"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Diýarymyzda sahawatly işler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy näsag çagalara hemmetaraplaýyn hemaýat etmek arkaly ynsanperwerlik häsiýetli uly işleri durmuşa geçirýär. Gazna döredilen wagtyndan bäri öňde goýlan maksatlary hem-de wezipeleri amala aşyrmak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýar. 2021-nji ýylyň tomsunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen «Tiz kömek» awtoulaglary, Mary welaýat çagalar hassahanasyna «Savina» kysymly emeli dem beriş enjamy sowgat berildi. Şeýle hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrap hassahanasyna, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasyna, Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna, Mary welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine we paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna sat

Halkyň saglygy — döwlet berkararlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda halkyň saglygy baradaky alada ileri tutulýan, möhüm döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy. Eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasynyň döredilmegi bu wezipäniň üstünlikli çözülýändigini aýdyň görkezýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň özboluşly milli nusgasy halk tebipçiliginiň köpasyrlyk tejribesini hem-de dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy ýörelgelerini özüne birleşdirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda kabul edilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça köptaraply işler ylmy esasda üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy maksady, ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn giň mümkinçilikleri, şertleri üpjün etmek, saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribelerine esaslanýan kämil, ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekden ybaratdyr. Maksatnamada raýatlaryň saglygyny ömrüniň ähli döwründ

Goňşuçylyk gatnaşyklary rowaçlanýar

5-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen tagallalary üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystana sapar bilen gelmäge hem-de Astanada geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna we «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýandygyny ýene-de bir gezek beýan etdi.

Belent binalar görner

3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Ir bilen Milli Liderimiz dikuçarda täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrmak maksady bilen, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Hazar — parahatçylygyň, ylalaşygyň deňzi

Häzirki döwürde Hazar deňzi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bu wajyp ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň işjeň gatnaşyjysy bolup, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda ähmiýetli işleri alyp barýar. Hazar deňziniň ygtybarly ekologik goraglylygyny, onuň umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine gulluk edýän mümkinçiliklerini ösdürmegi üpjün etmek döwrüň möhüm meselesi bolup durýar. Şol dogrusynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Türkmenistan Hazarýaka sebitde bolup geçýän ähli möhüm hereketlere işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, bu ugurda parahatçylyga, ylalaşyga, özara ynanyşmaga we netijeli halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny aýdyň görkezýär» diýip belleýär. Şonuň üçin bu sebit hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhüm merkezi hökmünde çykyş edýär. Taryha ser salsak, 2003-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Tähranda Hazarýaka döwletleriň Prezidentleriniň gol çeken Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Şol gün hem «Hazar deňziniň güni» diýlip yglan edildi. Bu taryhy seneden bäri her ýylyň 12-nji awgusty dostluk deňziniň

Arkadag şäheri — milliligiň we täzeçilligiň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag şäherini ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle netijeli işleriň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Arkadag şäherinde nobatdaky iş saparynda boldy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Gahryman Arkadagymyz täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrmak maksady bilen, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy we Arkadag şäheriniň häkimi şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler. Şonda Milli Liderimize Çeper halyçylyk kärhanasynyň guruljak ýeriniň çyzgylary we toplumyň golaýynda ýerleşdiriljek binalar, kärhananyň beýleki desgalar bilen aradaşlygy barada hasabat berildi. Şol bir wagtyň özünde, önümçilik toplumynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy boýunça meýilleşdirilen işler hasabatyň özenini düzdi.

Eziz Watanymyzyň bagtly nesilleri

Ata-babalarymyzyň uzak döwrüň dowamynda kämilleşen baý many-mazmunly paýhasly pentlerini, ýörelgelerini, däp-dessurlaryny özünde jemleýän milli terbiýeçilik mekdebi ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemäge ýardam berýär. Mertlik, merdanalyk ýaly duýgular parasatlylyk, paýhaslylyk, ugurtapyjylyk ýaly häsiýetler bilen utgaşyp, hakyky türkmen häsiýetini ýüze çykarýar. Türkmen perzendiniň edep-terbiýesiniň gönezliginde müňýyllyklaryň taryhyndan aşan asylly häsiýetlerimiziň bardygyny aýtmak zerur bolup durýar. Ýagny Orta asyrlarda atabeglik mekdebinde terbiýelenen ýigitler döwrüň at-abraýly serkerdesi bolup ýetişipdirler. Öz döwründe jemgyýetde ahlak we ruhy kämilligiň berkemegine uly täsir edişi ýaly, biziň bagtyýar zamanamyzda hem durmuş ýörelgesiniň çyragyna öwrülen milli gymmatlyklarymyzyň gözbaşy arassa ruhy çeşme bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Adamlaryň özara paýhasly aragatnaşykda bolmagy we jemgyýete peýdaly işe işjeň gatnaşmaklary, ýaşlarda asylly sypatlary kemala getirmek hem-de ösdürmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň möhüm kadalary we ýörelgeleri bolup durýar.

Mertligiň mertebeli menzilleri

Ynsany bezeýän şeýlekin ýagşy häsiýetler bar. Her bir ynsan olary ykbalynyň dowamynda özüniň bitiren ýagşy işleriniň üsti bilen gazanýar we şahsyýet hökmünde kemala gelýär. Gürrüňimizi mertlik ýaly naýbaşy hem ýagşy häsiýetleriň biri hakyndaky pikirlere utgaşdyrmakçy. Galyberse-de, şahsyýet diýlende, biziň halypamyz — Türkmenistanyň Içeri işler gullugynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň şöhratly ömür ýoly hakydamyza dolýar. Il içinde: «Ata Watan, ene toprak» diýen sözleri köp eşidýäris. Çünki paýhasly pederlerimiz öz perzentlerine ata Watany goramagy, nuranadan mährem käbelerimiz bu topragy söýmegi wesýet etmekden irmeýärler. Terbiýe babatdaky gürrüňimizi has aýdyň şöhlelendirmekde kalby ylhamly Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplary nusgalyk çeşmedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly eserleri tutuşlygyna diýen ýaly ömür ýolunda nusgalyk ýol görkezen, asylly beýik ahlak sypatlary boýunça nusgalyk hem-de öz durmuşynyň uniwersiteti hasaplan halypasy Mälikguly aga bagyşlanýar. Has dogrusy, «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly eserinde kakasy Mälikguly aganyň nusgalyk ýoluny köp wagtlap öwrenendigi we ýene-de öwrenmegiň özi üçin perzentlik borçdugyny nygtaýar.

Döwletara hyzmatdaşlyk giň gerime eýe bolýar

5-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen tagallalary üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Gazagystan Respublikasy bilen däp bolan dostluk gatnaşyklary biziň halklarymyzy birleşdirýän köpýyllyk hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýar. Şeýle hem iki döwletiň halkara giňişlikde, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi, ählumumy, sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigi ýa-da ýakyndygy, birek-biregiň başlangyçlaryny goldaýandyklary nygtaldy.

Il bähbitli beýik tutumlar

Binýady berkden tutulan baky berkarar döwletimizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallalary bilen «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurulýan Arkadag şäheri gojaman Köpetdagyň eteginde halkymyzyň baý taryhly we gözel tebigatly künjegine özboluşly gözellik nuruny çaýýar. Bu şäher Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp sungat eseri bolup, akylyňy haýran edýär. Özboluşly şähergurluşyk-binagärlik keşbine eýe bolan Arkadag şäherinde eşretli durmuşda sagdyn ýaşamak, döredijilikli işlemek, medeniýetli dynç almak, okamak, öwrenmek üçin ähli amatlyklaryň bolmagy ony baky bagtyň şäheri diýip atlandyrmaga doly esas berýär. Bu ýerde dünýä ülňülerine laýyk gurlup, iň döwrebap sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklary, medeniýet we saglygy goraýyş edaralary, sport desgalary, ýaşamak üçin amatly, giň otagly ýaşaýyş jaýlary... halk üçin bitirilýän işleriň giň gerimlidiginiň aýdyň nusgasydyr.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

5-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen tagallalary üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Gazagystan Respublikasy bilen däp bolan dostluk gatnaşyklary biziň halklarymyzy birleşdirýän köpýyllyk hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýar. Şeýle hem iki döwletiň halkara giňişlikde, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi, ählumumy, sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigi ýa-da ýakyndygy, birek-biregiň başlangyçlaryny goldaýandyklary nygtaldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

Maslahatly biçilen don gysga bolmaz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň bady artýar. Raýat jemgyýetimizde milli demokratik ýol-ýörelgelerimizi has-da kämilleşdirmek bilen bagly giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.

Welaýat zenanlar bölüminde

Guramaçylyk ýygnagy geçirildi Geçen sişenbe güni welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda welaýat zenanlar bölüminiň guramaçylyk ýygnagy geçirildi. Ýygnaga etrap, şäher zenanlar bölümleriniň başlyklary we işjeň agzalary, welaýat zenanlar bölüminiň geňeş agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalardaky ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän işewür gyz-gelinler we kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Maslahaty welaýat kitaphanasynyň direktory, welaýat zenanlar bölüminiň geňeş agzasy Ýazgül Sarykowa alyp bardy.

Söwda ulgamynyň ösdürilmegi milli ykdysadyýeti pugtalandyrmagyň şertidir

Türkmenistanyň söwda syýasaty ýurduň ykdysady ösüşiniň we daşary syýasy gatnaşyklarynyň möhüm şertleriniň biridir. Içerki bazardaky söwda dolanyşygynyň ösüşi söwda pudagynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň abadançylygynyň we durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň güwäsidir. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin söwda toplumynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, dokma önümleriniň hilini, möçberini, daşarky bazarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak babatda toplumlaýyn çäreleri görmek, dokma, haly we haly önümleriniň elektron söwdalaryny guramak üçin bu işe sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmek babatda tabşyryklar berildi. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy bölegiň işini giňeltmek boýunça çäreleri dowam etdirmek barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini has netijeli guramagy tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleri mahabatlandyrmak, daşary döwletlerde söwda öýlerini açmak meseleleriniň üstünde işlemegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

ÝAZGULYÝEW G.J. hakynda Ýazgulyýew Gurbanmyrat Jumamyradowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Söwda ulgamynyň ösdürilmegi milli ykdysadyýeti pugtalandyrmagyň şertidir

Türkmenistanyň söwda syýasaty ýurduň ykdysady ösüşiniň we daşary syýasy gatnaşyklarynyň möhüm şertleriniň biridir. Içerki bazardaky söwda dolanyşygynyň ösüşi söwda pudagynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň abadançylygynyň we durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň güwäsidir. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin söwda toplumynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, dokma önümleriniň hilini, möçberini, daşarky bazarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak babatda toplumlaýyn çäreleri görmek, dokma, haly we haly önümleriniň elektron söwdalaryny guramak üçin bu işe sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmek babatda tabşyryklar berildi. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy bölegiň işini giňeltmek boýunça çäreleri dowam etdirmek barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini has netijeli guramagy tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleri mahabatlandyrmak, daşary döwletlerde söwda öýlerini açmak meseleleriniň üstünde işlemegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Parahatçylygyň we abadançylygyň ýoly bilen

Geçen hepde ýurdumyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýän wakalara baý boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirýän giň möçberli işleri ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna gönükdirilendir. 30-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda umumy bähbitlere laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. BMG-niň esas goýujy halkara şertnamalarynyň, konwensiýalarynyň, ýaragsyzlanmak babatda köptaraplaýyn resminamalaryň ençemesiniň gatnaşyjysy bolmak bilen, ýurdumyzyň öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigi bellenildi. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselesine degip geçip, seýsmologiýa we monitoring ugurlarynda ýola goýla

Hoşniýetli doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

5-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen tagallalary üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Gazagystan Respublikasy bilen däp bolan dostluk gatnaşyklary biziň halklarymyzy birleşdirýän köpýyllyk hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýar. Şeýle hem iki döwletiň halkara giňişlikde, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi, ählumumy, sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigi ýa-da ýakyndygy, birek-biregiň başlangyçlaryny goldaýandyklary nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oba hojalyk toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek hakynda aýdanlaryndan

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin gallanyň bol hasyly öndürilip, gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşinde welaýatlarymyzyň etraplaryndaky gallaçylyk hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriň, öňdebaryjy gallaçy babadaýhanlaryň we ähli oba hojalyk işgärleriniň uly goşandy bardyr. * * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

G.A.AMANGELDIÝEW hakynda Guwançmyrat Amanýazowiç Amangeldiýewi «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory wezipesine bellemeli.