Gündelikde galan hat
Hemişeki endigime görä, bu gün hem uklamazymdan öň bolup geçen gyzykly wakalary, käbir adamlary göz öňüme getirip, arzuw etdim. Garaz, hyýalymda geljekde etjek işlerimiň «suratyny» çekdim. Kelläme gelen pikiri gündeligime bellemek üçin onuň sahypalaryny açan dessime, içinden reňki biraz saralan, dört eplengi kagyz gaçdy. Haty okap gördüm. Bu hat geçmişimi ýada saldy. «Nähili hat?» diýýärsiňizmi? Hatyň mazmuny şeýleräk: «Salam! Seni şol hyýalymda suratlandyryp ýörşüm meniň! Seniň ýazýan oýlanmalaryňda, goşgularyňda örän giň pikirler we many bar. Her bir sözüňe tylla çaýylan ýaly. Sen ýazýaň! Onda-da nähili ýazýaň?! Käte örän ýönekeý we sada, käteler bolsa, çuňňur we aşa joşgunly ýazýaň! Ýazanlaryňy okap, şolardan ylham alýan. Şu haty ýazmagyma-da sebäpkär sen! Ýagny, seniň ýazan hatlaryň! Oturyp seniň bilen gürleşesim, pikir alşasym gelýär. Emma «çekinjeňlik» duýgusy hemişe menden üstün çykýar. Onsoň maňa, seniň bilen diňe hyýalymda gürleşäýmek galýar. Şoňa-da şükür! Günde ýatmazymdan öň, seniň bilen ýarym sagat töweregi gürleşýärin. Wiý, ýogsa-da, «sagat» diýenimde ýadyma düşdi. Sagadyň jykgyldysynyň hem saňa haýpynyň gelýändigini ýazypdyň bir oýlanmaňda. Dogry aýdýarsyň! Diwardaky sagat hem günüme goýanok «jyk-jyk» edip... Hawa, sen juda göwnaçyk hem duýguçyl, kalbyň bolsa joşgunly... Muňa «Men — Jeýhunyň perzendi!» diýip ýazanyň hem doly subutnama. Söýgi hakynda bolsa, onuň