"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Lukmanyň häsiýeti nähili bolmaly?!

Lukman öz häsiýetine görä, akyl-paýhasly, sypaýy, hoşgylaw hem ynsanperwer bolmaly. ***

Rubagylar

Ak urpakly mele çölümdir Watan, Onuň bilen birdir bu janym, bu ten.

Hoja BATYRYŇ degişmeleri

GANT BILEN ÇAÝ IÇÝÄN Ir döwürlerde Han däde pahyr irden işe gitjek bolup durka, gelnejemiz Han dädä ýüzlenip:

ÄLEME ÝALKYM SAÇAN ÝYLDYZLAR

Edebiýat älemindäki ýalkym saçýan ýyldyzlaryň içinde käbir tarapdan meňzeşligi bilen, özgelerden saýlanýan iki sany nurana ýyldyz bar. Olar bolsa türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy bilen, Russiýanyň beýik şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkindir. Olaryň käbir garaýyşlarydyr eserlerindäki özara meňzeşlikleriň täsinligi seni özüne çekýär. Magtymguly Pyragy öz adynyň ilden-ile, dilden-dile düşüp ýazan eserleri bilen ebedi ýaşajakdygyny goşgularynyň dürli setirlerinde welilik bilen aýdan bolsa, ol barada A.S.Puşkin hem “Ýadygärlik gurdum” ýa-da, “Meniň epitafiýam” ýaly goşgularynda özüniň unudylman gaýta Russiýada we ondaky özge halklaryň dilinde-de gepbaşy bolup ýatlanjagy aýdylan. Magtymgulynyň “Turgul diýdiler” atly goşgusy bilen, Puşkiniň “Pygamber” diýen goşgusy has hem meňzeş mazmunda ýazylan. Olaryň ikisi hem özleriniň asmana äkidilşi we özlerine Alla tarapyn ylham berlip, hakdan halatly boluşlary barada ýazypdyrlar. Bu iki eser örän täsin.

Halkyň hazynasyndan

GOŇŞULAR Ýaz geldigi babama kömekçi bolup, ekin meýdanyna gämige gatnaýarys. Çöl tarapdan öwüsýän päkize şemal, ýaşyl begres geýen meýdan, öz dilinde bir zatlar gürrüň berýän torgaýlar göwnüňi göterýär.

«Magtymguly - söz ummanynyň ägirdi» atly bäsleşige

Hakyň bize sary nazar saldygy,Magtymguly – söz ummanynyň ägirdi.Şygryýet älemniň baky ýyldyzy, Magtymguly – söz ummanynyň ägirdi.

Magtymguly sözlär tili türkmeniň

Gudrat görjek bolsaň, daglara bar diýleni. Halkymyz tebigatyň bezegi bolan örküç-örküç daglaryň hakyň keramatyndan dörändigine tüýs ýürekden ynanýar. Ýöne şol daglaryň keremine kerem, gözelligine gözellik goşmak ynsanyň paýhasyna bagly. Daglaryň ykbalyny, halkyň ykbalyny özgerdip bilýän ynsan bolsa edil şol gojaman daglaryň özi kimin beýik, halkyna, il-gününe, ýurduna berlen ynsan bolmaly. Owal-ahyr şeýle beýik ynsanlary, taryhy şahsyýetleri döreden gadymy hem-de müdimi halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýene bir beýik işi bilen dünýä nusga bolmagy başardy. Ol hem Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda kükräp gelen baharyň nurana günlerinde, has takygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň toýlanýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda merjen paýtagtymyzyň iň gözel künjeginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de beýik türkmen şahyrynyň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy boldy. Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen

Narmyradyň bagy (Hekaýa)

Täze jaýa göçüp gelenimize özümizem begendik welin, hemmämizden köp begenen kakam boldy. Her bir otaga girip, esli salym synlap: «Tüweleme, bolawersin, nesip etsin!» diýip gaýtalaýardy. Ol derrew oba gidip, jaýymyzyň daş-töweregine miweli, saýaly nahallary oturtmak bilen boluberdi. Nahal oturtmaga menem kömekleşdim. Köçe tarapymyza arça, ak söwüt, tut ýaly saýaly baglaryň nahallaryny, howlyň içindäki ýerimize bolsa erik, alma, armyt, üzüm nahallaryny oturtdyk. Ataly-ogul bolup günortana çenli işläp, bag oturtmak işimizi birýan ýüzli etdik. Onsoň günortanlyk edinmäge oturdyk. Adam garrasa, çaga ýaly bolýar diýýärler, şol dogry bolmaly. Şu öýe göçüp gelelimiz bäri kakamyň keýpi kök. Häzirem çaý başynda: — Şuny oňardyk, ine, aňyrsy üç-dört ýyldan nahallar ýetişip, miwe berip başlar. Saýasynda oturyp, çaý içeris. Özem men bu erik, alma, armyt, üzüm nahallaryny ýörite Narmyradyň bagyndan saýlap alyp gaýtdym. Ynha, görersiňiz, iri-iri tagamly erikleri bolar — diýip, kakam öz eden işinden kanagatlanýandygyny aýtdy.

Şygryýet älemi

Dillerde dessanymyz Magtymguly Pyragy — beýik akyldar, dana,Dürdäne eserleri — dillerde dessanymyz.Millilige ýugrulan goşgulary manyly,Paýhasyna sygynyp, ýürekden okanymyz.

Buýsançnama

Milli ýolumyz ýöredip,Dünýä ýüzüne tanadyp.Täze eýýamy döredip,Beýik ymaratlar gurýas.Diňe, diňe öňe barýas, Arkadagly Serdar bilen. Il-gün, halkymyz bagtyýar,Bagtly günlere guwanýar.Ertirine ynamy bar,Agzybirlige daýanýas.Diňe, diňe öňe barýas,Arkadagly Serdar bilen.

Akyldar şahyryň belent sarpasy

Ösüşiň röwşen ýolundan bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň her güni toýdur baýrama, şatlykly günlere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň danasy, söz sungatynyň zergäri, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy halkara derejesinde bellenilýär. Bu günki günde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhda yz goýan beýik şahsyýetleriň döredijiligini öwrenmäge, edebi mirasymyzy wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujy, görnükli söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy belentden tutulýar. Çünki akyldaryň eserleri ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda ynsanperwerlik, umumadamzat gymmatlyklaryny kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, ýol görkeziji şamçyragdyr.

Duş gelen dileg

(Hekaýa) — «Salamälik» diýip, işikden sag aýagy bilen ätläp, içeri giren Aýperi eje sözüne dowam berdi. — Magtymguly jan, sag-aman oturanmysyňyz, içerleriňiz hem saglykmy? Döwletmämmet ahun-da tendarmydyr? Ýanyňa göni gelşim boldy. Ynha, saňa arzymy aýdanymdan soň, ahun atamyzyň-da huzuryna barmakçy. Weý, heý-de aýagym bilen bu ýere gelenimden soň, il kethudasy bilen Taňry salamyny alyşmasam, gelşiksiz bor-a, hawa, utançly borun.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligine buýsanç

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň uly dabaralara beslenmegi halkymyzy buýsandyrýar, begendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bu günki gün dana şahyryň baý edebi mirasyna tutuş dünýäde gyzyklanma artýar. Türkmen halkynyň kalbynda, aňynda ata Watanymyzy, ene topragymyzy söýmegiň, oňa wepaly bolmagyň beýik nusgasy, terbiýeçilik mekdebi bolan akyldar şahyrymyzyň eserleriniň her bir setiri çuňňur many-mazmuna eýlenendir. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy nukdaýnazardan çuňňur öwrenmek boýunça işler barha rowaçlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ähli arzuw-islegleri hasyl boldy. Magtymguly Pyragy — Watany söýmegiň beýik nusgasy. Şahyr hemişe Watan hakyndaky oý-pikirler bilen ýaşapdyr. Watana bolan çäksiz, gyzgyn söýgi, uly buýsanç Magtymguly Pyragynyň goşgularynda belent owaz bilen ýaňlanýar. Şeýle mähirli garaýyşlar bilen hem ol il-ýurdunyň abadançylygyny, bagtly, gözel durmuşda ýaşamagyny, ähli islegleriniň rowaçlanmagyny arzuw edipdir. Şahyryň eserleri häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmän, biziň üçin terbiýe mekdebi, ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Çünki beýik akyldar, Gündogaryň

«Keý­mir kör» bi­len ta­na­lan

...Ynsan hakydasy ýyllar geçdigiçe könelmek bilen, emma durmuş ýoluňda duz-emek bolan, gatnaşan ýagşy adamlaryň mährem keşpleri, olar bilen eden söhbetleriň soň-soňlaram kalbyňa ýylylyk, göwnüňe tereňlik berýär. Halypa ýazyjylarymyň biri hakynda başardygymdan söhbet açmak üçin ýarym asyrdan gowrak geçilen durmuş ýoluma nazar aýlaýaryn. Zähmet ýolumyň galapyn «Edebiýat we sungat» gazeti bilen bagly bolmagy aýratyn ýakymly. 1993-nji ýylyň dekabryndan 2000-nji ýyllaryň başlaryna çenli ilki korrektor, soňra habarçy bolup işlän döwrüm «Edebiýat we sungat» gazetiniň «Jennet» bazarynyň garşysyndaky köne Metbugat öýünde ýerleşýän redaksiýasy men-men diýen ýazyjy-şahyrlaryň, edebiýatçylaryň häli-şindi gelip-gidýän mekanydy. Olaryň hatarynda ýazyjylar Berdinazar Hudaýnazarowy, Ýylgaý Durdyýewi, Sapargeldi Annasähet Iner ogluny, taryhçylar Berdimyrat Garabaýewi, Mämmetdurdy Annagurdowy we gaýry ençeme ägirtleri görmek, gürrüňlerini diňlemek bagty miýesser etdi.

«Arşa galdyň, şahyr, Arkadag bilen!»

Magtymguly atamyzy her bir galam tutýan, döredijilik bilen meşgullanýan adam özüniň ruhy halypasy hasap edýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň döredijiligindäki şahyra bagyşlanan we ýüzlenilen eserleriň mysalynda bilýäris. Iň gymmatly eserdir goşgularyny akyldar şahyra bagyş eden Milli Liderimiz halkyň milli şahyryny we şahyrlaryny sarpalamagyň belent nusgasyny görkezdi. Bu belent sarpa akyldar şahyr bilen bir hatarda, halypa şahyrymyz Gözel Şagulyýewanyň hut özüne-de degişlidir. Çünki «Şahyra üns berýän döwürden-döwrandan aýlanaýyn...» diýýän Gözel Şagulyýewa mydama-da öz çykyşlarynda derýa ýaly joşgunyny döwürden alýandygyny, beýikleriň öňünde başyny egýändigini şeýle setirleriň üsti bilen beýan edýär: ...Elime aldygym besdir,   goýmaryn ony hälä,Saňa hormaty başgadyr Arkadagyň,     Pyragy!

Garaşsyz, Bitarap Watan

Ykbaly çüwen türkmenim toý toýlaýar saçak ýaýyp,Asmanda ak kepderi buşlukçy deý her ýan gaýyp,Bagtdan doly ýüreklere mähir-muhabbetin çoýup,Garaşsyz, Bitarap Watan dillerimde sena bu gün,Agzybir il, parahat ýurt ak ertire rowan bu gün. Bagtlylykdan alamatdyr guşlaň sesne oýanmagam,Ýöne ýerden däldir halkyň Arkadaga daýanmagam,Mert ogul, äriň işidir il bagtyna guwanmagam,Garaşsyz, Bitarap Watan dillerimde sena bu gün,Agzybir il, parahat ýurt ak ertire rowan bu gün.

Ylham ýaýlasy

Gutly bolsun, üç asyrlyk ýaşyňyz! Tirsege gal Pyragy, göwün Arşa galypdyr,Köpetdagyň etegi toý donuny geýipdir,Halypalar jem bolup, seýilgähe gelipdir,Ýigrim dört ägirt bilen, bir jem edip başyňyz,Bu gün Watan toýlaýar, üç asyrlyk ýaşyňyz.

«Alkyş alan derejesi zor bolar»

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenip, ondan çuň many çykarýar. Munuň özi Alym Arkadagymyzyň dana şahyryň pikirlerine uýup, olardan ylhamlanýandygyny aňladýar. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Alkyşyň manysy» atly bölüminde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Alkyş alan derejesi zor bolar» diýen setirlerini ýörelge edinýär. Bu ýöne ýerden däldir. Çünki dana Pyragy çeper döredijiliginiň üsti bilen ynsanlaryň ýagşylykda ile özün tanadyp, il-günüň alkyşyny almagyny, olaryň bu dünýäde ýaşaýarka özünden ýagşy at galdyrmagyny, at-abraý gazanmagyny halys ýüreginden isleýär. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan «Alkyş bilen är gögär, ýagmyr bilen — ýer», «Altyn alma, alkyş al» diýen nakyllar hem tarp ýerden döremändir. Toprakda ösýän her bir ösümligiň, ot-çöpüň ýagmyr, ýagny suw bilen gögerip, ösüp boý alşy ýaly, ynsanlaryň hem dowamatynyň alkyş bilen örňeýändigine, dowamat-dowam bolýandygyna durmuş hakykaty esasynda göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyz: «Halkymyzda köp alkyş alan adamyň neberesi arkama-arka ýalkanarmyş diýen ynam bar» diýip belleýär. Adamlardan alkyş almagam begendirijidir welin, ýöne birine alkyş aýtmak, öňüňdäki adamy alkyşdyr ýagşy dilegleriň bilen begendirip, göwnüni alyp bilmek, ondan hem lezzetlidir. «Alkyşlar ýagşylyga dowamat berýän ýörelge bolup, ynsanl

Türkmeni dünýä tanadan akyldar

Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgesini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşymyzyň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan içeri we daşary syýasatyň adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy we berkarar Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi hakyndaky aladadan gözbaş alýandygyna şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaraly bellenilýär. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň göz-guwanjy, milli buýsanjydyr. Şahyr:

Şygryýetdäki ilkinji ädimler

PYRAGYM Şygyr äleminiň ägirdi, piri,Sözleri altyndyr, manylaň gory,Senden ylham alýar ynsanlaň bary,Ömürlere adyn ýazan, Pyragym!