"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Sungat äleminiň täze zehinleri

7-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen özboluşly döredijilik baýramyny Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilelikde gurady. Biz bäsleşigiň geçişi baradaky pikir-garaýyşlaryny paýlaşmagyny haýyş edip, onuň eminler toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Kerim Ylýasowa ýüz tutduk. Şonda ol:

Joşgunly ýürekleriň owazy

7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda öňe saýlanan zehinli aýdymçylaryň 14-si gatnaşdy. Emin agzalarynyň gelen netijeleriniň esasynda ýokary ussatlygy bilen tapawutlanan aýdymçylaryň 7-si bu telebäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Biz hem zehinli ýaş aýdymçylary gazanan üstünlikleri bilen gutlap, olaryň käbiriniň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik:

Ilat üçin ýokary hilli önümler

«Lebapetsüýtönümleri» kärhanasynda ilaty et we süýt önümleri bilen üpjün etmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Kärhanada şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda 5 million 917 müň 507 manatlyk önüm öndürildi. Has takygy, bu döwürde kärhana boýunça süýt önümleriniň 154 tonnasy, şöhlat önümleriniň 45 tonnasy, peýniriň we dorogyň 399 tonnasy, mesge ýagynyň hem 213 tonnasy, şeýle-de süýji-kökeleriň 31 tonnasy öndürilip, ilata hödürlenildi.

Ildeşimiz ýeňiji boldy

Halkymyzyň aýdym-saz sungatyny has-da kämilleşdirmek, zehinli aýdymçy ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny barha ösdürmek hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, güneşli Diýarymyzda döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem höwesjeň aýdymçy ýaşlary sungatyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar. Geçen şenbe güni paýtagtymyzda şu däbe öwrülen bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýatymyzyň wekilleri hem gatnaşdylar. Hojambaz etrabynda önüp-ösüp, sungat ýoluna gadam basan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Serdar Jumaýew bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerine wekilçilik edip, bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlar bilen birlikde ildeşimiz Serdar Jumaýew hem Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy. Bu ajaýyp üstünlik ýaş aýdymçynyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna mynasyp sowgady boldy.

Halk Maslahaty — ösüşlere binýat

Her ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň toýlanýan günlerinde Diýarymyzda Halk Maslahatynyň mejlisi dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Onda ýaşululara sala salyp, döwletli tutumlar jemgyýetçiligiň wekilleri bilen maslahatlaşylýar. Munuň özi döwletli ýörelgelere aýratyn ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kararyna laýyklykda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda, mukaddes Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Bu umumymilli forumyň maksady halk wekilleriniň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmegine, jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini berkitmegine, milli demokratiýany has-da ösdürmäge giňden gatnaşmagyny üpjin etmekden ybaratdyr.

Garaşsyz Watanymyzyň şanyna belentden ýaňlanan aýdymlar

7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden iň mynasyp iki aýdymçy döwlet tapgyryna gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Netijede, ýaş aýdymçylaryň 14-si «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etdiler. Olar nusgawy we häzirki zaman şahyrlarymyzyň goşgularyna döredilen, şeýle hem halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeni syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, türkmen halkynyň aýdym-saz sungatyny has-da kämilleşdirmek, täze, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, zehinli aýdymçy ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny barha ösdürmek hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, milli sungatymyzyň aýdym-saz ugrundan döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi hem höwesjeň aýdymçy ýaşlary aýdym-saz sungatynyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan höwesjeň aýdymçy ýaşlary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy: Aşgabat şäher häkimliginiň “Aşgabat” döredijilik toparynyň 2-nji derejeli artisti Garýagdy Baýrammuhammedowiç Geldiýew;

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz!Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Sizi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny dünýäde dabaralandyrmakda, halkara abraýyny artdyrmakda, sport diplomatiýasyny ösdürmekde gazanylan nobatdaky üstünlik — Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 6-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň dowamynda gurama agza döwletleriň 87-siniň awtordaş bolup gatnaşmagynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen çözgüt Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde esasy orunlaryň birini eýeleýän, dünýäde uly abraýdan we hormatdan peýdalanýan döwletdigini görkezýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy

8-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Garaşsyz Watanymyzyň şanyna belentden ýaňlanan aýdymlar

“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi Aşgabat, 7-nji sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

ANNAMYRADOW Ş.H. hakynda Annamyradow Şöhrat Hudaýberdiýewiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Resmi habar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginde öz zehinini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, aşakda görkezilen bäsleşige gatnaşyjylar ýeňijiler diýlip yglan edildi, olara degişli diplomlar we noutbuk kompýuterleri gowşuryldy. Aşgabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Arslan Maksadowiç Igliýew;

Garaşsyz Watanymyzyň şanyna belentden ýaňlanan aýdymlar

“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi Aşgabat, 7-nji sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde öz zehinini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, aşakda görkezilen bäsleşige gatnaşyjylar ýeňijiler diýlip yglan edildi, olara degişli diplomlar we noutbuk kompýuterleri gowşuryldy. Aşgabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Arslan Maksadowiç Igliýew;

Arkadag «akylly» şäheri «2024 World Smart City Expo» halkara sergisinde üç sany baýraga mynasyp boldy

4-nji sentýabrda Arkadag «akylly» şäheri Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilen «2024 World Smart City Expo» atly «akylly» şäherleriň halkara sergisiniň baýrak gowşurylyş dabarasynda üç sany baýraga mynasyp boldy. Baýraklar sergä gatnaşyjylaryň arasynda aýry ugurlar boýunça has tapawutlanan şäherlere hem-de kompaniýalara gowşuryldy. Arkadag «akylly» şäherine bu dabara gatnaşyjylaryň arasynda ilkinji bolup baýraklaryň gowşurylandygyny aýratyn bellemek gerek.

Şanly toýuň şanyna

Mälim bolşy ýaly, şu günler agzybir hem-de zähmetkeş türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda uly bir şanly senä — baýramlaryň naýbaşysy hasaplanýan ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygyny belläp geçmeklige güýçli depginler bilen taýýarlyk görýär. Özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edilip, Garaşsyzlyga eýe bolmak bagty, ençe asyr bu bagty arzuwlan ata-babalarymyzyň arzuwlarynyň hasyl bolan zamanasynda ýaşamak, Garaşsyzlyga guwanmak, onuň hözirini görmek bu günki bagtyýar raýatlarymyza miýesser etdi. Garaşsyzlygyň halkymyza berýän eşretlerini her bir pursatda duýup, görüp ýaşamak, buýsanmak döwletimiziň her bir raýaty üçin çäksiz guwanç, egsilmez şatlyk, ullakan bagtdyr. Her säherde dogup gelýän Gün bilen bäsleşip duran ýaşyl tugumyzyň mylaýym pasyrdysy Garaşsyzlyk mukamynyň başlangyjydyr. Her bir raýatymyz üçin mukaddes sena öwrülen bu mukam dürli ulgamlarda gazanylýan ösüşleriň buşlukçysy hökmünde dürli äheňde dowamly we sazlaşykly ýaňlanýar.

Garaşsyzlyk — eziz Diýaryň ösüşli ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan baky bagtyýarlygyň mekanyna, arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýarymyzda taryh üçin gysga wagtyň içinde asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Bu gün ýurdumyzda syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarda uly öňegidişlikler gazanylýar. Umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän hem-de ynsanperwer ýörelgeleri rowaçlandyrýan döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň abraýy dünýä dolýar. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan berkarar döwletinde her bir gün, her bir aý şan-şöhrata, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Bu wakalar Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly ilerleýändigini, halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapýandygyny görkezýär. Ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň mekany hökmünde giňden tanalýar. Munuň özi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gözbaş alýar.

Baky bagtyň şuglasy

Garaşsyzlyk — beýik ösüşler bilen öňe barýan halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň gözbaşydyr. Häzirki günlerde beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna barýarys, bu baýram mynasybetli guralýan dabaralar ýürekleri joşdurýar. Halkymyz mukaddeslik baýramyna toý sowgatlary bilen barýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda asyrlara barabar işler amal edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň belent derejelerine eýe boldy. Ýurdumyzy ähli tarapdan ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda belent sepgitlere ýetildi. Täze kärhanalaryň ulanylmaga berilmegi, bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi, önümçilik kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrdy. Munuň özi döwletimiziň dünýädäki abraý-mertebesiniň beýgelmegine getirdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär, dürli ulgamlarda döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Hut şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwürde bilim-terbiýe alýan, hünär öwrenýän ýaşlaryň Garaşsyzlyga guwanjy hem buýsanjy çäksizdir. Olaryň dünýä derejesinde bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, Garaşsyz Watanymyza wepaly nesiller bolup ýetişmekleri barada döwlet derejesinde aladalar edilýär. Ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri baradaky edilýän aladalara oňat düşünip, d

Döw­let­li mas­la­ha­tyň bo­sa­ga­syn­da

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 Her ýyl­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­ýär. Oňa jem­gy­ýe­tiň äh­li gat­lak­la­ry we­kil­çi­lik­li gat­na­şyp, ta­mam­la­nyp bar­ýan ýyl­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň jem­le­ri­ne ga­ral­ýar, öň­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lyp, olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­ýär. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni 24-nji sent­ýabr­da ça­gyr­mak we ony Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Mas­la­hat köş­gün­de ge­çir­mek ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my Ka­rar ka­bul et­di.

Döw­le­ti­mi­ziň nu­ra­na keş­bi

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 Ga­raş­syz­lyk — döw­le­ti­mi­ziň nu­ra­na keş­bi, gal­ky­nan yk­ba­ly­my­zyň ýü­zü­dir. Ol ýo­lu­my­za he­mi­şe ýag­ty­lyk, ru­hy dün­ýä­mi­ze gö­zel­lik çaý­ýan gym­mat­lyk­dyr. Her bir toý-baý­ra­my giň­den bel­le­ýän türk­men ili Ga­raş­syz­lyk to­ýu­ny hem ulu­dan bel­läp, özü­niň şat­lyk-şow­hu­ny­ny dün­ýä ýaý­ýar. Tyl­la güý­züň gu­ja­gyn­da ba­ky bag­ty­ýar­ly­gy­na, be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­na gow­şan türk­men hal­ky tu­tuş ýy­ly zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne, be­ýik ösüş­le­re bes­läp, to­ýy sow­gat­ly gar­şy­la­ýar­lar.