"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Milli mirasymyz we buýsanjymyz

Türkmen alabaýlary adamzadyň ilkinji dostlary bolan itleriň iň gadymy tohumlaryndan biridir. Gadymy döwürlerde sebitiň çarwaçylyk bilen meşgullanan halkyna öý-ojaklaryny, dowardyr beýleki mallaryny gorap saklamak üçin batyr we sak goragçy gerek bolupdyr. Şu maksat bilen itleri eldekileşdirmek has zerur bolupdyr. Şunuň özi, häzirki alabaý itlerimiziň adamlar tarapyndan ilkinji eldekileşdirilen it tohumlarynyň hatarynda bolmagyna şert döredipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda bu tohum itleriň örän gadymy döwürlerden bäri adamzadyň ilkinji goragçysy, dosty bolup, oňa bolan il söýgüsiniň halk sungatyna siňdirilendigi barada şeýle bellenýär: «Alabaýlaryň şekilleri we heýkeljikleri diňe bir gadymy obalarda däl-de, eýsem, antik we orta asyrlar eýýamlarynyň harabaçylyklarynda hem duşýar. Gäwürgalanyň (Mary welaýaty) tapyndylarynyň (miladynyň ilkinji asyrlary) arasynda çopan itleriniň terrakotadan ýasalan heýkeljikleri tapawutlanýarlar. Şol ýerde ala-ýaşyl palçykdan galyplanylyp ýasalan gaplaryň böleklerine hem gabat gelindi (II asyr), ol gaplaryň bölekleri gaşynyň üsti ýygyrtly, çürşük, dişleri syrtaryşyp duran, hüşgär gulakly uly itleriň sypatlaryny diýseň aýdyňlyk bilen görkezýär». Gadymy türkmen halylarynyň göllerinde tapylan it şekilleri, Türkmenistanyň çäklerinde Altyndepede, Goňurdepede, Nusaýda, Jeýtunda, Pessejikdepe ýady

Ýanlykda alaçaly ýag

Ýurdumyzda ata-babalarymyzyň nesillere miras goýan ýol-ýörelgelerini öwrenmäge, mynasyp dowam etdirmäge döredilýän giň mümkinçilikler, dürli ugurlar bilen bir hatarda, çarwa durmuşynyň aýratynlyklary babatda-da söz açmaga ýardam edýär. Şu jähetden, geçmişde pederlerimiziň saglyk üçin deňi-taýy bolmadyk nygmaty hakynda söhbet açmagy müwessa bildik. Öňki döwürlerde ata-babalarymyzyň ulanýan gaplarynyň köpüsi ownuk mallaryň derisinden bolupdyr. Deri gaplary diňe bir suw däl, eýsem, azyk-owkat saklamak üçin-de elýeter bolupdyr. Şeýle gaplaryň biri toşap meşigi hasaplanypdyr. Toşap meşiginde çarwa obalarynyň taýsyz tagamy hasaplanýan alaçaly ýag saklanýar. Ony käbir ýerlerde «ýanlyk tulum» diýlip atlandyrýarlar. Alaçaly ýag il içinde «keselkerten» ady bilen-de belli bolupdyr.

Gymmatlyklarymyzyň naýbaşysy

Türkmen alabaýy adamzadyň iň gadymy dosty, ýakyn syrdaşydyr. Häzirki wagta çenli ýüze çykarylan ylmy maglumatlar türkmen alabaýynyň dünýäde iň gadymy we sap ganly tohum itleriň biridigini doly ykrar edýär. Şu jähetden, türkmen alabaýy diňe bir ynsanyň özüni, maşgalasyny ýa-da goş-golamyny däl, eýsem, daşky gara güýçlerden hem goraýan wepaly, gujurly, gaýduwsyz sakçy bolupdyr. Şol sebäpli-de parasatly pederlerimiz türkmen alabaýyny ynsanyň we onuň mukaddes ojagynyň asudalygynyň, bagtyýarlygynyň goragçysy saýýar. Ol ynsana bagtly durmuşy bagyş edýär diýip düşünýär. «It geldi, gut (bagt) geldi» nakylynyň manysy hem ynsanyň eşretli durmuşynyň hözirini görüp ýaşamagyna alabaýyň edýän täsiri bilen bagly döräpdir. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde türkmen alabaýy täze ykbala, gadymyýetdäki ýaly şöhrat-şanly abraý-mertebä gowuşýar. 2020-nji ýylyň 7-nji maýynda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Şol ýylyň 31-nji awgustynda bolsa Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy diýlip atlandyryldy. Welaýatlarda bu assosiasiýanyň bölümleri döredildi we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen alabaý itleriniň tohumçylyk merkezleri guruldy. 2020-nji ýylda gurlan «Türkmen alabaýy» atly heýkel paýtagtymyz gözel Aşgabadyň bezegine bagtyýarlyk zamanynyň tyllaýy öwüşginini çaýdy.

Magtymguly Pyragy – paýhas ummanynyň almaz täjidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy, medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony ýaş nesle ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we adamkärçilik taýdan terbiýelemekde edebi mirasymyzyň uly ähmiýeti bardyr. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy düýpsüz ummandyr. Beýik şahyryň ajaýyp döredijiligi diňe bir türkmen halkynyň ahlak, ynsap, ar-namys ýörelgeleriniň esasy akabasy bolman, eýsem, umumadamzat paýhasynyň hem almaz täji bolup durýar. Her bir türkmen beýik akyldary köňlünde özüçe ezizläp saklaýar, eserlerde, rowaýatlarda onuň keşbini döredýär. Gahryman Arkadagymyz: “Akyldar Magtymgula diňe bir şahyr hökmünde garalsa, bärden gaýdyldygy bolar. Ol diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr” diýip belleýär. Şoňa görä-de, edebi mirasymyzyň şamçyragy bolan Magtymguly Pyragynyň ebedilige ýugrulan döredijiligini giňden wagyz etmek hem-de öwrenmek wajyp işleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Şahyryň döredijiligi ylmyň we filosofiýanyň taryhynda öçmejek yz galdyrdy.

Gadymy mekanyň müdimi söhbetleri

Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda mekan tutan ata-babalarymyz bu toprakda binagärlik ýadygärlikleriniň ençemesini nesillere ýadygär galdyrypdyrlar. Şol ýadygärlikleriň adynyň dünýä dolmagyna tutuş ömrüni bagyşlan alymlaryň sarpasy halkymyzda hemişe belent tutulýar. 16-njy oktýabrda Milli «Ak bugdaý» muzeýinde geçirilen «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk hem şu topragyň şöhratly taryhyny dünýä ýaýmakda uly işleri bitiren meşhur alymlar, arheologlar, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýeleri Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygyna bagyşlandy. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda geçirilen foruma türkmen we rus alymlary gatnaşdylar. Foruma sanly ulgam arkaly Italiýanyň, Çehiýa Respublikasynyň alymlary hem goşuldylar. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary netijesinde ýurdumyzyň çar künjegindäki taryhy ojaklar, gymmatly ýadygärlikler yzygiderli öwrenilip, olaryň goraglylygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan netijeli işler ýerine ýetirilýär. Müdirligiň Moskwanyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa instituty we Sankt-Peterburgyň Maddy medeniýetiň taryhy instituty bilen bilelikde

Türkmenistana örklenen ykballar

Diýarymyzyň çar künjegindäki taryhy ýerler dünýä alymlarynyň, taryhçylarynyň üns merkezinde. Ömrüni şu topragyň taryhyny öwrenmeklige bagyşlan alymlaryň hatarynda Mihail Ýewgenýewiç Massonyň, onuň ogly Wadim Mihaýlowiç Massonyň, Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň atlary halkymyza ýakyndan tanyşdyr. Olaryň gadymy Merwiň, Änewiň, Nusaýyň, Altyndepäniň syrlaryny dünýä ýaýmakdaky hyzmatlary uludyr. Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň agzasy W.M.Masson 1950-nji ýylda Orta Aziýa döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň arheologiýa bölümini tamamlaýar. 1962-nji ýylda «Orta Aziýanyň iň gadymy geçmişi» diýen temadan doktorlyk dissertasiýasyny goran alym dünýäniň dürli ýurtlarynda neşir edilen 32 monografiýanyň we 500-den gowrak ylmy makalanyň awtorydyr. Onuň Türkmenistanyň ýadygärliklerine bagyşlanan «Margiananyň gadymy ekerançylyk medeniýeti» (1959), «Altyndepedäki 1969-njy ýylda geçirilen gazuw-agtaryş işleri» (1970), «Jeýtun medeniýeti» (1971), «Garagum: siwilizasiýalaryň daň şapagy» (1972), «Altyndepe» (1981), «Gadymy Nusaý — Parfiýa patyşalarynyň mekany» (1985), «Merw — Margiananyň paýtagty» (1991) ýaly işleri dünýä ylmynyň öňe gitmegine uly täsirini ýetirdi. W.M.Massonyň «Bürünç eýýamynyň Orta Aziýa terrakotalary», «Gündogar halklarynyň medeniýeti» ýaly işlerini belli alym W.I.Sarianidi bilen bilelikde ýazandygy hem olaryň bu gadymy topr

Dünýä edebiýatynyň göwher gaşy

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji oktýabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Bu iri halkara forum beýik şahyryň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek babatda uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä halklarynyň medeniýetleriniň, adamzadyň medeni-ruhy taýdan galkynmagyna uly täsir eden hem-de aň-düşünjäniň kämilleşmeginde we baýlaşmagynda ähmiýetli hyzmatlary bitiren akyldarlaryň, şahyrlaryň ylmy hem-de edebi miraslaryny düýpli öwrenmek, bu ugurda ylmy-barlag işlerini ulgamlaýyn esasda alyp barmak, halkara ylmy jemgyýetçilik bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk etmek babatda giň mümkinçilikler döredilýär.

«Halypalaryň mekdebi — halkyň ruhy mirasy»

17-nji oktýabrda şeýle at bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras bölüminiň Ahal welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde guramagynda Gökdepe etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň halk bagşysy Täçmämmet Suwhangulyýewiň ömri we döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi. Belent ruha beslenen dabarada belli  sazşynas Amanöwez Saparow, Täçmämmet Suwhangulyýewiň çowlugy Türkmenistanyň at gazanan artisti Altymyrat Pürmämmedow ussat halypanyň milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge goşan goşandy barada täsirli gürrüň berdiler. Türkmenistanyň «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň halk saz gurallary ansamblynyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň halk saz gurallary ansamblynyň ezber sazandalary Täçmämmet Suwhangulyýewiň döreden «Azatlyk», «Bag içinde» hem-de «Göroglynyň at oýnadyşy», «Baba sen» ýaly halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle-de dabarada kämillige gol beren bagşy-sazandalar K.Durdyýew, T.Nuryýew, H.Hojagulyýew, Ş.Hojamgulyýew dagylar mukamçy kompozitorlarymyzyň döwürdeş şahyrlarymyzyň goşgularyna döreden «Pyraga gutlag», «Dutarym», «Bagşylar» atly aýdymlar bilen dabarany bezediler. 

Kämil keşdäň kalbyň seniň

Düýn Arkadag şäheriniň Bagt köşgi toý-dabaralary merkezinde «Türkmen keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz» atly bäsleşigiň Arkadag şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşigi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty hem-de Telewideniýe, radiogepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilelikde guradylar.Türkmen keşdeçilik sungatyny wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşik esasy üç şerti öz içine aldy. Şeýlelikde, 1-nji orna Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Sülgünjemal Begmyradowa, 2-nji orna Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Gülkamar Suhanowa, 3-nji orna Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy Jennet Pürliýewa mynasyp boldy. Bäsleşige işjeň gatnaşanlar höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandylar.

Körükli peçler

Geçmişde ata-babalarymyz demir işläp bejermegiň usul-tärlerinden gowy baş çykarypdyrlar. Mysal üçin, körükli peçlerde eretmesi kyn demir böleklerini eredip guýmak arkaly galyplara salyp, dürli-dürli şekilleri ýasapdyrlar. Pil, palta, kätmen ýaly iş gurallaryny, öý goşlaryny ýasamakda körükli peçler giňden ulanylypdyr. «Körük» sözi köreýji, köremek manysyndan gelip çykýar. Körükli peçlerde ody köretmek, howruny güýçlendirmek körügiň esasy ýerine ýetirýän işidir. Körügiň basgany bolsa onuň esasyny düzýär. «Basgan» sözi basmak, basyp, herekete getirmek manysyny aňladýar. Ata-babalarymyz gurluş, ýasalyş, görnüş aýratynlyklary boýunça biri-birinden tapawutlanýan bir we iki ganatly basganlary bejerip ulanypdyrlar. Olaryň aýratynlygy, iki ganatly basganlarda ganaty gezekli-gezegine herekete getirip, közi, ody yzyny üzmän, köretmeli bolýar. Bir ganatly basganlar ganatlarynyň ýekedigi sebäpli öňe herekete getirilen wagty meşige ýel sorulýar, diňe yza herekete getirilen wagty ody köräp bolýar.

Jaýdar jogap

Gadymy döwürde ýaşap geçen emeldarlaryň biriniň akyl-parasatlylygy, il-güne rehimdarlygy we suhangöýlügi barada şeýle rowaýat aýdylýar. Alabaharda günleriň bir güni emeldar ýakyn dosty bilen ymgyr çöle seýil-seýrana çykýar. Olar gürrüňe gyzyşyp, çölüň içinde azaşyp gidenlerini hem duýmaýarlar. Uzakly gün ýöräp, ahyry bir ýola çykýarlar. Emma ikisi näçe pikir etse-de, bu ýoluň nireden gelip, nirä barýandygyny bilip bilmeýärler. Bular şeýdip serimsal bolup durkalar, bir sypaýy kişi gelýär. Olar begenip:

Atym bar — ganatym bar

Ahalteke bedewi özüniň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy bilen diňe bir ýurdumyzyň däl-de, eýsem, tutuş adamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy bolup durýar. Muny ýurdumyza «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy hem doly tassyklaýar. Taryhyň şaýatlyk edişi ýaly, türkmen behişdi bedewleriniň gelip çykyşy dünýä siwilizasiýasynyň dörän wagtyna gabat gelýär. Halkymyzyň arasynda olaryň taryhynyň gadymydygyna, düşbüligine we gözelligine  dünýä içre taý ýokdugyna güwä geçýän ýazuw çeşmeleri saklanyp galypdyr.

Sözüň gudraty

Halkymyzyň süýji söze, hoş zybana goýýan sarpasy öz gözbaşyny juda irki döwürlerden alyp gaýdýar. Dilden-dile geçip gelýän «Süýji söz baldan artyk», «Söýdüren-de dil, köýdüren-de», «Ýagşy bilen sözleşseň köňül açylar», «Ýerini bilip sözleseň, dildir başyň galasy, ýerini bilmän sözleseň, dildir başyň belasy» diýen pähim-paýhaslar hem sözüň gudratlydygyny, ynsana berlen bahasyna ýetip bolmajak nygmatdygyny aýdyňlaşdyrýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Sözläbilseň ýagşy sözle, halk ýamanyň bizarydyr» diýmek bilen, hoş sözlüligiň ynsan ogluny bezeýän gylyk-häsiýetleriň iň möhümleriniň biridigini nygtaýar. Hakykatdan-da, sözüň gudratly güýji bilen ýatlar tanşa, tanyşlar ýakyna, dostlar dogana öwrülýärler.

Biziň taryhymyz

Türkmen atly sirkiniň ussady Türkmen aýal-gyzlarynyň arasynda ilkinji çapyksuwar zenan, sirk artisti Sona Berdiýewa 38 ýaşynda aradan çykdy. Şu ýyl 94 ýaşy dolmaly artist özüniň gysga ömründe türkmen sirkiniň taryhynda görnükli yz galdyrdy.

Milli sungatyň ruhy joşguny

Mirasym — hazyna-genjim Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde «Milli sungatyň ruhy joşguny» diýen at bilen tans we folklor döredijilik toparlarynyň arasynda geçiren çäresi ýokary ruhubelentlige beslendi. Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirilen çärä welaýatymyzyň etraplaryndan, şäherlerinden gelen tans we folklor döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Gülden görkli keşdeler

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Halkymyzyň medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň biri bolan türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanyp geçirilen bäsleşik ene-mamalarymyzdan gelýän keşdeçilik sungatyny mynasyp dowam etdirmegi, ýaşlarda bu sungata bolan söýgini artdyrmagy maksat edindi.

Malyň sökellik tapsa...

Ýakynda Sarygamyş kölüni etekläp oturan Bötendag obasynda bolanymyzda çarwa durmuşyna bäş barmagy ýaly belet, şu obadaky mekdepde mugallym bolup işleýän Täçdurdy Kerimow bilen söhbetdeş bolduk. Şonda Garagum ýaýlasynyň tejribeli maldarlarynyň mal sökellik tapanda ulanýan emlerini ýazyp aldyk. Olaryň käbirini okyjylara hödürlemegi makul bildik. Dowar malynyň süňki döwülse, oňa mis külkesi em bolýar. Munuň üçin misi igeläp, külkesini almaly. Soňra ony iýme garyp bermeli. Bu em döwlen süňküň çalt bitmegine getirýär.

Mongol kalbynyň gözellikleri

Mongol medeniýeti baradaky gürrüňimizi bu halkyň ata bolan söýgüsinden başlamagy makul bildik. Sebäbi edil biziň halkymyz ýaly, mongollar hem aty iň ýakyn dost, syrdaş saýýarlar. Milli baýramçylyklaryň, dürli derejedäki dabaralaryň hiç birini-de mongol atlary bolmazdan, göz öňüne getirip bolmaýar. Esasy bellemeli zat, mongollar hem öz çyn dostuna — bedew atyna döwlet tugralaryndan orun beripdirler. Aýdym-saz. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan mongol aýdym-saz sungatynda esasy orun bokurdak-damak aýdymlaryna degişlidir. Şeýle-de morinhu, şanza, limba, huçir, ýeçir ýaly saz gurallarynyň ýanynda aýdymlaryň «so:kdurma» ýaly dürli görnüşleri ýerine ýetirilýär. Mongol aýdymlarynda her jümläniň soňy hökman so:kdurylyp aýdylýar.

Magtymgulynyň döredijiligi we halkara gatnaşyklary

Magtymguly Pyragy! Umumadamzat derejesinde pikirlenýän bu beýik ynsanyň döredijiligi, onuň agzybirlik, bitewülik hakyndaky pikirleri diňe bir türkmen halkynyň jebisligini gazanman, dünýä halklarynyň dostlaşmagyna, birek-birege bolan hormatyň gülläp ösmegine getirdi. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2023-nji ýylyň güýzünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda sözlän sözünde döredijiligi barada dünýäniň ünsüni söz ussady Magtymguly Pyragynyň daşynda jemläp, şeýle diýdi: «Ähli medeniýetli adamzat diňe bir dünýä edebiýatynda däl-de, eýsem, tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ýatlaýar we oňa hormat goýýar. Men öz çykyşymy Magtymgulynyň «Adamzat» atly goşgusynyň şu sözleri bilen tamamlamak isleýärin. Bu goşguda şahyr döwürdeşlerine we geljek nesillere örän täsirli şeýle setirler bilen ýüzlenýär:

Akyldaryň döwletlilik taglymaty

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy özünden öň ýaşap geçen türkmen akyldarlarynyň, alymlarynyň, şahyrlarynyň döwletlilik ýörelgeleri babatdaky taglymatlaryny ösdürip, täze röwüşde kämilleşdiripdir. Bu babatda Magtymguly üçin türkmeniň döwletlilik düşünjesini öwrenmekde we wagyz etmekde Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserindäki döwleti binýat etmek, ony gurmak, dolandyrmak baradaky öňe sürlen öwüt-ündewler uly ähmiýete eýe bolupdyr. Akyldar şahyr öz pederi Döwletmämmet Azadynyň döwlet gurmak babatdaky pikirini öz şygyr setirlerine salyp, giň köpçülige has düşnükli dilde wagyz edipdir. Beýik akyldar türkmen halkynyň özbaşdak döwletli bolmak arzuwyny şahyrana setirlerde ussatlyk bilen beýan edipdir. Halk Magtymgulynyň döwletli bolmak islegini goldap, ýüreklerinde göteripdirler.