"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 23-29-y aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7-9-dan 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21...+23o-dan +23...+25o aralygynda maýyl, gündizlerine +35...+37o-dan +37...+39o aralygynda yssy bolar. Arçabilde: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 6-8-den 8-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+22-dan +22...+24o aralygynda maýyl, gündizlerine +34...+36o-dan +36...+38o aralygynda yssy bolar.

Baş maksat — ekologiýa abadançylygy

Ýurdumyzda ekologiýa meseleleri döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu babatda netijeli çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biz Türkmenbaşynyň Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň bölüm başlygy Güýzgylyç Nazarow bilen duşuşyp, söhbetdeş bolanymyzda, ol daşky gurşawy goramakda, Hazar deňziniň we kenarýakalarynyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde alnyp barylýan işler barada şeýle gürrüň berdi: — Döwletimiziň ekologiýa syýasatyny amala aşyrmakda ýurdumyzda alnyp barylýan çäreler, döwrüň derejesine göterilip, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda daşky gurşawyň goraglylygyna we ekologiýa ýagdaýyň abadançylygynyň üpjün edilmegine Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň we beýleki edara-guramalaryň işgärleri tarapyndan uly ähmiýet berilýär.

Hyzmatdaşlygy ösdürmekde syýahatçylygyň ähmiýeti

Melhem hem şypaly suwly, arassa howaly Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda bu ýerde uly syýahatçylyk düzümi emele geldi. Awazada dynç almak, saglygyňy berkitmek üçin ähli mümkinçilikleriň hem-de ekologiýa taýdan arassa gurşawyň döredilmegi onuň halkara ähmiýetini has-da artdyrýar. Ýakynda bolsa bu ýerde sebit ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi Hazaryň dostlugyň hem ylalaşygyň deňzidigini ýene bir gezek görkezdi.  Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de syýahatçylyk pudagyny ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu babatdaky mümkinçilikleri doly derejede ulanmak, syýahatçylygyň möhüm ugurlaryny ösdürmek babatynda giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilip, işjeň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýulýar. Awazada geçirilen çärelerde hem taraplar beýleki ugurlar bilen bir hatarda, syýahatçylykda sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Dagyň, çölüň bezegi

Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlyklaryny gorap saklamak, köpeltmek, geljekki nesillere ýetirmek şu günki günüň wajyp wezipeleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşini daşky gurşaw bilen sazlaşykly alyp barmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we uzak geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty barha dabaralanýar. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýurdumyzda we sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigatymyzyň haýwanat dünýäsiniň täsin jandarlarynyň biri-de keýiklerdir. Olar Sarygamyş çöketliginde, Bathyzda, Garabilde, ýurdumyzyň demirgazyk-günbatarynda Garagumda gabat gelýärler.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 21-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +23° maýyl, gündizine +36... +38° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm. Çyglylygy 10 — 30 %.

Daşky gurşawa mynasyp goşant

«7/24.tm», №33 (64), 16.08.2021. Tokioda 2021-nji ýylyň 23-nji iýulyndan 8-nji awgustyna çenli aralykda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna sport janköýerleri uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Bu oýunlaryň birnäçe aýratynlyklary bolup, şolaryň biri hem Tokio Olimpiadasynyň ekologiýa babatda nusgalyk oýunlaryň biri bolandygydyr.

Ekologiýany goramak — geljegiňi goramak

Täze taryhy döwürde milli Liderimiziň başlangyçlary netijesinde, daşky gurşawy goramak, tebigatdan netijeli peýdalanmak, biodürlüligi gorap saklamak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, şonuň netijesinde howanyň hapalanmagynyň öňüni almak milli Liderimiz tarapyndan ýurdumyzy ykdysady-durmuş taýdan durnukly ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde öňe çykdy. Bu işlerde ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ýokary tejribe, barha giňden ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar we milli däpler esas edinilip alynýar. Bereketli türkmen topragynyň her bir künjegi örän aýawly çemeleşilmäge, goralyp saklanmaga we baýlaşdyrylmaga mynasypdyr. Halkymyza ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksatlaryny emele getirýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 19-njy awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Ekologiýa abadançylygyny nazarlap

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli we maksadalaýyk durmuşa geçirýän beýik başlangyçlary, özgertmeleri, döwletli tutumlary halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň halkara abraýyny hem artdyrýar. Bu oňyn görkezijiler parahatçylyk, ösüş we işjeňlik häsiýetine eýe bolan daşary syýasatymyzyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylmagyna mynasyp esas döredýär. Häzirki wagtda dünýäniň köpsanly ýurtlarynda tebigaty peýdalanmak we daşky gurşawy goramak bilen bir hatarda, ekologiýa howpsuzlygyny kadalaşdyrýan ugur ykrar edilendir. Ekologiýa howpsuzlygy milli howpsuzlygyň düzüm bölegi bolup, ol ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna gatnaşýar. Başgaça aýdylanda, ekologiýa howpsuzlygy biziň durmuşymyza ymykly girdi, onuň zerurlygy we ähmiýeti ýylsaýyn artýar. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny dolandyrmak işi döwletara gatnaşyklaryň esasynda, ÝUNESKO-nyň, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we beýleki halkara guramalaryň derejesinde alnyp barylýar. Bu derejede daşky gurşawy biosfera möçberinde goramagyň halkara resminamalaryny kabul etmek, döwletara ekologik maksatnamalary amala aşyrmak, tebigy ýa-da antropogen häsiýetli ekologik betbagtçylyklary ýok etmek üçin hökümetara toparlary döretmek işleri alnyp barylýar. Ählumumy derejede birnäçe halkara möçberli ekologik meseleler oňyn çözgüde eýe boldy.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 17-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Ösümlikleri goramagyň usullary

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndan bereketli hasyl almak ugrunda berýän hemmetaraplaýyn goldawlary netijesinde oba hojalygynda uly üstünlikler gazanylýar. Mähriban topragy bilen bagry badaşan her bir daýhan asylly zähmet çekýär, çeken zähmetiniň rehnetini-de görýär. Bagbanlaryň, ekerançylaryň köpýyllyk tejribesine laýyklykda, oba hojalyk ekinlerini, miweli baglary goramagyň birnäçe usullary ulanylýar. Olardan agrotehniki, fiziko-mehaniki, himiki we biologiki usullar bellidir. Şolardan esasysy bolan agrotehniki çärelere baglaryň oturdyljak ýerini we sagdyn agaçlary saýlap almak, bir meňzeş zyýankeşleri bolan baglary biri-birinden aýry oturtmak, dökünlemek, ýerleri dogry işläp bejermek, zyýankeşlere garşy göreşmek, tohumy dogry saýlap almak, wagtynda ekmek, ekin dolanyşygyny geçirmek, hapa-haşal otlary aýryp durmak çäreleri degişlidir.

Tebigata söýgi döredýäris

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesle tebigaty goramak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak barada düşünje bermekligiň uly ähmiýeti bar. Ekologiýa medeniýeti bilen baglanyşykly düşünje ýaş nesliň aňyna çagalykdan guýulmalydyr. Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelere ekologiýa medeniýeti, daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy gözellikleriň ähmiýeti dogrusynda sada we düşnükli dilde sapak berlende, çagalar şol terbiýe esasynda hem durmuş ýoluny dowam edýärler. Biziň çagalar bagymyzda terbiýelenýän körpeler hem salkyn howaly pasyllarda gezelenje äkidilip, olara gözel tebigatymyz bilen baglanyşykly gürrüň berilýär. Ýurdumyzda daşky gurşawyň arassa bolmagyny gazanmak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanyp, tebigatymyzyň gözelliklerini gorap saklamak, olary geljekki nesillerimize ýetirmek babatda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Mawy tolkunlaryň mukamy

Ýap-ýaňyja bolup geçen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy we onuň çäklerinde geçirilen ägirt uly çäreler gadymy Hazaryň dost-doganlygyň mizemez mesgenidigini ýene-de bir gezek äşgär etdi. Halkara derejeli çäreler tamamlansa-da, onuň bizde galdyran täsirleri entekler ýatdan çykar ýaly däl. Gaýtam, ol ýakymly günleriň ýatlamalary bize şypaly deňiz suwy we onuň tebigy baýlyklary hakynda giňişleýin gürrüň bermegi salgy berýär. Tomus paslynda, howanyň aşa gyzýan günlerinde ynsan göwni şypaly deňiz kenaryny küýseýär. Gojaman Hazaryň mawy tolkunlaryny synladygyňça, synlasyň gelýär. Göwnüňe bolmasa, dury suwuň ýüzünde peýwagtyna oýnaýan tolkunlaryň üstüne kümüş teňňeleri sepilen ýaly görünýär. Gözýetimiň aňyrsy-bärsi bilen ýylpylda öwrülip durşy, adamlary özüne maýyl edýär. Onsoň, tolkunlaryň pessaýja owazy tebigatyň täsin gözelligi bilen utgaşyp, ajaýyp bir mukam bolup eşidilýär. Owaza maýyl bolup oturyşyma, Hazaryň tebigy baýlyklary birlaý aňymda aýlandy.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 12-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24° maýyl, gündizine +37... +39° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm, çyglylygy 10 — 30 %. 2021-nji ýylyň 11-nji awgustynda atmosfera howasynyň düzümindäki tozanyň möçberiniň kadadan 7% köp bolandygy hasaba alyndy.

Hazar deňzi — täsin ekoulgam

Mähriban Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny, ekologiýa abadançylygyny goramak, bu gymmatly gözelligi geljekki nesillere geçirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň ählisinde hem ekologiýa ýagdaýynyň göz öňünde tutulmagy örän guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň ekoulgamynda Hazar deňzine aýratyn orun degişlidir. Bu deňiz ummasyz gazylyp alynýan tebigy baýlyklary, gaýtalanmaýan, özboluşly ösümlik we endemik haýwanat dünýäsini özünde jemleýän dünýäde ýapyk iri suw howdany hökmünde häsiýetlendirilýär. Meýdany 371 müň inedördül kilometr bolup, uzynlygy 1200 kilometre, ortaça ini 320 kilometre, kenarýaka çyzygynyň uzynlygy 6,5 müň kilometre barabar bolan Hazar deňzine bäş sany döwlet ýanaşýar: Türkmenistan, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan we Russiýa Federasiýasy. Hemişe agzybirlige, abadançylyga, dost-doganlyga gadyr goýýan halkymyz goňşy ýurtlar, şol sanda Hazar sebiti boýunça goňşy döwletler bilen hem netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Hazar bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 10-njy awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 9-15-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, günorta-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7-10-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +23...+25o-dan +26...+28o aralygynda maýyl, gündizlerine +36...+38o-dan +40...+42o aralygynda yssy bolar. Arçabilde: az bulutly howa bolup, günorta-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6-9-dan 9-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22...+24o-dan +25...+27o aralygynda maýyl, gündizlerine +35...+37o-dan +39...+41o aralygynda yssy bolar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 7-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm. Çyglylygy 10 — 30 %.

Ekosy­ýa­hat­çy­lyk ös­dü­ri­ler

Bü­tin­dün­ýä sy­ýa­hat­çy­lyk gu­ra­ma­sy­nyň baş sek­re­ta­ry Zu­rab Po­lo­li­kaş­wi­li hä­zir­ki wagt­da ýer­li sy­ýa­hat­çy­ly­gyň glo­bal sy­ýa­hat­çy­lyk­dan has ir di­kel­jek­di­gi­ni, mu­nuň dün­ýä ýurt­la­ry­nyň pan­de­mi­ýa­nyň tä­sir­le­rin­den has çalt ha­las bol­mak üçin müm­kin­çi­lik­di­gi­ni bel­le­di. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä ýurt­la­ryn­da adam­la­ryň öz ýurt­la­ry­ny gez­mek­le­ri we öw­ren­mek­le­ri üçin hö­wes­len­di­ril­ýär. Bu bol­sa içer­ki sy­ýa­hat­çy­ly­gyň hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk­dan has çalt ös­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Bi­ler­men­ler sy­ýa­hat­çy­ly­kda 2019-njy ýyl­da­ky ýag­da­ýa 2024-nji ýyl­da ýe­til­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Ge­çen ýyl dün­ýä­de sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny 1 mil­liard aza­lyp­dyr. Hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, şu ýy­lyň sy­ýa­hat­çy­lyk möw­sü­min­de bu pu­dak­da­ky ha­sa­ba alyn­ýan mag­lu­mat­lar ösü­şiň bar­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy ösdürilýär

Ýur­du­myz Bi­ta­rap döw­let hök­mün­de se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry bi­len hä­zir­ki za­man umu­ma­dam­zat me­se­le­le­ri­niň bi­ri bo­lan daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri­ni di­ňe köp­ta­rap­ly hyz­mat­daş­lyk we hal­ka­ra gol­da­wy esa­syn­da çöz­me­giň müm­kin­di­gi­ni hem-de Türk­me­nis­ta­nyň eko­lo­gi­ýa ba­bat­da alyp bar­ýan oňyn içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä ila­ty­nyň pa­ra­hat we aba­dan ýa­şa­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni su­but ed­ýär. Te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­leş­mek Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Mil­li hem-de äh­lu­mu­my möç­ber­de eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň bäh­bi­di­ne ýur­du­myz­da şä­her­le­riň we oba­la­ryň tö­we­rek­le­ri­ni, aw­to­mo­bil hem-de de­mir ýol­la­ry­nyň ýa­ka­la­ry­ny ba­gy-bos­san­ly­ga bü­re­mek me­se­le­le­ri­ni öz içi­ne al­ýan Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.