Garagum – giň mümkinçilikleriň meýdany
Türkmenistan nebit we gaz serişdelerine baý bolmak bilen bir hatarda, alternatiw energiýa çeşmeleri bolan Gün we ýel energiýasyna hem baý döwlet hasap edilýär. Ata Watanymyzyň tebigy şertlerine mahsus bolan Gün energiýasynyň ýokary derejelerini ylmy barlaglar tassyklaýar, ýagny bu ýerde ýylyň 365 gününiň 300-den gowragynyň Güneşli günlerdigi ylmy esasda subut edilen hakykatdyr. Şol esasda Günüň ýagtylyk energiýasynyň ýeriň üstüne düşýän ortaça kuwwatynyň 800 – 1000 watt inedördül metre, gije-gündiziň ýagty wagtynyň 12 – 14 sagada barabar bolmagy bolsa, biziň döwletimizde Gün energiýasyny peýdalanmaga mümkinçilikleriň uludygyny görkezýär. Ýylyň köp wagtynda Türkmenistanyň demirgazygynda demirgazyk-gündogar, Köpetdagyň merkezi hem-de dagetek düzlükleriniň ugrunda gündogar, Günorta-Gündogar Garagumda bolsa demirgazyk ýelleri öwüsýär. Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky käbir etraplarda relýefiň täsiri astynda, demirgazyk ýelleri demirgazyk-günbatar ýellerine öwrülýär. Türkmenistanyň bütin çäginde gowşak we aram ýeller (tizligi 5 metr sekunda çenli) agdyklyk edýär. Tizligi 15 metr sekuntdan gowrak ýelli günleriň sany Merkezi Garagumda, ortaça, 5 – 10, Günorta-Gündogar Garagumda 3 – 8 gündür. Hazar deňziniň demirgazyk kenar ýakasy, Köpetdagyň günbatar etekleri we Amyderýa jülgesi ýelleriň iň köp bolýan ýerleridir. Güýçli tizlikli ýeller, köplenç, günbatar, demirgazyk-günbatar we d