"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Sözlär tili türkmeniň

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Türk­men hal­ky­nyň akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly ata­my­zyň dün­ýä inen gü­nü­niň 300 ýyl­lyk to­ýy toý­lan­ýar. 2024-nji ýy­lyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» diý­lip yg­lan edil­me­gi bi­len şa­hy­ryň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­lyk to­ýy hal­ka­ra de­re­je­sin­de uludan da­ba­ra­lan­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi türk­men hal­ky­nyň nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­na go­ýul­ýan uly sar­pa­dan ny­şan­dyr.

Pifagordan paýhasly pikirler

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024

Ömür bas­gan­çak­la­ry

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Ömür be­lent­li­ge sa­ry alyp gid­ýän bas­gan­çak­lar­dan gu­r­lan be­ýik yma­ra­ta meň­ze­ýär. Yn­san dog­lan gü­nün­den baş­lap, şol bas­gan­çak­la­ra dyr­ma­şyp, be­lent­li­ge gal­ma­gyň ala­da­syn­da bol­ýar. Haý­sy bas­gan­çak­da du­ran­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, hem­me­le­riň is­le­gi ýe­ne be­len­de gal­mak. Mu­nuň üçin bol­sa güýç-kuw­wat, bi­lim, ba­şar­nyk ge­rek.

Belent boýly ussadym

Türkmençilikde toýa taýýarlykly, sowgat-serpaýly barmak ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän däp-dessur, gymmatly ýörelge. Şygryýetiň, edebiýatyň, Magtymguly Pyragynyň, külli türkmeniň, umumadamzadyň şanly toýuna sowgatsyz gelmek bolsa asla mümkin däl. Şahyryň iň uly açyşy, zähmeti, höwesi — onuň şygry. Şu toýa akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga, onuň döredijiligine bagyşlanan «Belent boýly Ussadym» atly şygyr diwanymy serpaý edýärin. Munda dana şahyrymyza goýýan hormatymy, gymmatymy şahyrana sözler bilen nagyş etdim.

Magtymguly Pyragy

TÜRKMEN BINASY Gurdugym aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr,Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy.

Diýar (Goşgy)

Ýaşyl ýazlaň keşbi siňen baýdagyňa togabym bar,Gül Watanym, seniň bilen geljegime dowamym bar.Goşa kirişde jemlenen bir enaýy owazyň bar,Arkadagyň söýgüsinden gül gujagyň toýdur, Diýar!Arkadagly Serdar bilen ak ýollary aýdyň Diýar. Göwne ganat, kalba ylham, degre-daşyň läle-reýhan,Dünýäň täze taryhynda beýik döwlet, beýik eýýam.Dana Ogul, Siziň aýdan her sözüňiz bagta perman,Arkadagyň söýgüsinden gül gujagyň toýdur, Diýar!Arkadagly Serdar bilen ak ýollary aýdyň Diýar.

Duýguly dünýä

ŞAHYRA Sen ýazarsyň duzly dünýäňÝalan doly hakykatyn.Öwrersiň sazly sözlere,Duýgularyň hakykysyn.Ýöne iller düşünmezler,Diňlemezler,Bilmezlerem.Çünki olar diňe arzan duýgularyň aşygy,Dogra çalymdaş ýalanyň                       gurşunlanan aşygybolar olar.

Şygryýet bossany

WATAN Men seni şeýle bir owadan söýýän,Ýyly demim bilen baýyrlaň bezäp.Goýnuň gülälege bürän bahar deý,Sen ýaşamak üçin iň beýik sebäp.

Pyraga (Goşgy)

Magtymguly, sözle syryň,Setirleriň dogamydyr?Ak kagyza sepen dürüňKalbyňdaky senamydyr? Sözüň — medet, sözüň — ylham,Sözüň — derman, sözüň — melhem,Sözüň — ýarag, sözüň — galkan,Sözüň nan-suw, howamydyr?

Gelnalyjy (Hekaýa)

— «Gyzyl mahmal» tortuny sargyt edäý-dä, ýany bilenem limonad! Bu sözler aýdylan dessine telefon öçürildi. Ýöne öçürilmänkä «taksi» sözünem bärdäki eşidip ýetişipdi.

Şygryýet çemeni

GOŞGY ÝAZASYM GELÝÄR Rugsat alan deýin melekden-hüýrden,Jadyly duýgular gelipdir nirden?Bu gün üýtgeşikmi, nämüçin irdenSen hakynda goşgy ýazasym gelýär.

Ylham joşguny

ÖTÜNÇ Ýaşamaga bahana köp ömrümdeDurmuş maňa sen deý syrly görünýär.Ejem: «Goç ýigidim» diýip öwünse,Kakam maňa pynhan-pynhan guwanýar.

Belent boýly Ussadym

Toýa taýýarlykly, sowgat-serpaýly barmak ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ýörelge. Şygryýetiň, edebiýatyň, Magtymguly Pyragynyň, külli türkmeniň şanly toýuna sowgatsyz gelmek bolsa asla mümkin däl. Şahyryň iň uly açyşy, zähmeti, höwesi — onuň şygry. Şu toýa akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga, onuň döredijiligine bagyşlanan «Belent boýly ussadym» atly şygyr diwanymy serpaý edýärin.

Baky saýaly beýik çynar

Marina MOŽEÝKO,professor. Belarus Respublikasy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda öňem birnäçe gezek bolup, halkara ylmy maslahatlara gatnaşypdym. Bu gezek bolsa akyldar şahyryň Watanyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileý dabarasyna gatnaşmak üçin geldim. «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde agzybirlik taglymaty we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» («Идея единства в творчестве Махтумкули Фраги и эра Возрождения новой эпохи могушественного государства») atly çykyşymda ussadyň pelsepe hazynasynyň öwrenilişi we dünýä gymmatlygyna öwrülmekdäki geçen ýoly baradaky buýsançly pikirlerimi beýan etdim. Magtymgulynyň şygyrlar dünýäsine seýranymda A.Tarkowskiniň, G.Şengeliýanyň, T.Streşnewanyň, Ý.Neýmanyň terjimeleri ýolgörkeziji boldy.

Akyldaryň belent sarpasy

Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherindäki M.I.Rudomino adyndaky Daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynda şu ýylyň aprel aýynda halkara ylmy maslahaty geçirildi. Bu halkara ylmy maslahatyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Saparberdi Çaryýew we uly ylmy işgäri Amandurdy Nuraýew gatnaşdylar. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň we M.I.Rudomino adyndaky Daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda ýokary derejede geçirilen «Türkmen akyldary, filosofy, şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatyna goşan goşandy» atly halkara ylmy maslahaty döwlet kitaphanasynyň baş müdiri Pawel Leonidowiç Kuzmin alyp bardy. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew çykyş edip, iki döwletiň arasynda ýola goýlan diplomatik, medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylyşy, bu babatda Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer garaýyşlarynyň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Kalplardan orun alan gymmatlyklar

Halklaryň, ýurtlaryň ykbalynda özgerişlik döredýän seneler, ýyllar bolýar. Biz ykbalymyzy gülzarlyga öwren ýyllaryň hatarynda 1992-nji ýyly hemişe buýsanç duýgularyna gaplanyp ýatlaýarys. Sebäbi şol ýylyň 19-njy fewralynda Garaşsyz Diýarymyzyň asuda asmanynda ýaşaýşyň ýaşyl reňki siňen Döwlet tugumyz pasyrdap başlady. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda bolsa bagtyýarlyk namamyz bolan esasy Kanunymyz — Konstitusiýamyz kabul edildi. Bu günki gün, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir il-ulsumyz döwletliligimiziň, bagtyýarlygymyzyň, agzybirligimiziň nyşany bolan Döwlet baýdagynyň we Konstitusiýamyzyň gününi bir günde baýram edýär. Halklaryň, ýurtlaryň taryhy barada söhbet açylsa, döwletlilik, tug, kanunçylyk ýaly düşünjeler gürrüňiň özenini düzýändir. Sebäbi bu sözleriň ählisi-de Watan düşünjesi bilen manydaş. Olar uzyn taryhyň dowamynda Watan düşünjesi bilen bir bitewülige öwrülip gelipdir. Şonuň üçinem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmeginde uly many bar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu baýramçylygyň dabara-şany has-da üýtgeşik. Çünki bu baýramda belentden ýaňlanýan aýdymlarda, ýüreklerden joşup çykýan gutlag sözlerinde beýik Pyragynyň berkarar döwlet hakyndaky arzuwlarynyň owazy bar.

Döwletlilik nyşany

Baýdak — her bir ýurduň halkynyň köňül röwşeni. Her ýurduň baýdagynyň öz taryhy, geçmişi bar. Baýdaklaryň ölçeginde, reňkinde, ýüzündäki şekillerde halklaryň medeniýeti, taryhy ýoly, ýörelgesi, däp-dessurlary, dini ynançlary öz beýanyny tapypdyr. Taryha nazar aýlanymyzda, ata-babalarymyzyň ak, ýaşyl reňkli tuglarynda ýarym Aý, ýyldyz, ok-ýaý, aždarha, bürgüt, ýolbars, böri ýaly şekilleriň orun tutandygyny bilýäris. Şonda ýarym Aý bilen ýyldyzlaryň baýdaklarymyzda hemişe diýen ýaly bolandygy bellärliklidir. Gadymy nyşanlaryň biri bolan ýarym Aý we ýyldyz Türkmenistanyň çäginde bürünç asyryndan bäri belli bolupdyr. Muňa Marguşdan tapylan ýarym Aýda üç kelleli aždarhadyr ýylanyň şekili ýerleşdirilen möhürleriň we Altyndepeden tapylan maňlaýy pöwrize daşyndan ýasalan ýarym Aý şekilli öküziň şekiliniň tapylmagy hem şaýatlyk edýär. Parfiýa döwletiniň şaýy pullarynda-da bu şekil gabat gelýär. Ondan bärki döwürlerde-de biziň topragymyzyň üstünde gurlan döwletleriň pul birliklerinde ýarym Aýdyr ýyldyzlaryň şekili hemişe diýen ýaly bolupdyr. Osman imperiýasynyň döwlet baýdagynda-da ýarym Aýdyr ýyldyz şekilleri orun tutupdyr. Olar ilkibada ýaşyl baýdagyň astynda dünýä ýörişine başlan-da bolsalar, soňra olaryň tugy gyzyl reňke öwrülýär. Zeminiň üç yklymyna hökümdarlyk edýändikleriniň nyşany hökmünde olaryň baýdagynyň ýüzünde üç sany ýarym Aýyň şekili ornaşdyrylýar.

Kyýamatlyk dogan (Hekaýa)

Magtymguly Şirgazy medresesinden yzyna gözleý-gözleý gaýtdy. Şäher derwezesinden çykyp, türkmen obalaryndan, magryp tarapky gyşlaklardan bazara gelip, yzyna howlugyşyp, sozanguýruk bolşup ýören mähellä goşuldy. Ädimini gataltjak boluberende, deňine biri ýetdi. — Byradar, egniňdäki horjunyňy taýlap goýber, şu gaňňanyň üstüne. Söwdany bitirýänçäk, kerwensaraýyň teblehanasynda garnyny gaýym doýran bu eşek sähel bahana tapsa, jyrtlajak bolup dur. Seň-ä ýüküň ýeňlär, sähel agramam munuň myrtarlygyny azaldar.

Şygryýet

Paýhas dagy Daň atdy, oýanyň, turuň, adamlar!Köpetdaga tarap ýörüň, adamlar!Serediň adamlar, görüň adamlar!300 ýaşly bir şahyr bar bu ýerde,Boýam daga deň şahyr bar bu ýerde.

Magtymguly we edebi dil

Dil — Taňrynyň ynsana eçilen iň gymmatly peşgeşi, ata-babalarymyzyň durmuş tejribesini, akyl-paýhasyny özünde saklaýan gymmatly hazyna. Dil — nesilleri baglanyşdyrýan köpri, aňyýeti ösdürmegiň, edep-terbiýe bermegiň, jemgyýetde sazlaşyk döretmegiň möhüm serişdesi, ynsan üçin ruhy iýmit. Türkmen dili öz gözbaşyny Oguz handan alyp gaýdyp, ähli türki dilleriň esasyny düzýär. Şoňa görä-de, ol türki halklaryň ählisine düşnüklidir. Her döwrüň edebi diliniň halkyň ykdysady, medeni derejesine laýyk aýratynlyklary bolýar. Meselem, Ýusup Balasagunlynyň «Kutadgu bilik» eseriniň dili Aly şahyryň «Kyssaýy-Ýusup» eseriniň dilinden, Ýunus Emräniň, Rabguzynyň, Nesiminiň, Wepaýynyň eserleri-de dil taýyndan tapawutlydyr.