"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

4-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň giň meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň barşynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan mümkinçilikleri we geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary anyklaşdyryldy. 

2024-nji ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp baran işlerine bagyşlanyp, her aýda taýýarlanylýan syn ählumumy abadançylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan wakalara beslenen geçen aýyň hem Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna ajaýyp seneler bilen girendigini görkezýär. 3-nji iýunda Doha şäherinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirilip, onuň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, maýa goýum, syýahatçylyk, energetika, nebitgaz pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alşyldy.

2024-nji ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp baran işlerine bagyşlanyp, her aýda taýýarlanylýan syn ählumumy abadançylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan wakalara beslenen geçen aýyň hem Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna ajaýyp seneler bilen girendigini görkezýär. 3-nji iýunda Doha şäherinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirilip, onuň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, maýa goýum, syýahatçylyk, energetika, nebitgaz pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa we Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Uttar-Pradeş ştatyndaky dini ýygnanyşykda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren pajygaly basa-baslyk zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmenistan dialog arkaly parahatçylyk söýüjilik däplerini ilerledýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Astanada ŞHG-niň sammitine we Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy Aşgabat — Astana — Aşgabat, 4-nji iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 4-nji iýuly) Hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç!Hormatly döwlet we wekiliýet Baştutanlary!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(2024-nji ýylyň 4-nji iýuly) Hormatly Maulen Sagathanuly!Hormatly dabara gatnaşyjylar!Hanymlar we jenaplar!

Halklary birleşdirýän gymmatlyklar

Magtymguly atamyzyň: «Ýagşa dost köp, ýaman bolsaň, ýok gardaş» diýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürip, halklaryň arasynda dostluk köprülerini gurýar. Dostanalyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Diýarymyzyň iri halkara guramalary bilen gatnaşyklary-da barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň abraýly halkara düzümleriň çäklerinde geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklara, şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlislerine yzygiderli gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Biziň ýurdumyzy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Hoşniýetli erk-isleg, taryhda emele gelen medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bu gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň geçen ýyl sanly ulgam arkaly geçirilen 23-nji mejlisinde eden çykyşynda bu barada: «Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklar Türkmenistan üçin halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu guramanyň agzalary, oňa synçy hökmünde gatnaşýan ýurtlar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlarydyr. Şoňa görä-de, bu gurama bilen gatnaşyklary ösdürmäge biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltme

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň giň meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň barşynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan mümkinçilikleri we geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary anyklaşdyryldy. 

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wekiliýet Baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşyga gatnaşýar

Şu gün Astanada iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitiniň çäklerinde geçirilýän wekiliýet Baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşyga gatnaşýar.  Sammite gatnaşmak üçin Astana ŞHG-niň agza döwletleriň hem-de bu Guramanyň synçylaryň we dialog boýunça hyzmatdaşlaryň derejesine eýe bolan ýurtlaryň ýolbaşçylary geldiler. Şeýle hem foruma halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda BMG-niň Baş sekretary çagyryldy. 

Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.  Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Bu babatda abraýly sebit we halkara guramalary hem-de düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ŞHG-niň Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu Sammit Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýär. 

Ýurt abadan — il bagtyýar

Dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň biri hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we jemgyýetçilik abadançylygy bilen halkara giňişlikde uly abraýa eýedir. Munuň şeýle bolmagy hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň yhlasly tagallalarynyň netijesidir. Hormatly  Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda  ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak ukyby we harby kuwwaty yzygiderli pugtalandyrylýar. Döwlet Baştutanymyz eziz Diýarymyzyň asudalygyny, abadançylygyny üpjün etmek wezipesini hemişe üns merkezinde saklaýar. 3-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Halkymyzyň şahyrana mirasy

Dünýä medeniýetiniň, tutuş adamzadyň medeni-ruhy taýdan baýlaşmagynda uly hyzmatlary bitiren akyldarlaryň, şahyrlaryň ylmy hem-de edebi miraslaryny düýpli öwrenmek, bu ugurda ylmy-barlag işlerini ulgamlaýyn esasda alyp barmak babatda döredilýän ähli mümkinçilikler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Döredijiligi içgin öwrenilýän ägirtleriň biri-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragydyr. Ýurdumyzda akyldar şahyryň hormatyna «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şu ýylyň 7-nji iýunynda bolsa bu hukuk namalarynyň üsti «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen ýetirildi. Bularyň ählisi türkmeniň beýik oglunyň şahsyýetine, umumadamzat ähmiýetli döredijiligine  goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Arkadag şäheri: önümçiligiň döwrebap tejribesi

Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän binagärlik eseri bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady taýdan rowaçlygyny, ägirt uly mümkinçiliklerini, halkymyzyň bagtyýar we erkana durmuşyny, ýaş nesillerimiziň nurana geljegini alamatlandyrýar. Ýurdumyzda Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän ak mermere beslenen Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli toý toýlanyp, baýramçylyk dabarasy geçirildi. Ajaýyp şäherimiziň düýbi tutulan gününden başlap, bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň we desgalaryň gurluşyklary Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk işi, binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehini netijesinde amala aşyryldy.

Jahanyň bagt ýyldyzy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň äleme dolmagy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Hak iş etseň, hak biler»  diýen parasatly nesihatynyň hakykatdygyny ýatladýar. Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli, bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habary  Milli Liderimiziň beýik işlerinden tutuş  älemiň hoşaldygynyň alamaty bolup, giň jahana doldy.

Durmuş syýasatynyň baş maksady

Maşgalanyň we eneligiň goldanylmagy, sagdyn nesliň kemala getirilmegi hem-de zenanlaryň hukuklarynyň goralmagy jemgyýetiň ösüş derejesiniň möhüm görkezijilerini kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiziň bu babatdaky  alyp barýan döwlet syýasaty ýurdumyzda her maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz milli döwletliligimiziň berkarar bolmagynda maşgala gymmatlyklarynyň sarpalanylmagyna aýratyn üns berýär. Hut şu maksatlardan ugur alnyp, Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimiziň geljegi bolan bagtyýar nesillerimizi ynsanperwer, milletimiziň ruhy-ahlak ýörelgelerine ygrarly, zähmetsöýer ýaşlar edip ýetişdirýändikleri üçin eziz enelerimize aýratyn hormat goýup, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen birnäçe eneler her ýyl Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolýarlar.

Ýurt garşy alsyn!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gümrük edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylyp, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da ýokarlanýar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde yzygiderli açylyp ulanylmaga berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 28-nji iýunynda şeýle döwrebap gulluk ýaşaýyş jaýlarynyň ýene biri Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde açylyp ulanylmaga berildi. «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlup ulanylmaga berlen 4 gatly, 32 öýli bu döwrebap gulluk ýaşaýyş jaýy gümrük gullugynyň harby gullukçylaryna we olaryň maşgala agzalaryna ajaýyp sowgat boldy. Dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berlen bu döwrebap gulluk ýaşaýyş jaýyndan öýli bolan Türkmenistanyň  Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary täze jaýlaryň açarlaryny maňlaýlaryna sylyp, geljekde hem ata Watanymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar. Dabaranyň geçýän ýerinde toý däp-dessurlary ýaýbaňlandyrylyp, milli ýörelgelere uly ähmiýet berildi.

Berkarar Watanyň buýsanjy ýaşlar

Bagtly ýaşaýşyň höziri Jemgyýetiň ösüşiniň häzirki şertlerinde bilim, ylym ulgamyna esasy orun degişlidir. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bu ulgamyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Begenç HALBAÝEW,Ýolöten etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýerli wekilleriniň bölümçesiniň müdiri, polisiýanyň maýory: — Hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Karary esasynda Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, degişli edara-kärhanalara binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Döwlet Baştutanymyzyň taryhy çözgüdiniň netijesinde guruljak durmuş maksatly döwrebap desgalar Arkadag şäheriniň ýaşamak we zähmet çekmek üçin has-da oňaýly mekana öwrülmegini şertlendirer. Abraýy barha artýan «akylly» şäher hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň yhlasly tagallalarynyň hem-de agzybir raýatlarymyzyň tutanýerli zähmetiniň miwesidir.

Gahryman Arkadagymyz ŞHG-niň sammitinde çykyş etdi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy. Hormatly Arkadagymyz «ŞHG+» görnüşinde guralan ýokary derejeli duşuşykda çykyş edip, ýurdumyzyň bu düzüm bilen hyzmatdaşlykda ileri tutýan ugurlaryna ünsi çekdi. Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Astana şäheri dünýäniň 16 ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlaryny bir ýere jemleýän möhüm çäräni kabul edýär. «Köptaraplaýyn dialogy berkitmek: durnukly parahatçylyga we ösüşe tarap ymtylmalar» mowzugynda geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de «ŞHG+» formatynda dowam edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky sammite hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy Türkmenistana goýulýan hormatdan, biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ymtylmalardan nyşandyr.