"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Seýrek görünýän guş

Golaýda Balkan welaýatynyň häzirki Magtymguly etrabyndaky Daghojagala geňeşliginiň Gargyly obasynda iş saparynda bolduk. Belentli-pesli, çeşmeli, baglary ir-iýmişli, tebigaty täsin ýerde düşledik. Garaşylmadyk pursatda, baglaryň ýokarky şahalarynda çalasyn hereket edýän, juda seýrek görünýän bu sary reňkli guşy sanly fotoenjam arkaly surata düşürmek başartdy. Aşgabada gaýdyp gelenimizden soň, kitaplary açyp hem internet arkaly tüýdük owazly şol guş barada anykladym. Halkara gyzyl kitaba ady girizilen bu guşuň ady sargyldak. Gyzyl çüňkli, mäkiýany çalymtyl guşuň dünýäde 38 görnüşi bolup, şolaryň biri biziň ýurdumyzda bar eken. Alasardan ulurak bu goňur ganatly guşlar on bäş ýyl töweregi ýaşaýar. Köplenç, ýeke gezýän sargyldak tokaýlarda gür iýmişli baglarda, käwagt baglaryň seýregräk ýerinde-de duşýar.

Gözellik nusgasy — çynar

Dünýä ýurtlarynyň köpüsiniň nyşanyna öwrülen agaçlar bolýar. Mysal üçin, Gresiýada bu hormat zeýtun, Ýaponiýada sakura, Kanadada kerkaw, Awstraliýada altyn akasiýa, Russiýada we Finlýandiýada gaýyň agajyna... degişlidir. Çynar agajyny weli, gündogar halklarynyň köpüsine degişli edip bolar. Sebäbi bu agajyň ady gözelligiň, syrdamlygyň, berkligiň... nyşany hökmünde gündogar halklarynyň ählisiniň diýen ýaly halk döredijiliginde duş gelýär. Bu agajyň ady «belent», «uzyn» ýaly manylary berýän türki sözden gelip çykypdyr. Biziň halkymyzda-da uzyn boýly, owadan, sagdyn... bolup ýetişmegini arzuwlap, gyz çaga Çynar ady dakylýar. Çynaryň saglyga peýdasy adamzada gaty ir döwürlerde belli bolupdyr. Gadymy Rimde çynaryň miwelerinden gaýnadylan dermanlyk içgini ýaralanan, endamyny sowuk aldyran esgerlere beripdirler. Onuň kökünden taýýarlanan içgini ýylan çakanda içiripdirler. Gadymy Rim lukmany Kwint Seren Samonik çynaryň ýapraklaryny gasynlaryň garşysyna peýdalanmagy maslahat beripdir. Rimli zenanlar çynar ýapragy gaýnadylan suwa ýuwnup, onuň gaýnan löderesinden ýüzlerine ýapgy edipdirler. Gerodotyň «Taryhynda» bolsa pars patyşasy Kserksiň çynaryň gözelligine haýran galyp, ony altyn şaýlar bilen bezäp, gorag astyna alandygy barada aýdylýar. Gündogarda keramatly hasaplanansoň, çynaryň suratyny metjitlerdäki mozaikalarda hem görmek bolýar.

Tebigat — göwünleriň ganaty

Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny we gaýtalanmajak gözelligini geljekki nesiller üçin gorap saklamak, daşky gurşawyň ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda kabul edilen ähli iri milli özgertmeler maksatnamalary we meýilnamalary Durnukly ösüş maksatlarynyň ugurlary, şol sanda ekologiýa düzümi bilen berk utgaşýar. Gözel tebigatyň adamzada berýän ähli eşretleri nazara alnyp, ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen bitirilýän beýik işler halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Hut şu belent maksatlardan ugur alnyp, ýurdumyzda her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenilip geçilýär. Ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli amal etmek, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, ýurdumyzyň tebigy serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna ilat üçin oňyn şertleri döretmek babatdaky strategiýa dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky çagyryşlaryna, tagallalaryna doly laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmen tebigatyny bagy-bossanlyga büremek we gülzarlyga öwürmek ugrunda ýadawsyz aladalary ynsan saglygyna oňyn täsir edýän amatly daşky gurşawyň durnuklylygyny saklamagyň, adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmegiň baş wezi

Tebigaty ýangyndan goralyň!

Dynç günlerinde ýa-da zähmet rugsady wagtynda howanyň yssy günleri ildeşlerimiz maşgala agzalary bilen tämiz howaly, akar suwly tokaý-seýilgäh zolaklarynda dynç alýarlar. Ol ýerlerde nahar bişirmek üçin ot ýakmagyň özboluşly düzgünlerini berjaý etmezden, ýangynyň ýüze çykmak howpuny döredýärler. Aşgabat şäherinde we welaýatlarda köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde ot ýakmak doly gadagan edilýär. Eger-de çykgynsyz ýagdaý emele gelende, ot ýakmak üçin, çägeli ýa-da akar suwuň golaýynda ýerleşýän daşlyk ýerden peýdalanmaly. Ot ýakylmazdan öň, şol ýeriň 15 metr daş-töweregi guran ot-çöplerden topraga çenli arassalanmalydyr. Ody ýarym metr çuňlukda ýa-da daşlyk ýer bolanda, töweregine daşlary örüp ýakmalydyr. Otdan peýdalanyp bolnandan soň, ot, suw, gum ýa-da çäge sepilip, doly söndürilmelidir. Dynç almaga maşgala bolup gidilende, çagalary gözegçilikde saklap, olaryň ot bilen garagolluk etmekleriniň öňi alynmalydyr. Kähalatlarda adamlaryň köpüsi özleriniň şahsy awtoulaglary bilen tebigata çykýarlar we guran ot-çöpleriň üstlerini basalap geçýärler. Bu bolsa iň bir howply ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna getirýär. Sebäbi awtoulagyň tüsseçykaryndan guran ot-çöplere uçgun düşüp, ýangynyň döremegine getirjekdigi ikuçsuzdyr. Käbir ýagdaýlarda bolsa sürüjiler dynç alyş ýerlerinde şahsy awtoulaglarynda bejeriş-abatlama işlerini geçirip, ellerini ýa-da awtoulagyň şaýlaryny esgiler bilen süpürip,

Köpetdag kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 117-nji sanynda). Togalak daşlar

Eziz Di­ýa­ry­my­zyň gözel te­bi­ga­ty

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de daş­ky gur­şa­wy, bioköp­dür­lüli­gi go­ra­mak hem-de art­dyr­mak, te­bi­gy baý­lyk­lar­dan re­je­li peý­da­lan­mak ug­run­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ugur­da «Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da Mil­li stra­te­gi­ýa­nyň» re­je­le­nen gör­nü­şi, şeý­le hem Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy we ola­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­la­ry ka­bul edil­di. Ýur­du­myz­da te­bi­ga­ty go­ra­ma­gyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär, şol san­da halk ho­ja­lyk pu­dak­la­ry ta­ra­pyn­dan eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­nyň we eko­lo­gi­ýa gö­zeg­çi­li­gi­niň ta­lap­la­ry, su­wy aýaw­ly we ne­ti­je­li ulan­mak, aý­ra­tyn go­ral­ýan te­bi­gy ýer­le­ri aýaw­ly sak­la­mak bo­ýun­ça eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry gy­şar­nyk­syz ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Bu ta­lap­la­ryň ber­jaý edil­me­gi ada­m­la­ryň aba­dan ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­me­giň mö­hüm şer­ti­dir.

Milli baýlygyň goragynda

1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 27-nji sessiýasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni döredildi. Bu şanly sene şondan bäri her ýylyň 5-nji iýunynda tutuş Ýer ýüzünde bellenilip, ol häzirki zaman dünýäsiniň iň derwaýys ekologiýa meselelerine halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekde möhüm ähmiýete eýedir. Düýn hem Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenildi. Daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Watanymyzyň ajaýyp tebigaty, ony aýap saklamaga has-da baýlaşdyrmaga, ýurdumyzyň ekologik abadançylygyny gazanmaga biziň her birimizi borçly edýär.

Te­bi­gat bi­ziň baý­ly­gy­myz­dyr

Her ýyl bü­tin dün­ýä­de Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­ni bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Bu se­ne daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­gy baý­lyk­la­ry aýaw­ly peý­da­lan­mak, ola­ry kö­pelt­mek, te­bi­gat bi­len el­my­da­ma saz­la­şyk­da bol­mak ýaly asylly ýörelgeleri rowaçlandyrýar. Ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da daş­ky gur­şa­wy aýaw­ly sak­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­tan­da to­kaý we ýa­şyl zo­lak­la­ry dö­ret­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şä­her­le­riň, şä­her­çe­le­riň, oba­la­ryň tö­we­rek­le­rin­de, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da köp­san­ly sa­ýa­ly we pür­li agaç na­hal­la­ry otur­dyl­dy.

Tomus täsinlikleri

«7/24. tm», №23 (158), 05.06.2023. 1-nji iýun Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­nü­dir.

Jennet berjek jennet saýla diýseler, saýlardym men öz ilimiň howasyn!

«7/24. tm», №23 (158), 05.06.2023. Yn­sa­nyň dur­mu­şy te­bi­gat bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly. Ga­dym­da ata-ba­ba­la­ry­myz hem te­bi­gat bi­len ýa­kyn ara­gat­na­şyk sak­lap, on­dan üz­ňe ýa­şa­man­dyr. Bi­ziň aras­sa ho­wa­myz, gö­zel te­bi­ga­ty­myz, jan­ly-jan­dar­lar, ösüm­lik­ler... bi­ziň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­my­za oňaý­ly tä­sir­le­ri­ni ýe­tir­ýär­ler. Ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek­de, te­bi­ga­ty­my­zy gö­zel hem aras­sa sak­la­mak­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­ler öw­gä my­na­syp­dyr. Ýa­şa­mak üçin sag­dyn te­bi­ga­ty go­rap sak­la­mak me­se­le­si soň­ky dö­wür­de hal­ka­ra äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Türk­me­nis­tan hem eko­lo­gi­ýa­ny go­ra­mak ýa­ly bu wa­jyp iş­den çet­de dur­man, gaý­ta hal­ka­ra de­re­je­de äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş ed­ýär.

Tebigat — gözelligiň nusgasy

Halkymyzyň daşky gurşawa aýawly garamagy, tebigaty goramagy gaty ir döwürlerden bäri durmuş ýörelgesine öwrendigine Oguz han atamyzyň: «Bir agaç ekseň, ömrüň bakydyr» diýen sözleri-de şaýatlyk edýär. Bag ekmegiň sogapdygy bolsa biziň her birimiziň aňymyza çagalykda terbiýäniň ilkinji sapaklary bilen bilelikde guýulýar. Tebigatyň goraglylygy baradaky meselelere dünýä ýüzünde birnäçe asyr bäri uly üns berlip gelinýär. Bu işiň wajyplygyna A.I.Gersen hem öz döwründe ünsi çekipdir: «Ägirt uly işler ägirt uly serişde talap edýär. Diňe tebigat ähli täsinliklerini, akylyňa sygmajak ajaýyplyklary bize mugtuna bagyş edýär. Ýöne şol ajaýyplyklaryň gymmatyna düşünmesek, tebigatyň mugt eçilen zatlary üçin ägirt uly töleg tölemeli bolmagymyzyň ahmaldygyny unutmaly däldiris». Ine, şular ýaly, daşky gurşawa ýaramaz täsirleriň öňüni almak bilen baglanyşykly işleriň netijesinde, 1972-nji ýylyň 15-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 27-nji sessiýasynda 5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Bu sene daşky gurşawy goramak boýunça 1972-nji ýylda geçirilen Stokgolm konferensiýasynyň işiniň başlanan güni hökmünde saýlanyp alyndy. Baş Assambleýanyň şol sessiýasynda BMG-niň daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy (ÝUNEP) hem döredildi.

Tebigat — tebigy baýlyk

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak babatda ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär.   Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Türkmenistan ekologiýanyň we daşky gurşawyň goralmagy babatdaky tagallalaryny ählumumy derejede işjeň görnüşde alyp barýar».

TOMUSKY DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMINDE ARASSAÇYLYK TERTIP-DÜZGÜNLERI

Tomus paslynyň ýakymly ýatlamalar bilen ýatda galmagy üçin biziň her birimiz sagdyn durmuş ýörelgele- rini berjaý etmelidiris. Tomus paslynda howanyň gyzmagy bilen biziň durmuşymyzda birnäçe ajaýyp üýtgeşmeler bolup geçýär. Bu pasylda köpler ýylyň dowamynda zähmet çekip, garaşylan dynç alyş möwsümine taýýarlyk görýär. Çagalar dynç alyş merkezlerinde, uly adamlar bolsa şypahanalarda we sagaldyş merkezlerinde dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde guralýan çäreler çagalaryň möwsümleýin ýokanç keseller- den, iýmit zäherlenmelerinden, Gün urmadan goragly bolmaklaryny üpjün edýär. Uly adamlar öz maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, saglyk ätiýaçlandyrmasynyň ýeňilliklerinden peýdalanmak arkaly, ýurdumyz- da hereket edýän şypahanalarda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp, saglyk la ry ny ber kid ýär ler. Ýur du my zyň Süýt we süýt önümleri sowadyjylarda saklanyp, süýt kabul edilmänkä gaýnadylmaly. Tomus paslynda aýna we demir gaplara gaplanan tagamlardan saklanmaly. Iýmit önümleriniň içinde ter miweleriň, gök önümleriň we gök önümlerden taýýarlanan tagamlaryň, ter we kakadylan miwelerden gaýnatmalaryň, melhem çaýlaryň bolmagy hökmanydyr. Ýiti Gün şöhlesinden goranmaly we deňziň kenarynda irden 6:00dan 9:00a çenli, agşam 18:00dan 21:00a çenli gezelenç etmeli. Biziň milli tagamlarymyz, ýerli miwedir gökönümlerimiz iýmit

ŞÄHER EKOLOGIÝASY: SAZLAŞYKLY ÖSÜŞ WE INNOWASION TÄZEÇILLIK

2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we ekologiýa babatdaky tagallalarynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgä esaslanyp, ýurdumyzyň ösüş aýratynlygy we döwletimiziň ileri tutýan wezipeleriniň ählisi jemgyýetçi lik ösüşiniň ýeketäk maksadyna, ýagny adam hakyndaky alada gönükdirilýär. Häzirki wagtda Aşgabat şäherin de toplumlaýyn şäher gurluşyk maksatnamasynyň çalt depginlerde amala aşyrylmagy netijesinde bina edilýän dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümçilik, durmuş medeni maksatly desgalary, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary we beýleki döwrebap binalar akmermere beslenen şäherimiziň görküne görk goşýar. Sebitde iri işewürlik we me- deni merkez hökmünde ornuny barha pugtalandyrýan ak mermerli Aşgabadyň halkara hyzmatdaşlygyň mekany hökmünde ykrar edilmegi parahatçylygy dörediji merkeziň, döwrebap we sazlaşykly ösýän şäheriň derejesine eýedigi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda paýtagtymyz dünýäniň rekordlar kitabyna goşulan, gözelligi bo ýunça haýrana goýýan ösüşleriň şäheri hökmünde tanalýar. Döwlet Baş

Asylly ýörelge — dünýä görelde

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda esaslandyryldy. Şondan bäri ol dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Garaşsyz döwletimizde hem bellenilýär. Gurama häzirki zamanyň ählumumy meseleleriniň çözülmeginde dünýä jemgyýetçiliginiň has utgaşykly işlemäge bolan maksatlaryny özünde jemleýär. Daşky gurşawy goramak ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli özgertmeler maksatnamalary ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ekologiýany goramak Durnukly ösüş maksatlarynyň konsepsiýasynda hem esasy üç ugruň biri hökmünde öňe sürülýär. Mälim bolşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlarynyň konsepsiýasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlaryny birleşdirýär.

«Ýokarda Ülker telpegni silker»

Irki döwürlerden bäri Gün, Aý we ýyldyzlar wagty hem-de ugry kesgitlemek üçin giňden peýdalanylypdyr. Uzak taryhyň dowamynda ata-babalarymyz takyk Aý we ýyldyz hasabyny düzüpdirler. Gadymy ýazgylardan mälim bolşy ýaly, her gezek ýyldyz doganda, howa üýtgemek bilen bolýar. Aýyň, Günüň hem-de ýyldyzlaryň dogup-ýaşýan wagtlaryny dogry kesgitlän pederlerimiz: «Aý agyllasa — ýel, Gün gulaklasa — ýagyş», «Aý agyllasa, aýda ýagar, Gün gulaklasa, günde ýagar» diýen nakyllary döredipdirler. Ata-babalarymyz irki döwürlerde hem asman jisimlerine gözegçilik edip, öz sene hasaplaryny ýöredipdirler. Pederlerimiziň döreden «Sekiz topbak, ýedi ýaýran, iki ýyndam, bir bek» diýen tapmaçasynyň jogabynda her söz bir manyny aňladýar. Sekiz topbak ― Ülker, ýedi ýaýran ― Ýedigen, iki ýyndam ― Aý bilen Gün, bir bek bolsa, Demirgazyk ýyldyzydyr. Türkmen halkynyň Gün, Aý we ýyldyzlar bilen bagly senenamasyna çarwa hasaby hem diýilýär.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe

Gözelligiň, bakylygyň baýramy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigatymyzyň gözelliklerini has artdyrmak, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky ýörelgeleriniň, giň möçberli tagallalarynyň işjeň dowam etdirilýändiginiň, sebit hem-de dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

Daşky gurşawyň sazlaşygy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata-babalarymyzyň durmuş kadasyna öwrülen tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak ýörelgesi Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daş-töweregimizi sagdynlaşdyrmak we ýaş nesli tebigata söýgi, hormat ruhunda terbiýelemek, jemgyýetimiziň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işlerde öz beýanyny tapýar. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10-njy martynda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Häzirki döwürde ak mermerli paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Arkadag şäherinde halkymyz üçin amatly zähmet, ýaşaýyş we dynç alyş şertleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde uly üns berilýär. Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda ýaýbaňlandyrylan asylly işleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli ösdürilýändigini bellemek gerek. Munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Tuýa

Tebigatyň, ýaşyl öwsüp oturan baglaryň, dürli reňkli gülleriň adamlaryň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan ruhy sazlaşygy döredýändigini, dürli bagbançylyk bezegleriniň şäherleriň binagärlik maksatnamasynda maksadalaýyk ulanylmagynyň örän möhüm ähmiýete eýedigini bilermenler belleýärler. Şähergurluşygynda ýaşyl gözellikleri artdyrmaga uly üns berilýär. Bagdyr seýilgähleri, ýol ugurlaryny bezejek köp sanly daragt, gyrymsy agaç we gül ekmek işleri yzygiderli geçirilýär. Ekmek üçin ýaşyl gözellikleriň esasy bölegi degişli kärhanalaryň ýyladyşhanadyr açyk nahalhanalarynda taýýarlanylýar. Ösdürilip ýetişdirilen dürli görnüşli tuýa, dagdan, güjüm, derek, tut ýaly daragtlaryň onlarça görnüşi seýilgählere, meýdançalara, bagýodalaryna, ulag ýollarynyň zolaklaryna üýtgeşik gözellik berýär. Bezeg agaçlarynyň arasynda tuýa agajy has meşhurdyr. Tuýa diňe bir bezeg agajy hökmünde däl, eýsem howany arassalamak, ionlaşdyrmak, hoşboý ys bilen baýlaşdyrmak wezipelerini hem ýerine ýetirýär. Bu agaç şäher seýilgählerinde, aýmançalarda, şeýle-de hususy öýleriň baglarynda ýaşyl germew hökmünde giňden ekilýär. Tuýa arçanyň bir görnüşi bolup, hemişe gök öwsüp duran, uzyn bolmadyk, ýaşylyň dürli öwüşginlerinde, şeýle-de gyzyl we ala öwüsýän reňklerde duş gelýär. Bu agajy güneşli ýa-da alakölege ýerlerde ekmeli. Ýeňil topragy gowy görýär, palçykly ýerlerde bu agaç saralyp solýar. Tuýa tomus döwründe gy

Tebigat — gözümiziň göreji

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdir. Ýurdumyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli çärelere giň gerim berilýär. Şol baýramçylyk günlerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Ekologiýa abadançylygy durnukly ösüşiň kepilidir» atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek, «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly halkara ylmy-taslama bäsleşigini jemlemek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän ylmy-taslama bäsleşiginiň 1-nji tapgyryna jemi 123 adam, şol sanda Türkmenistandan 93 adam, daşary ýurtlardan 30 adam gatnaşdy.