"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Şygryýet bossany

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany Uýýas Arkadagyň paýhas-pendine,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.Eçilýär rysgalyn oba-kendine,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Şygryýet bossany

Arkadagly watanda Nesibäm bu, beýik Taňryň peşgeşi,Goýnuňda doguldym, gördüm eşreti,Hut sensiň kalbymyň ylham çeşmesi,Bagtyýar biz Arkadagly Watanda.

Şygryýet bossany

Watan Ähli zady ýerbe-ýer — Sahawatly, seýranly,Ata-baba mekanym —                                      imanymdyr bu Watan.Siňe baksam ýatladyp dur käbäm bilen kyblamy,Ata Watan, ene toprak diýýänimdir bu Watan.

Şygryýet bossany

Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde Arkadag paýhasy dünýä ýaýyldyGaraşsyzlyk ýyllarynyň içinde.Taryh altyn harplar bilen ýazyldyGaraşsyzlyk ýyllarynyň içinde.

Şygryýet bossany

Ýitmek üçin gelinmeýär Men bir yşkymyň ýesiri, hiç kimsäge ýok gargyşym,Artyk şatlyk, gussamam ýok, goşgulam ýalňyz syrdaşym,Eser ýazýas, ýöne welin, goly galamly gardaşym,Şygryýetiň dünýäsine gitmek üçin gelinmeýär.

Şygryýet bossany

Bagtymyzyň binýady Arzuwydyr atalaryň ezeli,Garaşsyzlyk bagtymyzyň binýady.Ýaşyl Baýdagymyz parlar ebedi,Mähriban halkymyň şany-şöhraty,Garaşsyzlyk bagtymyzyň binýady.

Ýylgaý DURDYÝEW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy

GOŞA BAHAR GELSE... Sahawatly ýerim, eziz höwürtgäm,Uzak ýaşar suwuňdan bir owurtlan,Säher bilen seň howaňy ýuwudýan,Jemalyňa dünýäň geň galan wagty.

Tüýtätinler

Irki döwürde Nowruzda ýazlaga çykan gelin-gyzlar, ýaş ýigitler döwre gurap tans edip, tüýtätin aýdypdyrlar. Ýaşajyk oglan-gyzlar bolsa elleri torbaly öýme-öý aýlanyp, tüýtätin sanawajyny aýdypdyrlar. Her baran öýi çagalara öňünden taýýarlanyp goýlan künjüli gowurga, patrak, gurt, igde, kak, sök, guradylan önümler beripdirler. Şonda çagalar özlerine düşen zatlary deň paýlaşyp iýipdirler. Bu edil ýaremezan bentleriniň aýdylyşyny ýatladýar. Şonuň üçin hem, tüýtätin bentleri TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynda gabat gelýän hem bolsa, häzirki döwre çenli ýaremezan bentleriniň arasynda öwrenilýär. Emma bularyň arasynda uly tapawut bardyr. Bu bentler ýaz aýlarynda, halk köpçüliginiň ekişe taýýarlanýan döwürlerinde edil ýaremezanlaryň aýdylyşy ýaly, ýöne Alladan ýagmyr dilemek maksady bilen aýdylan dileg aýdymlarydyr. Bu bentler ylmy taýdan derňelip görlende, halkymyzyň söze çeperliginden, öz ýaşaýyş-durmuşynda gabat gelen ähli zatlar barada söhbet açyp, jadyly söz arkaly geljekki nesillerine ýetirmek islänliginden habar berýär. Tüýtätin aýtmak dessury, käbir ýerlerde (Tejen etraby, muňa institutyň hazynasynda saklanylýan bukjalarda gabat gelindi. — G.Y.) «çemçe gelin» dessury diýlip hem atlandyrylypdyr. «Gurakçylyk dowam edende ýagyş ýagmagyny islän çarwa aýallar we gyzlar Nowruzda bir ýere üýşüpdirler. Aýallaryň biri yrym ed

Durmuş düwünçeginden

Ynama girseň, üç bükdürilip işilen, towy ýeten berk ýüp ýaly bolarsyň. Ynamdan gaçsaň, tüweleý tozadan peşmege öwrülersiň. *  *  *

Gara Seýitliýew

Daň şemaly Daň şemaly öper, oýnar zülpüňi,Men oýnasam: — Sen oýnama — diýýärsiň.Daň şemaly topar oýnar zülpüňi,Taryn öpsem: — Sen aýnama — diýýärsiň.

Duýguly dünýä

MART GELSE... 1

Şygryýet bossany

DIÝME Sataşamda has haýdasa ädimim,Mähribanym: «Biraz eglen, dur!» diýme.Gözgyny pursada aglasa asman,«Bu ýagyş däl, Zemin üçin nur!» diýme.

Şygryýet çemeni

KÄBÄM Dünýä gelip,Gözüm açyp,Gujagyňa doldum, käbäm!Ýylgyrsam ýüregiň giňäp,Aglamda gyýyldyň, käbäm!Ençe gardan-ýagyşlardan,Sowuk sözden, bakyşlardanGoradyň bir pursat durman,Şol günler dolansa, arman...Uzakda galypdyr ýyllar,Ýöne her niçigem bolsa,Ençe ýol geçenem bolsa,Ýatlamalar kalby ýyldar.

Bir owuç şemal (Gündelikden)

HOSIÝAT RUSTAM, Özbegistanyň «Kitob dunyosi» gazetiniň baş redaktory. TIZ BOL, ÝER ŞARYNDAN ÇYKYP GIDÝÄRIS…

Paýhas eýesi pyragy

Milli gymmatlyklarymyza, medeni hem-de edebi mirasymyza uly hormat goýýan we olary bütin dünýä ýaýmak ugrunda tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belläp geçmek baradaky başlangyçlary hem-de Köpetdagyň belent gerşinde akyldaryň ýadygärliginiň bina edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bir supranyň başyna jem bolan halkymyzyň kalbyny buýsanja besledi. Çünki Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda türkmeniň durmuş pelsepesini halka düşnükli dilde beýan edip, ýokary ahlak ýörelgeleriniň milli mekdebini kemala getiren beýik akyldardyr. Bu günki bagtyýar zamanamyzda Magtymguly Pyragynyň paýhas ummany, dürdäne döredijiligi her bir ynsan, aýratyn-da, ýaş nesil üçin nusgalyk terbiýe mekdebidir. Akyldar atamyz öz döredijiliginde gaýratlylyk, sahawatlylyk, halallyk, päklik, lebzihalallyk, dosta wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeleri tekrarlaýar. Şahyryň şygyrlary ynsan durmuşyna ruhy güýç goşýar. Olarda öňe sürülýän pikirler durmuşymyzda ahlak ýoluny arçaýar. Magtymgulynyň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýän, adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, oňa estetiki lezzet berýän eserler milli terbiýäniň esaslaryny emele getirýär.

Watan serhetden başlanýar

Hawa, Watan başlanýar hut serhetden,Şu serhetler eltýär halal ojaga.Göze sygmaz giňişlige seretseň,Basaýasyň gelýär ýurdy gujaga. Serhedi goramak — goramak ýurdy,Goramakdyr topragyňy, iliňi.Şadyýanlyk çogýar serhetlermizden,Watan mähri söýgi bilen birigip.

Sarpaly sargyt

(hekaýa) Toýly aga sakgaldaşy Pirnepes aganyň gelenine örän begendi. Aslynda, onuň özi hem şu hepdäniň içinde onuň ýanyna baryp, gök çaýyň başynda öten-geçenleri ýatlaşyp gaýtmagy ýüregine düwüp otyrdy. Adam çagalykda bile oýnan, ýigitlikde bile tirkeşen, bu günki güne çenli gatnaşyp gelýän adamsyny görende, iň bir ýakyn hossaryny gören ýaly bolýar. Toýly aga dostunyň gelenine begense-de, onuň ýüzünde bir ünji-aladanyň bardygyny soraman aňdy. Ýöne şonda-da dostunyň habaryny almaga howlukmady. Halynyň üstünde saçak ýazyldy. Dürli-dümen süýji-kökeler bilen goşa çäýnek demlenip saçaga gelensoň, çaý başynda mesawy gürrüň başlandy. Öňi bilen, hemişe bolşy ýaly öý-içeri, maşgala ýagdaýlary barada aýdyşdylar, soňra gürrüňiň gerimi oba arasyndaky täzeliklere ýazdy. Aýlanyp-öwrülip, ahyry Pirnepes aga özüni ünjüli görkezen meseläniň üstünden düşdi:

Sen çölüň

Pasly-baharlarda seýrana gitsek, Tükenmez ýollaryň bardyr, sen çölüň!

Hoja Batyryň degişmeleri

Asyl, boýagçy diýlip ýazylypdyr Şordepe obasynyň ýaşaýjysy Kakageldi ir wagt Watan gullugyna gidende ilkinji hatyny öýlerine ýollapdyr. Ejesi hat getiren ýigide haty okap bermegini haýyş edipdir. Hatda şeýle ýazylypdyr: “Salam! Eje, kaka! Sag-aman oturanmysyňyz, goňşy-golamlar saglykmy? Meň adymdan salam aýdyň. Menem oňat gulluk edip ýörün. Ýaňy-ýakynda maýor bolup işe başladym. Bolýar onda, sag oturuň”.

Tarhan

Bu söz barada „«Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň” 387-nji sahypasynda: „ 1. Orta asyrlarda käbir türki halklarda salgyt ýeňilliklerinden peýdalanýan adam. 2. Islegine görä hereket etmäge, ýaşamaga hukuk gazanan adam” diýlip düşündiriş berilýär. Tarhan, görkezýän hyzmatlaryndan daşary agras, akylly, giňgözýetimli, sypaýy, dana, okumyş adam bolmaly eken. Özüne edilýän hormat-sylagy göternip bilmän meslik, ýeňleslik, öwünjeňlik bilen pul sowurtlap, gomparyp, nädogry hereket edip, gözdençykgynç boluberse, ony ýaňsa alyp „«Pylany tarhandöker» diýilýän eken. W. Ýançewskiniň Çingiz han, Baty han barada ýazan kitaplarynda tarhanlara mertebesine görä ýüzüne gaplaň, bürgüt şekili çekilen agaç, mis, kümüş, altyn paýza — tarhanlyk nyşany berilýän eken.