"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Nurgeldiniň kepderisi (Hekaýa)

Nurgeldi ol günem ir oýandy. Ýuwnup-ardynyp, irki maşklaryny etdi. Soň ýene bir ýola ellerini sabynlap ýuwdy-da, saçak başyna geçip, ertirlik edindi. Oglanjyk dynç günlerinde öý-hojalyk işlerini edip, ene-atasyna kömekleşmegi halaýardy. Ýene şol endigi boýunça, daşaryk çykdy-da mallaryna ot, towuklara iým berdi. Birdenem, mal ýatagynyň ýanyndaky erik agajynyň şahasynda çyrpynýan guşjagaza gözi düşdi. Nurgeldi çakganlyk bilen agaja dyrmaşdy. Görse, ganatlaryny ýelken ýaly ýazan kepderijigiň aýagy inçe şahalara çolaşan eken. Ol janhowluna pytyr-pytyr edýärdi. Oglanjyk kepderini alyp, ýere düşdi-de, ejesiniň ýanyna ylgady. Şol barşyna aýasyndaky guşjagazy görkezip: — Eje, eje, bu kepderijige seret, ol indi meniň guşum, men ony öýde idetjek — diýdi. Selbi gelneje ýaňy per biten kepderijigi siňe synlap, Nurgeldä şeýle diýdi:

Hoşallyk (Hekaýa)

Bir gün babamlaryň howlusynda oýnap ýörkäm, sekiniň üstüne guşuň çagajygy patlap gaçdy. Ol sekä kölege bolsun diýip, babamyň eken tudundaky höwürtgeden gaçypdyr. Şol pursadam bir ýerlerden pişik geldi-de, ýaňky etene guşjagazy alyp gitmekçi boldy. Menem pişige haýbat atyp başladym hem doganym Ýagmyry çagyrdym. Ene guşjagaz jüýjesini gorajak bolup jan edýärdi. Pişik welin, örän arkaýyndy. Ahyry, Ýagmyr meniň sesimi eşidendir-dä, ylgap geldi. — Eneş, näme boldy?

Kitap bolsun baş dostuň...

Eziz çagalar, siziň kitap bilen tanyşlygyňyz ertekidir hekaýalardan başlanandyr. Siz kitap arkaly dünýä akyl ýetirmäge, ýatkeşligiňizi ösdürmäge, kiçijik sowallaryňyzy çözmäge çalyşýarsyňyz. Ýazyjylar siziň üçin niýetlenen kitaplara öz dünýägaraýşyny siňdirip, çagalaryň düşünjesini ulularyň dünýäsi bilen ýakynlaşdyrýarlar. Çagalar dünýäsini nazarlaýan şol eserlerde many çuňlugyna ýaşyň ulaldygysaýyn akyl ýetiriljek pelsepewi pikirlere hem duş gelmek bolýar. Biz türkmen we dünýä çagalar edebiýatyna degişli bolan meşhur ertekilerden, hekaýadyr goşgulardan çuňňur mana ýugrulan jümleleri saýladyk we olary size ýetirmegi makul bildik. Eziz çagalar, eger bu jümleleriň alnan eserleriniň käbiri siziň üçin nätanyş bolsa, onda sizde şol kitaplary okamak höwesiniň dörejekdigine berk ynanýarys. Süýji bolýar ekip iýseň, maňlaý deriň döküp iýseň! (Kaýum Taňrygulyýew, «Igde»).

Ýyldyz

Enn we Jeýn Teýlorlar,iňlis ýazyjylary Ýaldyra, ýaldyra, kiçijik ýyldyz,Seniň nämedigiň meniň üçin syr.Dünýäň depesinden — beýikden garap.Göýä, gök Asmanyň göwher daşy deý.

Ýapon nakyllary

Gepiň gutaran ýerinde iş başlar. * * *

Ýamak (Hekaýa)

Nikolaý Nosow,rus ýazyjysy. Bobkanyň biçak gowy balagy bardy. Ol ýaşyl, has dogrusy, çalymtyl ýaşyl reňkli. Bobka balagyny örän gowy görýärdi hem-de mydama öwünýärdi.

Şygryýet älemi

ÝAŞASYN ENE! Zemin zenan bilen owadan, meger,Gözelligne jümle-jahan baş eger,Şirin jandyr – syzar, gözüňdir görer,Diýýäs öwran-öwran gaýtalap ýeneÝaşasyn ene!

Watan hakynda aýdym

Watan meniň gursagymda aýdymdyr,Şirindir, şekerdir owazy jana. Sözlän çagym zybandaky beýdimdir,Ýogsa sözler nirden gelsin dahana?! Synmaz ylham berýän, joşguny barka,Kimse şahyr bolman neýlesin onsoň.Owal eždatlardan arkama-arka,Şygyr älemine nikaly bolsaň...geler Watan hakda aýdym zybana,Her-haçan galamy eliňe alsaňOnuň her bölegin setire salyp,Öwürip dessana ýaýsaň jahana.

Mäşirik

Mähriban çagalar, siz «mäşirik» diýen sözi eşidipmidiňiz? Mäşirigiň nämedigini bilesiňiz gelýärmi? Özüm-ä çaga wagtlarym bilmeýän zatlarymy ejemden, enemden soraýardym. 8-9 ýaşlarymdadym. Bir gün teleýaýlymda filme tomaşa edip otyrdym. «Keçpelek» kinofilminiň baş gahrymany Maralyň ejesiniň: «Maral jan ýag iýip, ýüpek geýer» diýip, iki ýana ik tigirläp oturyşyny görüp: — Eje, enem ik egrende başga hili egirýärdi-le, onuň ýaly edibem ýüp egirseň bolýarmy?— diýip sowal berdim. Ejem:

Bedene bilen awçy (Basnýa)

Depe, golda, dag içinde,Al öwüsýän bag içinde. Bir awçy aw eder eken,Her gün awa gider eken.

Şygryýet älemi

Ak mermerli Aşgabat Ak zat ýagşy alnyňa,Ak mermerli Aşgabat.Şuglasyň ykbalyma.Ak mermerli Aşgabat.

Synag (Italýan tymsaly)

Bir ýurduň patyşasy wezirine baýramçylyk dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, oňa ýurduň ähli künjegine aýlanmagy we dost-ýarlaryny çagyrmagy tabşyrypdyr. Buýrugy eşiden wezir haýal etmän ýola düşüpdir. Ol patyşalygyň ähli köşkdür galalaryna aýlanyp, patyşanyň dostlaryny däl-de, duşmanlaryny çagyryp çykypdyr. Baýramçylyk güni ýetip gelende patyşa dostlaryny mübäreklemek üçin meýlise barypdyr. Görse, ähli duşmanlary üýşüpdirler. Olary gören patyşa gahar-gazapdan ýaňa sandyrapdyr. Ol weziri ýanyna çagyryp, munuň sebäbini sorapdyr. Paýhasly wezir bolsa: — Siziň dostlaryňyz ýylyň islendik wagtynda ýanyňyza gelip bilýärler we siz olary elmydama güler ýüz bilen garşy alýarsyňyz. Emma tötänden duşmanyňyz bilen gabatlaşanyňyzda bolsa, siziň ýüzüňizi gam-gussanyň we gahar-gazabyň gara bulutlary büreýär. Şonuň üçin hem baýramçylyk dabarasyna men siziň duşmanlaryňyzy çagyrdym. Goý, olar siziň güler ýüz bilen garşy alýandygyňyzy we özleri üçin ajaýyp toý meýlisiniň guralandygyny görüp, siziň dostuňyza öwrülsinler — diýip, jogap beripdir.

Zehin soraglary

Iki belgili san Oglanjyk iki belgili sany ýanaşyk goýup, dört belgili san görnüşinde ýazdy we yzyna-da 0-y goşdy. Emele gelen bäş belgili sandan ilkibaşdaky iki belgili sany aýyrdy. Netije 45 405-e deň boldy. Oglanjygyň ilkibaşda saýlan iki belgili sany näçedi?

Tapmaçalar

Belent daglarymyz,Saýýarys galkan.Syrly Köýtendag,Köpetdag, ... Ýaşajyk daýhan,Aşyr bilen Şir.Ýetişdirdiler,Kelem hem ...

Guruň!

Gurbannazar EZIZOW,Türkmenistanyň halk ýazyjysy.   («Meniň neslim» poemasyndan)

Söýmüşem seni (Hekaýa)

Magtymguly ukynyň tüýs süýji mahaly gözüni ýalpa açdy. Ol nämeden tisginip oýanandygyna düşünmedi. Başyny çalarak galdyryp, daş-töweregine göz aýlady. Daňdanyň ümüş-tamşynda olaryň öýleriniň ep-esli daşragyndaky ýorunjalykda otlap ýören ak atyň höwrüni küýseýän ýaly owadan kişňeýşine, gapdalyndan zybyrdap geçen pişige «howandarlyk» etmek üçin hasanaklap yzyndan ylgan Alabaýyň howatyrly üýrüşine, ýatakda daňylgy duran sygyrlarynyň gölejigini küýsäp molaýşyna diňşirgenip, bütin obanyň herekete girişine guwanmakdan buýsançly ýylgyrdy. Süýji ukusyndan ýaňa bedeni gurşup giden Magtymgulynyň eýlesine-beýlesine öwrülip, ýene-de az salym irkilesi geldi. Emma mähriban obasynyň barha janlanýan hereketi ukusyna maý bermedi. Ol haýallyk bilen ýerinden turdy. Daşary çykdy. Eýýäm-haçan sary sygryndan alan ak süýdüni gazana ataran enesine salam berdi.

Rowaýatlar — durmuşyň aýnasy

Mähriban Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda Gündogar dünýäsinde sözüň piri hasaplanýan aryf-akyldar hakynda söz açyp: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr» diýip, jaýdar belleýär. Magtymgulynyň ylhamynyň joşup, adynyň arşa galmagynda onuň maşgala terbiýesinde mährem käbesiniň, ýeňňesiniň, şeýle hem uýasydyr göwün beren gyzynyň durmuş ýörelgesiniň uly täsiriniň bolandygy bellidir. Muny beýik akyldaryň şygyrlary, garaýyşlary, olar hakda döredilen halk rowaýatlary doly tassyk edýär.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň

hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda «Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygydyr» ady bilen yglan edilen bäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça tapgyry geçirildi. Bäsleşik «Bagt köşgi» dabaralar merkezinde geçdi. Ene-mamalarymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp, biziň günlerimize ýetiren milli ýörelgeleri, asylly däp-dessurlary bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şeýle bolansoň, bäsleşige gatnaşyjylar milli däp-dessurlarymyzyň özboluşlylygy, halypa-şägirtlik ýoly, türkmen myhmansöýerligi, dost-doganlyk gatnaşyklary, medeni gymmatlyklarymyzyň sarpalanyşy, taryhy şahsyýetler baradaky gyzykly rowaýatlary, ýatlamalary çeper beýan etdiler.

Ogulboldy ÇOPANOWA

Watan Sagyňda Köpetdag, soluňda Köýten,

Söýgi hekaýaty (Çeper kyssa)

Demir ýol menzilinden ugran otly birsydyrgyn ses edip, paýtagta tarap ugur aldy. Men küpedeşim Aýgözeliň ykbal öwrümlerini külterläp oturyşyny ýolboýy diňläp gelýärin, diňledigimsaýy onuň arassa söýgüsine, zenan wepadarlygyna haýran galyp, aňyrsyna çykyp bilemok. Onuň çirksiz duýgulary, söýgä bolan arassa garaýyşlary, mertligi, galyberse-de, Aýgözeliň söýgüsiniň taryhy meni dörediji adam hökmünde biparh goýmady. Şonuň üçin bu hekaýaty okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildim. — Men: «Hak aşyklar biri-birine gowuşmaýarmyş» diýseler, asla ynanmaýardym. Bu aýdylanlar diňe dessanlarda bolýandyr diýip, pikir edýärdim. Men hakyky söýgi «Zöhre—Tahyr, «Leýli—Mejnun», «Gül—Bilbil» ýaly dessanlarda bolýandyr diýip düşünýärdim. Söýgi diýen belent duýgynyň ýaşyň islendik wagty hem döräp bilýändigine welin, asla ynanmaýardym. Men iň gowusy, özümiň durmuş ýolumda, ýagny kalbymyň eýesi bolup, ýüregimiň bir bölegine ornan söýgimiň dessanlardakydan-da has ezýetli bolandygyny gürrüň bereýin.