"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Abraýy dünýä dolýan Diýarym

Türkmenistan daşary syýasat işinde dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berýär. Dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan ýurdumyz halkara gatnaşyklar ulgamynda ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlaryň çözülmeginde diňe syýasy-diplomatik gurallaryň ulanylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şol seneden bäri geçen taryhy döwürde döwletimiz abraýly we täsirli daşary syýasaty gyşarnyksyz amala aşyrmak bilen, wajyp başlangyçlary öňe sürüp, olary yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly dünýädäki abraýyny has-da belende göterdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde dünýäniň 193 döwletiniň biragyzdan goldamagy bilen, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama ikinji gezek kabul edildi. Bu taryhy resminama ýurdumyzyň daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny hem-de türkmen diplomatiýasynyň ýeten belent derejesini görkezdi.

Bitaraplyk — ynsanperwerlik

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly eserinde: «Bitaraplyk syýasatynyň özeninde parahatçylykly ýaşamaga söýgi, durmuşyň sazlaşygynyň, gözelligiň ykrar edilmegi ýaly örän ýokary, hiç inkär edip bolmajak milli gymmatlyklar durandyr» diýip parasatly nygtaýar. Milli Liderimiziň parasatly paýhasyndan dörän «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasy bolsa ylmyň, tehnologiýanyň sanlylaşýan eýýamynda umumadamzat gymmatlygyna öwrüldi. Muny halkara jemgyýetçiliginiň wakalary yzygiderli aýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky taryhy çykyşynda öňe süren döredijilikli başlangyçlary hem Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ähmiýetini artdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň bu taryhy çykyşy Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine döredijilikli we jogapkärçilikli çemeleşmek bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda bütin dünýäde howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň biri-birinden aýrylmazlygy ýörelgesini berk hem-de durnukly goramakda durmuşa geçiren işleriniň ähmiýetini has çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Adamkärçiligiň ady bilen

ýa-da häzirki zaman dünýäsi we Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasy barada Adamkärçilik biziň milletimiziň ruhy konstitusiýasydyr. Adamkärçiligiň kadalary her bir türkmen perzendiniň ganyna we aňyna ornan ýörelgelerdir. Ilçilikde şol kadalardan çykmak aýyp saýylýar. «Adamçylygyň, adamkärçiligiň gutaran ýerinden kanunçylyk başlanýar» diýilmegi, megerem, howaýy döräýen pikir däl bolarly. Dörediji Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Adamkärçilikli bolmak her bir türkmeniň ömrüni mertebelendirýän beýik ýörelgedir. Adam üçin iň esasy borç hem adamkärçilik kadalaryna ygrarly bolmakdyr. At, dereje, baýlyk adamy üýtgetmeýär, sebäbi adamkärçilik olardan has ýokary mertebedir. Adamkärçilik taglymatlaryna ygrarlylyk ynsan ählini bitewüleşdirýär» diýip belleýär. Halkymyzyň adamkärçilik atly ýörelgesinde milletimiziň sahawatlylyk, gaýduwsyzlyk, halallyk, ynsaplylyk, şükranalyk ýaly iň gowy häsiýetleri jemlenýär. Dogrusy, adamkärçilik bir daragt bolsa, şu häsiýetler onuň şahalarydyr.

Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň sy­ýa­sa­ty

«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024 Ta­ry­hyň sa­hy­pa­la­ry­nyň gat­la­ryn­da ak­yly­my­zy haý­ra­na gal­dyr­ýan syr­ly ýa­şa­ýyş ýa­tyr. Ta­ry­hy çeş­me­ler bi­zi ol syr­ly dün­ýä­niň içi­ne ara­laş­dy­rýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ta­ry­hymyz gi­ňiş­le­ýin öw­re­nil­ýär. Hal­ky­my­zyň ata-ba­ba­la­ry­nyň ýa­şaý­şy­ny, ola­ryň alyp ba­ran döw­let ka­nun­la­ry bi­len bag­ly sy­ýa­saty iç­gin bil­mek­le­ri üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Dür­li dil­ler­de be­ýan edi­len türk­men hal­ky­nyň yk­bal ýo­da­la­ry ba­ra­da­ky ta­ry­hy waka­lar öz ene di­li­mi­ze ge­çi­ri­lip, olar baý mag­lu­mat­lar çeş­me­si bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Durnukly ösüşiň hem parahatçylygyň hatyrasyna

Ata Watanymyzyň halkara abraýynyň täze belentliklere galýandygyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolup geçen wakalar, daşary syýasatda durmuşa geçirilen beýik işler bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden taryhy Kararnamasyna laýyklykda, dünýä derejesinde «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip atlandyrylan ýylyň bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň häzirki zaman şertlerinde parahatçylygy goldaýan, birek-birege ynanyşmagy berkidýän, dostlugy dabaralandyrýan ýurt hökmünde ykrar edilendigini tassyklaýan wakalara beslenendigini uly buýsanç bilen bellemek gerek.  «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämizi iş ýüzünde amala aşyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmek ýaly möhüm maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Konsepsiýada öňde goýlan wezipeler esasynda dünýäde parahatçylyk söýüjilik diplomatiýasyny alyp barýan ýurdumyz halkara derejede dostluk we ynanyşmak ýörelgelerini üpjün etmek üçin tagallalaryny gaýgyrmaýan, netijeli, deňhukukly we

Döwletli işlere dowamat ýagşy

Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlary, döwlet Baştutanymyzyň beýik işleri netijesinde, «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ata Watanymyzyň halkara abraýynyň barha dabaralanýandygyny alamatlandyrýar. Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryha eýe türkmen halky medeni, maddy, ruhy mirasa, däp-dessurlara, çeper döredijilige baý halk. Olar halkyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilen paýhas hakydasydyr, şu gününe ygtybarly ynamy, ertirine çelgidir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Medeni miras — maddy we ruhy gymmatlyklar ynsana şatlyk, ata-babalara hormat, ýaşaýşa söýgi, dowamata hyjuw döredýän gözellik älemidir. Bu älem tümlügi — gündizlige, çöli — lälezarlyga, duşmançylygy — dostluga öwürýän, ýürekleri buýsançdan doldurýan, beýnileri paýhas bilen durlaýan güýçdür» diýen sözleri her halkyň geljekki ykbalynyň geçen şöhratly taryhy ýoluna, medeni gymmatlyklaryna daýanýandygyna şaýatlyk edýär.

Bitaraplyk — parahatçylygyň kepil

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda şeýle jümle bar: «Guşlaryň sesini, şemalyň «aýdymyny», dananyň söhbete berlendäki tüýsüni, otlaryň terligini we sansyz köp täsinlikleri duýmagyň hakyky tebigy ýagdaýyny asyl-ha hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýar». Ornuna hiç bir zady goýup bolmajak bu gymmatlyga diňe parahatçylygyň bar ýerinde duş gelmek mümkindir. 

Pa­ra­hat­çy­ly­gyň bin­ýa­dy

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Bü­tin­dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan be­ýik gym­mat­lyk hem-de äh­lu­mu­my tag­ly­mat hök­mün­de yk­rar edi­len Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň baş mak­sa­dy adam­za­dyň we gel­je­giň bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len pa­ra­hat­çy­lyk, dost­luk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy go­ra­mak­dyr. Şu nuk­daý­na­zar­dan, Azi­ýa­nyň we Ýew­ro­pa­nyň çat­ry­gyn­da ýer­le­şen döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi­niň gi­ňe­me­gi­ne we dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ös­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­di» di­ýip bel­le­ýär.

Parahatçylykly ýol bilen diňe öňe!

Aksoltan ATAÝEWA,  Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany.

Parahatçylyk söýüjiligiň belent nusgasy

Eýýamlar täzelenýär, döwletler gurulýar, döwür özgerýär. Dünýäniň syýasy kartasyndaky 200-den gowrak döwletiň bitewüligini ynsanperwer gatnaşyklar, parahatçylyk söýüjilik medeniýeti hasyl edýär. Hoşmeýilliligi bilen tapawutlanyp, beýik soltanlyklary guran halkymyzyň ynsanperwerlik mekdebiniň döwürleriň synagyndan geçendigi taryhdan mälim hakykat. Pederlerimiz ähli milletler bilen ylalaşykly ýaşamaga, il-ýurt bähbitli özara gatnaşyklara mydama uly ähmiýet beripdir. Rehimdarlygy, dawa-jenjelleri çözmekde sözüň güýjüne daýanypdyr. Geçmişden gözbaş alan bu asylly ýörelgeler, pederlerimiziň görüm-göreldesi asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Häzirki dünýäniň gün tertibinde ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, hyzmatdaşlygy berkitmek umumy häsiýetli mesele hasaplanýar. Bitaraplyk syýasatynyň oňyn ýörelgeleri eziz Diýarymyzyň ösüş ýoluny kesgitlemäge, parahatçylyk söýüji halk hökmündäki ornumyzy, türkmen döwletliligini berkarar etmäge mümkinçilik berýär. Şunda halkara hyzmatdaşlygyň meýdançasynda parahatçylygyň ilçisi, asudalygyň ygtybarly goragçysy hökmünde Bitaraplygymyzyň gazanan netijeleriniň mysaly-da merdana halkymyzyň ruhy dünýäsine mahsus raýdaşlyk, dostanalyk gatnaşyklarynyň beýik nusgasyny açyp görkezýär. Ösüş arkaly parahatçylygy berkitmek ugrunda ýurdumyz tarapyndan her bir öňe sürlen başlangyçlar, çagyryşlar halkymyzyň ykbalyny özgertmek bilen birlikde, sebiti

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar BER­DI­MU­HA­ME­DOW:

— Biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir. — Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň beýik gymmatlygydyr. Ýer ýüzünde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr.

Zenanlaryň hukuk goraglylygy ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda zenanlara aýratyn hormat-sarpa goýulýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň zenanlarynyň abadan, eşretli durmuşa guwanyp ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döredijilikli zähmet çekýän bagtyýar zenanlarymyz jemgyýetimizde agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmaga, Watanymyzyň gülläp ösmegine we dünýädäki at-abraýynyň artmagyna öz goşantlaryny goşýarlar. Diýarymyzda gender deňligini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler öz miwesini eçilýär. Ýurdumyzyň köpýyllyk hyzmatdaşy bolan Aziýa ösüş banky tarapyndan Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) «2023-nji ýyl boýunça gender deňligini öňe sürmek» atly bäsleşigi yglan edilip, oňa dalaşgär hökmünde Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň hem-de Mongoliýanyň degişli guramalary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi-de gatnaşdy. Bu jemgyýetçilik guramasy bäsleşige ýurdumyzda gender deňligini öňe sürmek, zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny has-da ýokar

Türkmen bitaraplygynyň giň mümkinçilikleri

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara giňişliginde sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tamamlanyp barýan 2023-nji ýyly dünýä derejesinde «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň mazmunyny taýýarlady hem-de ol bu gurama agza döwletler tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Kararnamada parahatçylyga we ynanyşmaga halklaryň arasynda durnukly ösüşi, parahatçylygy, howpsuzlygy, adam hukuklaryny üpjün edýän gymmatlyk hökmünde garamaga çagyryş öz beýanyny tapdy.

Türkmen diplomatiýasy: Watanyň we halkyň bähbidine tagallalar

«Döwletiň daşary syýasatyny haýsy ýollar we nähili ussatlyk bilen durmuşa geçirmeli?» diýen sowala jogaby «diplomatiýa» atly örän inçe hem çylşyrymly sungatyň jogap berip bilýändigini halkara gatnaşyklaryň köp müňýyllyk tejribesi doly subut edýär. Sebäbi daşary syýasat ýurduň halkara işlerdäki umumy ugruny öz içine alsa, diplomatiýa şol syýasaty amala aşyrmagyň iň möhüm guralydyr. Şoňa görä, häzirki zaman dünýäsinde diplomatik işiňdir diplomatlaryň, diplomatik gullugyň orny we zerurlygy barha artmak bilen. Şu nukdaýnazardan, 11-nji dekabrda ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisi aýratyn ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza baştutanlyk eden döwründe her ýylyň ahyrynda türkmen diplomatlary bilen duşuşyp, döwletimiziň daşary syýasatyna degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak ýaly oňyn tejribäni ýola goýdy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu asylly işiň mynasyp dowam etdirilýändigini geçen hem şu ýyldaky duşuşyklaryň mysalynda aýdyň görmek bolýar. Diplomatlar bilen dürli ýyllarda geçirilen mejlisdir duşuşyklaryň mazmunyna ser salanymyzda, bir hakykata doly göz ýetirip bilýäris: Türkmenistanyň daşary syýasy ugry we halkara gatnaşyklardaky garaýyşlary üýtgewsiz

Bitaraplyk — çar tarapa il bolmak

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz döwletimizi parahatçylygyň ilçisi kepderä meňzedip, onuň bir ganatyny «Garaşsyzlyk», beýleki ganatyny «Bitaraplyk» diýip atlandyrdy. Juda jüpüne düşen meňzetme, çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň häzirki bedew batly köpugurly ösüşlerini, ýeten belent sepgitlerini bu iki gudratdan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Mähriban çagalar, sentýabr aýynda 32 ýyllyk toýuny uludan bellän Garaşsyzlygymyz — biziň baş baýramymyz. Çünki özbaşdak ösüşimiziň milli ýolunda ýeten ähli sepgitlerimiziň, gazanan köpugurly üstünliklerimiziň gözbaşynda Garaşsyzlyk gudraty durandyr. Biziň gürrüňini etmekçi bolýan hemişelik Bitaraplygymyz hem diňe döwlet Garaşsyzlygymyzdan soň mümkin boldy. Ýöne Garaşsyzlyk Bitaraplyga ýol açýan-da bolsa, dünýä döwletleriniň ählisiniň goldawyny gazanyp, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolaýmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Muny häzirki döwürde dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji hem ýeke-täk Bitarap döwletiň biziň ata Watanymyzdygy bilen hem düşündirmek bolar. Özem türkmen Bitaraplygy hakyndaky Kararnama BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek — 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen kabul edildi.

Türkmen Bitaraplygy — parahatçylygyň, durnuklylygyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, mizemez jebisligiň binýady

12-nji dekabrda ýurdumyz Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda taryhy Kararnamanyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygyny dabaraly belläp geçdi. Sebitde hem-de dünýäde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk medeniýetini berkarar etmegiň möhüm şerti hökmünde durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändiginiň nyşany bolan bu sene milli hem-de halkara derejede aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz halkymyza iberen Gutlagynda biziň içeri we daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza, bar bolan mümkinçiliklerimize esaslanyp, geljekde-de Garaşsyz döwletimizi dünýäniň öňdebaryjy, gülläp ösýän dostlukly ýurduna öwürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini belledi.

Köpugurly hyzmatdaşlyk ösdürilýär

11-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory hanym Iwana Žiwkowiçi kabul etdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň syýasaty alyp barýar. Bu iri we abraýly gurama, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary ösdürýär.

Bitaraplyk we ýaşlar syýasaty

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha rowaçlanýar. Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýylynyň içinde dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli gatnaşyklarynyň netijesinde, içeri we daşary syýasatda saýlap alan ýolunyň nusgalykdygyny hemmetaraplaýyn subut etdi. Taryhyň islendik döwrüni alanyňda-da, halkymyzyň hoşniýetli ýörelgelere eýerendigine şaýat bolýarsyň. Bu ýörelgeler, däp-dessurlar bolsa Bitaraplygymyzyň düýp özenini düzmek bilen, daşary syýasatymyzda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy, ilki bilen, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň 3-nji duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Yslamabat Jarnamasy, soňra Goşulyşmazlyk Hereketine girýän ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň konwensiýasynyň Jemleýji resminamasy bilen tassyklanyldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň, şeýle-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň iki gezek kabul edilmegi aýratyn möhüm waka bolup taryha ýazyldy. Döwletimiz iň iri halkara guramasy tarapyndan şeýle derejä eýe bolan ilkinji we ýeke-täk döwletdir.

Türk­me­n Bi­ta­rap­ly­gynyň hal­ka­ra-hu­kuk äh­mi­ýe­ti

Her bir ynsanyň durmuşynda bolşy ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylýar. Dünýä ýüzünde ilatyň sekiz milliarddan geçen zamanynda «bitarap döwletli bolmak» diýen jümläniň many-mazmuny başgaça ýaňlanýar. Munuň özi tutuş Zeminiň ilatynyň arkaňda durýandygyndan alamatdyr. Eger-de biz bu düşünjäni has sada dil bilen aňlatsak, onda iki tarapyň arasyndaky jedelde olaryň hiç birine gol ýapmazdan, ikisine-de deň araçy bolmak ýaly manynyň gelip çykýandygyna göz ýetireris. Beýleki bir tarapdan, bitaraplyk aýratyn hukuk ýagdaýly döwletiň häsiýetidir. Bitarap döwletiň daşary syýasy ugry ýaragly çaknyşyklara gatyşmazlyk, hiç hili syýasy-harby toparlara girmezlik bilen şertlendirilendir.

Hoşniýetli ýörelgelere ygrarlylyk

Türkmenistanyň Bitaraplygy taryhy geçmişden gözbaş almak bilen, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, özara düşünişmek ýaly ajaýyp häsiýetlerine daýanýar. Bularyň ählisi halkymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlarynda, dünýägaraýyş gymmatlyklarynda beýanyny tapandyr, netijede, döwletimiziň milli ýörelgesine öwrülendir. Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy biziň her birimiz üçin uly mertebedir, buýsançdyr. Hormatly Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Bitarap Türkmenistan» atly we beýleki kitaplarynda döwletimiziň hemişelik bitaraplygynyň gözbaşlary, halkymyz hem-de adamzat üçin ähmiýeti, halkara hukuk ýagdaýy giňden açylyp görkezilýär. Milli Liderimiz Bitaraplygyň kökleriniň halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan baý taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna ünsi çekip: «Hoşniýetli Bitaraplyk ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp gelen iňňän ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň biridir» diýip belleýär. Türkmen halky öz taryhynyň bütin dowamynda, dünýä bilen gatnaşyklarynda ynsanperwerlik gymmatlyklaryny döretmek bilen, bu sagdyn ýörelgelerini gorap hem ösdürip gelipdir. Elmydama agzybirligi, düşünişip ýaşamagy ileri tutupdyr. Jemgyýetiň