbi dostana duýgulary janlandyrýar. Hakykatdan-da, ol bu günki gün halkara gatnaşyklarda-da mizemez dostlugyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Şu barada gürrüň edilende, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen Akdost atly türkmen alabaýy hem ýada düşýär. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde has netijeli ösdürilip, täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Şunda dostlukly ýurtlaryň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň tagallalarynyň ähmiýeti uludyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen mizemez şahsy dostluk gatnaşyklary türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň köp ugurlar boýunça düýpli ösdürilmegine itergi berdi. Döwlet Baştutanymyzyň XVI BRICS sammitine gatnaşmak maksady bilen, 23-24-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherine amala aşyran iş saparynyň üstünliklere beslenmegi, onuň barşynda bolup geçen wakalar hem munu

Döwrüň talabyndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilip, maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Bilim işgärleri iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň hyzmatyndan, okatmagyň häzirki zaman usullaryndan giňden peýdalanýarlar. Munuň özi bilim ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylyp, ýokary derejelere ýetmegine şert döredýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» bilim işiniň halkara ölçeglere laýyk getirilmeginde möhüm çelgi bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde bilim ulgamynda öňde durýan wezipelere hem üns çekilip, täze başlangyçlaryň öňe sürülmegi bizi örän buýsandyrdy. Gahryman Arkadagymyz mejlisde eden çykyşynda geljekde hem ýurdumyzda döwrebap bilim edaralarynyň gurlup, ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezleriniň döredilmeginiň, dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän bilelikdäki ýokary okuw mekdepleriniň ýa-da olaryň şahamçalarynyň açylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Asylly ýörelgelere eýerip

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz uly durmuş-ykdysady ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Sanly ulgamyň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň wajyp şertine öwrülýär, ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalar işjeň ulanylýar, bäsdeşlige ukyply önümçilikler ýola goýulýar. Amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde, türkmen halky asuda, abadan, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda Garaşsyz döwletimizde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, ýerine ýetirilen işleriň netijeleri seljerildi. Döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alnyp, täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli birnäçe çözgütleri kabul edip, degişli Permanlara gol çekdi.