"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 20-nji noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +1° çenli, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 743 mm, çyglylygy 55 — 75 %.

Ekologiýa abadançylygy

Güneşli Diýarymyzda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak we gorap saklamak, töwerekdäki gurşawy sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň wajyp wezipeleriniň biri bolup durýar. Häzirki wagtda daşky gurşaw baradaky meseleleri çözmekde halkymyzyň asylly däplerine eýerilip, giň gerimli işler alnyp barylýar.

Daşky gurşawyň goragy — sagdynlygyň girewi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek döwletimizde ileri tutulýan wezipeleriň biridir. Ýurdumyzyň tebigatyny goramak baradaky döwlet syýasaty jemgyýetiň ekologik bähbitleriniň ileri tutulmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ugurdaky syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, Türkmenistan gün-günden gözelleşýär, bagy-bossanlyga bürenýär, raýatlaryň ýaşaýyş üçin arassa, sagdyn daşky gurşawa bolan konstitusion hukuklary amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek we çalt depginler bilen ösdürmek boýunça edýän taýsyz tagallalary netijesinde, döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha pugtalanýar hem-de daşky gurşawy gowulandyrmaklyga gönükdirilen ähli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde BMG-niň bu ugurdaky töwekgelçilikleri azaltmak boýunça täsirli çäreleri taýýarlamaga gönükdirilen tagallalary, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça Halkara ylalaşyga gol çekilmegi baradaky teklibini goldap çykyş etdi. Howa boýunça täze halkara Ylalaşygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň ma

Arassa hem tämizdir Diýarymyzyň howasy

Adamyň gündelik durmuşda daşky gurşawdan has köp özüne kabul edýän hem-de peýdalanýan zady howadyr. Howanyň arassalygy bolsa tutuş adamzat üçin uly baýlyk bolup, onuň sagdyn hem ruhubelent ýaşaýşynyň düýp şertleriniň biridir. Hut şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ekologiýa syýasaty netijesinde durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň ählisi-de halkymyzyň bähbidine gönükdirilen işlerdir. Şonuň üçin adam saglygyna täsir edýän howanyň düzüminiň elmydama arassalygyny saklamak hem örän möhüm şertdir. Adamyň iýip-içýän önümleriniň we geýýän eşikleriniň arassalygyny üpjün etmegiň zerur bolşy ýaly, şol bir wagtyň özünde dem alýan howasynyň hem arassalygy örän derwaýys bolup durýar. Howanyň arassalygyny üpjün etmek, ilkinji nobatda, daşky gurşawa aýawly çemeleşmekden başlanýar. Daşky gurşawyň aýawlylygyny saklamak bolsa, öz gezeginde adam bedeniniň fiziki taýdan işjeňligine, onuň maksada okgunlylygyna, ruhy taýdan sagatlygyna örän uly täsir edýär. Bulardan başga-da, howanyň düzümindäki uglerod oksidine garşy göreşijilik ukyby bolan agaçlaryň ekilmegi-de howanyň arassalanmagyna sebäp bolup durýar. Ekologiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde, adamyň saglygyny üpjün etmekde iňňän möhüm meseleleriň biri bolan bag ekmek, ylaýta-da, pürli, miweli, saýaly baglary ekmek işleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýrylmaz wajyp iş tertibi hökmünde amala aşyrylýar. Sebäbi a

Ekologiýa abadançylygy — bagtyýarlygyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ekologiýa babatynda alnyp barylýan işler tebigaty goramaga, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmäge hem-de çölleşme hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilendir. Eziz Diýarymyzda täze seýilgähleri we tokaý zolaklaryny döretmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjekleri bagy-bossanlyga bürenýär, şäherdir obalarymyz tebigatyň owadanlygy bilen sazlaşyp, ekologiýa abadançylygynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek barada giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär. Ýurdumyz BMG-niň düzüm birlikleri bilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde uly işleri durmuşa geçirýär. Şu nukdaýnazardan şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki çykyşynda halkara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň hatarynda dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň ählumumy wehimlerine we howplaryna garşy hereket etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ekologiýa we beýleki meseleler barada ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlary

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 16-njy noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metr, wagtal-wagtal 16 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +13... +15° maýyl bolar. Howanyň basyşy 745 mm, çyglylygy 60 — 80 %.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 15—21-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 12-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...+1o-dan +4...+6o aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+7o-dan +15...+17o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...-2o sowukdan +3...+5o aralygynda maýyl, gündizlerine +4...+6o-dan +14...+16o aralygynda maýyl bolar.

Bag — ýaşaýşyň görki

«Ýaşyl süzgüç» bolup hyzmat edýän agaçlar Ýer ýüzünde ýaşaýşyň kadaly dowam etmeginiň möhüm şertidir. Şu hakykata pugta göz ýetiren merdana pederlerimiz bag ekmegi iň sogaply işleriň hatarynda goýupdyrlar. «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Bir nahal ekseň, ýaşyň bakydyr» diýen ýaly ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgelerimize eýerip, hormatly Prezidentimiz ekologiýa abadançylygyny emele getirýän baglaryň, gülleriň, ösümlikleriň köpeldilmegini aýratyn üns merkezinde saklaýar. Ýurdumyzda giň gerimde döredilýän tokaý zolaklary, bag-bakjaly seýilgähler, bagy-bossanlyklar amatly mikroklimaty döredýär, daşky gurşawy arassa saklamaga ýardam edýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, her ýyl ýazky we güýzki bag ekmek möwsümleri geçirilip, ýurdumyzda köp mukdarda miweli we saýaly agaçlaryň nahallary oturdylýar, ozal bar bolanlaryna yzygiderli ideg edilýär. Şeýle hem sähra ýerlerinde sazak, selin, daglyk ýerlerinde arça, derýa boýlarynda bolsa dürli baglaryň emeli tokaý zolaklary döredilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizde zähmetsöýerligi terbiýelemekde, bereketli topragymyza, onuň tebigy baýlyklaryna söýgülerini artdyrmakda bag ekmek işi örän uly ähmiýete eýedir.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 13-nji noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +9... +11° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 55 — 75 %.

«Kim-de kim bir agaç ekse ýadygär...»

Tebigatyň gurluşy şeýle. Janly zatlaryň hemmesi wagtyň geçmegi bilen gojalýar. Ornuny indiki nesillere berýär. Agaçlar, baglar hem dünýäniň özboluşly bir barlygy. Olar ýaşaýyş üçin iň zerur bolan zady — arassa howany üpjün edýärler. Şonuň üçin hem bag ekmek sogap iş hasaplanylýar. Şahyr aýtmyşlaýyn: «Kim-de kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýä kitabynda onuň ady bar». Şahyr müň keren mamla. Hut şonuň üçin hem dünýä döwletleriniň köpüsinde, şol sanda biziň ýurdumyzda-da iň hormatly myhmanlara agaç nahallaryny oturtdyrmak mertebe hasaplanylýar. 6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegiň giň gerimli nobatdaky tapgyryna badalga berildi.

Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär (Ýaş žurnalistiň sözi)

Dünýä kitabynda onuň ady bar. Gara Seýitliýewiň bu iki setirini, megerem, bilmeýän ýok bolsa gerek. Kerim Gurbannepesowyň: «Asman diýseň, ýyldyz düşýär ýadyňa» diýşi ýaly, bag ekmek diýilse gönüden-göni şol iki setir ýadyňa düşýär. Hawa, 6-njy noýabrda talyp deň-duşlarymyz bilen ählihalk bag ekmek dabarasyna barýan wagtymyz hem şol iki setir dilimize sena bolupdy... Sözümiziň başyny şahyrlardan başlamagymyz ýöne ýere däl. Çünki şol günki ählihalk bag ekmek dabarasy halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň eteginde täze bina edilýän ýadygärliginiň töwereginde boldy. Köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümini bu ýerde geçirmekligi hormatly Prezidentimiziň hut özi teklip edipdi. Bu hem milli Liderimiziň dana şahyrymyza goýýan uly sarpasyndan nyşan.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 11-nji noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +15... +17° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 45 — 65 %.

Abadançylygyň möhüm şerti

Ekologiýa arassalygy Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Häzirki wagtda tutuş dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselesi adamzadyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu gün dünýäniň geosyýasy we geoykdysady şertleri ykdysady durnuklylygyň, energetiki ösüşiň, ekologiýa ulgamynyň abadançylygynyň, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerlikli we öz wagtynda durmuşa geçirilmeginiň dogry usullaryny işläp düzmegi talap edýär. Sagdynlyk we bagtyýarlyk, arassa suw we sanitar hyzmatlary, elýeterli we arassa energiýa, durnukly şäherler we jemgyýetler, arassa howa, suwdaky durmuş, gury ýerdäki durmuş ýaly ugurlar ekologiýa bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Baky Bitarap Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösýän we özgerýän döwründe ýurdumyzyň ekologiýa deňagramlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz 5-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ekologiýa we howa meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini esasy ugur edinýändigini aýratyn belläp geçdi. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) gatnaşma

Bagym bar — barym bar

Garaşsyz Türkmenistanyň syýasatynda ekologiýa meselelerine uly üns berlip, bu ulgamda eziz Watanymyzyň täsin tebigatyny goramaga, baýlyklaryny aýawly peýdalanmagy üpjün etmäge gönükdirilen iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ekologiýa abadançylygynyň baş ugurlarynyň biri bolan bagy-bossanlygy döretmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda her ýyl millionlarça agaç nahallary oturdylýar. Şäherleriň, obalaryň töwerekleri, binalar toplumlarynyň, desgalaryň ýanlary owadan bag-bakjalar, seýilgähler, güller bilen özboluşly sazlaşyp, adamlaryň ruhy dünýäsine oňyn täsir edýän gözel görnüşi döredýär. Dag etekleriniň, dereleriň, ýaýlalaryň, sähralyklaryň hem tokaý zolagyna öwrülmegi oňyn tebigy şertleri emele getirýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda durmuş gurşawyny ekologiýa taýdan gowulandyrmak, şäher, şäherýaka we oba ýerlerinde ýaşyl zolaklary kemala getirmek boýunça bag ekmek işlerine uly üns gönükdirýär. Köp ýyllaryň dowamynda yzygiderli geçirilýän bu çäreleriň netijesinde eziz Watanymyzyň giň çäklerinde adam eli bilen döredilen, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän tokaý zolaklary peýda boldy, olardaky baglaryň sany onlarça milliona ýetdi. Her bir şäheriň, şäherçäniň, obanyň daş-töwereginde tokaý zolaklary döredildi.

Ekologiýa medeniýeti — sagdynlygyň kepili

Bilşimiz ýaly, Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Wise-premýer forumda türkmen tarapynyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak hem-de onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek meselelerinde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny almagy bilen, adamyň tebigata ýetirýän täsirini kadalaşdyrmak üçin uly mümkinçiliklere ýol açyldy. Tebigy baýlyklarymyzy maksadalaýyk we halk bähbitleri üçin peýdalanmakda edilýän işler nusga alarlyk başlangyçdyr. Daşky gurşawy goramak meselesi ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Milli Liderimiziň ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we uzak möhletleýin, geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty tebigatyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny, aýawlylygyny üpjün etmäge hyzmat edýär.

Bag ekmek — asylly ýörelge

Milli Liderimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy 6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegiň giň gerimli nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Bu ägirt uly maksatnamany amala aşyrmaga halkymyz işjeň gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz adamlaryň oňaýly ýaşamagynyň we dynç almagynyň amatly mümkinçiliklerini döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu asylly işe aýratyn üns berýär.

Tebigat gözel — Watan gözel (Ýaş žurnalistiň sözi)

Bag ekmek däbe öwrülen gowulyklarymyzyň biri bolup, durmuşymyza ornaşdy. Ýurdumyzda bu asylly däbe bir adam ýaly bolup eýerýärler. Tebigatymyzy Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, çyn ýürekden söýmek, onuň baýlyklarynyň üstüni ýetirmek watançylyk hereketine öwrüldi. 6-njy noýabrda ýurdumyzda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşanlaryň baýramçylyk ruhy bu sogaply işe aýratyn bir joşgun berdi.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 9-njy noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +3°, gündizine +13... +15° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Sogaply iş kalplara nur ýagdyrýar

Şenbe güni ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän köpçülikleýin bag ekişlik çäresine işjeň gatnaşdylar. Bu çäre ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna ýylyň dowamynda daragtlaryň 30 million düýbüni ekmek boýunça geçirilýän watançylyk hereketiniň buýsançly beýanyna öwrüldi. Bag ekişlik çäresine Dänew etrabynyň Seýdi şäherinden Farap etrabyna barýan awtomobil ýolunyň ugrunda, Amyderýanyň üstünden gurlan Seýdi — Farap köprüsine golaý ýerleşen meýdanda badalga berildi. Bag ekişligiň geçirilen meýdanynyň gabadynda «Bagbanlaryň ýazlagy» diýlip atlandyrylan ilatly ýer hem ýerleşýär. Edil şu ýerde 3-4 gektar çemesi meýdanda täze bag döredi.

Adamzat ýaşaýşynyň gönezligi

Ýurdumyzda ekologiýa syýasaty halkyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmek, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak arkaly ekologiýa taýdan arassa önümçiligi döretmek maksatlaryndan ugur alýar. Milli tebigaty goraýyş strategiýasy ykdysadyýetde we durmuş ulgamynda we ekologiýa babatda wezipeleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir. Aslynda, «ekologiýa» düşünjesi örän giň bolup, ol adamyň we onuň daşky gurşawynyň özara baglanyşygyny öz içine alýar. Ekologiýa ýagdaýy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we adamlaryň iýmitleniş ýagdaýyny gowulandyrmak, oba hojalygyny durnukly ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar bolmagyny gazanmak, suw we tebigy serişdelerden oýlanyşykly peýdalanylmagyny üpjün etmek ýaly ugurlar bilen baglanyşyklydyr.