"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ýüpekçilik — 2023

Yhlasly işleýärler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde oba hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde ýüpekçiligi ösdürmeklige hem aýratyn uly üns berilýär. Welaýatymyzda iri etraplaryň biri bolan Sakarçäge etrabynda-da ýüpekçi kärendeçiler pile hasylyny ýetişdirmekde tutanýerli zähmet çekýärler.

Galla — 2023

Ýaşyl maýsalar boý alýar Daýhan gollarynyň gudraty bilen ideg edilýän ýaşyl maýsaly meýdanlara seretdigiňçe seredesiň gelýär. Bereketli topraga alyn derini saçan kärendeçi daýhanlar maýsaly meýdanlara buýsançly nazarlaryny dikip, bu ýyl hem guşgursak dänäniň bol hasylyny almaklygy maksat edinýärler. Olar kärende ýerine eýeçilik gözi bilen seredýärler. Munuň şeýledigini Murgap etrabynyň “Dostluk” daýhan birleşiginiň gallaçy daýhanlarynyň iş ýerinde görmek bolýar. Daýhan birleşiginiň baş miraby Gurbanmyrat Gurbanmyradow bizi 1-nji toparyň kärendeçisi Kemal Gandymowyň ekin meýdanyna alyp bardy.

Suwuň tygşytlylygy gazanylmalydyr

“Suw hasylyň enesidir” diýen pähime eýeren ata-babalarymyzyň ýörelgesinden ugur alýan daýhanlarymyz “ak altynyň”, dänäniň, gant şugundyrynyň, gök we bakja ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirýärler. Şeýle hasylyň kemala gelmeginde daýhanyň zähmeti bilen bol suwuň zerurlygy meseläniň çözgüdini kesgitleýär. Ýurdumyzyň guraksy we yssy howa şertleri bolsa, ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanylýan suwdan tygşytly peýdalanylmagyny talap edýär. Önümçilik dolanyşygymyzyň işgärleri etrabymyzyň çäginde suw serişdelerinden rejeli peýdalanylmagy ugrunda ähli tagallalary edýärler. Akabalaryň öz wagtynda gazylyp we arassalanylyp durulmagy netijesinde daýhan birleşikleriniň we hususy eýeçilikdäki ekin meýdanlarynyň akar suw bilen bökdençsiz üpjün edilmegi gazanylýar. Şeýle hem suwuň bisarpa harçlanylmagy bilen bagly ýagdaýlaryň öňüniň alynmagyna-da uly üns berilýär. Şonuň ýaly-da, täze ekin meýdanlarynyň özleşdirilmegem suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmaga borçly edýär.

Sagdyn köşekler alynýar

Bäherden etrabynyň daýhan birleşiklerinde düýeleriň baş sanyny artdyrmakda mynasyp tagallalar edilýär. Düýelerden sagdyn köşekleri almakda alnyp barylýan işler has-da guwandyrýar. Öz işine yhlasly maldarlaryň üstümizdäki şanly ýylda sagdyn köşekleri almakda gazanýan üstünlikleri bellärliklidir. Şaja Batyrow adyndaky daýhan birleşiginden Ýolaman Annaorazow, Garýagdy Popaýew, “Garaşsyzlyk” daýhan birleşiginden Şageldi Saparow, Meretgeldi Saparow, S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginden Sähet Gurbanow dagy düýelerden köşek almak babatdaky meýilnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirdiler. Bu sarwanlar Garagumuň “Mydar”, “Goşakak”, “Gyzyltakyr”, “Boýurganly”, “Aňkar” diýen oýlarynyň töwereklerinde, ýaz otunyň oňat gögeren ýaýlalarynda mallaryň ine-gana ýazylmagyny gazanýarlar. Maldarçylyk hojalyklarynda düýelerden köşek almak baradaky tabşyryklaryny abraýly berjaý eden sarwanlaryň zähmet üstünligi köplere görelde alarlyk boldy.

Ýeralmanyň bereketli hasyly

Şu günler ýurdumyzyň daýhanlarydyr ýer eýeleri ýeralmanyň ýazlyk görnüşinden bol hasyl almaga aýratyn üns berýärler. Mary welaýatynyň gaýratly daýhanlary hem özleriniň bu ugurda toplan daýhançylyk tejribelerine daýanmak we ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýetişdirýän ýazlyk ýeralmalaryna ideg etmek işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, güýçli depginde alyp barýarlar. Ýeralma we beýleki gök, bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek işleriniň ylmyň öňdebaryjy tejribeleri bilen utgaşdyrylmagy oba hojalyk önümlerini öndürmekde we ýurdumyzda bazar bolçulygyny emele getirmekde gazanylýan uly üstünlikleriň biridir. Oba hojalyk önümlerini, aýratyn hem, ýeralmany ösdürip ýetişdirmäge we ondan bol hasyl almaga mynasyp goşant goşýan daýhanlar üçin döredilýän amatly şertlerdir ýeňillikler zähmete bolan höwesi has-da artdyrýar. Mary welaýatynyň ussat kärendeçileridir önüm öndürijileri hem şu ýyl 9 müň gektara ýazlyk ýeralmanyň howa we toprak şertlerimize durnukly, ýokary hasyl berýän tohumlaryny ekip, olara göwnejaý ideg edýärler. Häzir ýazlyk ýeralma ekilen meýdanlar döredijilikli we öndürijilikli zähmetiň gaýnap joşýan ýerlerine öwrüldi. Soňky ýyllarda bu azyklyk ekini ösdürip ýetişdirmäge isleg bildirip, Mary welaýat «Miwe» oba hojalyk senagaty birleşigi bilen şertnama baglaşýan daýhan birleşikleriniň, şeýle h

Görkeziji 2 esseden hem ýokary

Ilata oba hojalyk we azyk önümleriniň 25-e golaý görnüşini hödürleýän Lebap welaýatynyň hususyýetçileri şu ýyl ýumurtga önümçiliginde has-da gowy netijeleri gazandylar. Bu ugur boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş 2 esseden hem gowrak boldy. Welaýatyň hususy guşçulyk toplumlarynyň bir ýyldaky ýumurtga önümçiligi 23 million 165 müňe ýetýär. Eger geçen ýylyň birinji çärýeginde gündogar sebitiň hususy guşçulyk toplumlarynda 1 million 279 müň sany ýumurtga alnyp, ilata hödürlenen bolsa, şu ýylyň degişli döwründäki mukdary 2 million 770 müň ýumurtga golaýlady. Şeýlelikde, welaýat boýunça 216 göterimlik ösüşe eýe bolundy.

Oba hojalygy: ekinleriň hasyllylygyny artdyrmak möhüm wezipedir

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Mejlisde Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.

Maýsaly meýdanlaryň idegi ýetirilýär

Köneürgenç etrabynyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileriniň 170-si 580 gektar ýerde ekilen bugdaý maýsalaryna yhlasly ideg edýärler. Hojalykda suw sorujy enjamlaryň ikisiniň gije-gündiziň dowamynda saz işledilmegi netijesinde bugdaý maýsalaryna birinji ösüş suwy doly geçirilip gutaryldy. Häzirki wagtda bugdaý maýsalaryny goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işi dowam edýär. Bu işde daýhan birleşigine degişli tehnikalaryň 4-si işledilip, olar dökün daşamakda, ony sepmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Her günde hojalykda 50 gektar bugdaý maýsalaryna dökün bermek işi talabalaýyk geçirilýär. Göreldeli kärendeçilerden Hursant Işimow, Öregeldi Haljanow, Araznepes Myratjykow, Güljan Begnazarowa özlerine berkidilen ýerlerde yhlasly işleýärler. Bu kärendeçileriň göreldesine eýerýän hojalygyň beýleki kärendeçileri hem ähli ideg işlerini ýokary hilli berjaý edýärler. Agrotehnikanyň talaplaryna laýyk geçirilýän ideg işleriniň netijesinde bugdaý maýsalary gününi sanap kadaly boý alýarlar. Al-ýaşyl öwsüp, bahar paslynyň mylaýym şemalyna tolkun atýan bugdaý maýsalaryny synlanyňda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hojalygyň kärendeçileriniň şertnamalaýyn borçnamasyny üstünlikli berjaý etjekdiklerine bolan ynamyň artýar.

Daýhan yhlasyndan ýer joşa gelýär

Ähli ýyllarda bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem öz öňlerinde belent maksatlary goýmak bilen, giň meýdanlarda ýaşyl öwsüp, töwerege bezeg berip oturan maýsalara ideg etmekde Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri işleriň depginini birjik-de gowşatman, gujur-gaýrat bilen yhlasly zähmet çekýärler. Häzirki wagtda ýaşyl öwsüp oturan bugdaýly meýdanlar göreniň ünsüni özüne çekýär. Ady agzalan daýhan birleşiginde öz käriniň abyny-tabyny alan, işine ussat tejribeli kärendeçiler bilen bir hatarda ýaş kärendeçileriň hem ençemesi zähmet çekýärler. Şeýle işjeň ýaşlaryň biri hem şu daýhan birleşiginiň ýaş kärendeçisi Suraý Bekmyradowadyr. Ol geçen ýyly uly zähmet üstünlikleri bilen jemläp, 5,3 gektar meýdandan 19 tonna 80 kilogram tohumlyk bugdaýyň deregine 20 tonna 835 kilogram tohumlyk bugdaýy Watan harmanyna tabşyrmagy başardy. Bu görkezijiler bolsa şertnamalaýyn borçnama boýunça her gektardan 36 sentner hasylyň ýerine 39,3 sentner hasylyň taýýarlanylandygyny aňladýar. Ýaş kärendeçi diňe bir bugdaý hasylyny ýetişdirmek bilen çäklenmän, eýsem, pagta hasylyny ýetişdirmekde hem ilkinjileriň hatarynda tanalýar. Geçen oba hojalyk ýylynda ol 4,8 gektar gowaça meýdanyndan meýilnamada göz öňünde tutulan 16 tonna 350 kilograma derek, 26 tonna 425 kilogram ýokary sortly tohumlyk pagta hasylyny tabşyrdy. Şeý

Buýsandyryjy hoş habar

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap «Maldar» maldarçylyk hojalygy owlak-guzy möwsümine taýýarlykly geldiler. Etrabyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynda 174 müň 731 baş goýun bolup, olaryň 101 müň 611-si ene goýunlardyr. Şu ýyl meýilnama boýunça 93 müň 628 sany guzy almak göz öňünde tutulypdy. Emma maldarlaryň tutanýerliligi bilen bu görkeziji 93 müň 909-a ýetdi. Munuň özi şertnamalaýyn borçnamanyň artygy bilen ýerine ýetirilendiginiň aýdyň güwäsidir. Şeýlelik bilen, meýilnama 100,3 göterim amal edildi. Dowarlardan ýokary önüm almak maksady bilen, TKA-nyň Tagtabazar etrap birleşmesi «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň kärdeşler arkalaşygy guramasy bilen bilelikde, adat bolşy ýaly, öňdebaryjy maldarlaryň arasynda ýörite «Malym – janym» atly bäsleşik yglan etdiler. Bu çäräniň esasy maksady ýaş çopanlary höweslendirmekden, döwletiň azyk bolçulygyna önjeýli goşant goşmakdan ybaratdyr. Gowy görelde görkezip, oňat netije gazanan maldarlardan 1-nji bölümden Sylap Perdeliýewiň, Babanýaz Berdiýewiň, Güýçgeldi Öwülýagulyýewiň, 4-nji bölümden Rejep Aşadowyň, Gadam Arnamyradowyň, Güýçgeldi Jumageldiýewiň atlaryny buýsanç bilen agzamak bolar.

Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz

Müňýyllyklaryň dowamynda eldekileşdirilen düýeleriň geçmişine ser salsaň, ýaşaýyş menzilleriniň islendik döwründe bu malyň adamzat durmuşyndaky ähmiýetiniň kiçi-girim bolmandygyna öwran-öwran göz ýetirýärsiň. Aýratyn hem halklaryň biri-birine has ýakynlaşmagyna, milletleriň söwda, ykdysady, medeni gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna uçursyz uly täsir eden Beýik Ýüpek ýolunyň üznüksiz hereket etmeginde düýeleriň bahasyna ýetip bolmajak hyzmat edendikleri baradaky maglumatlary eşideniňde, piri güýçli bu janawarlara bolan guwanjyň goşalanyberýär. Çünki öz döwründe iň gatnawly, iň uly dünýä ýollarynyň biri hökmünde älem-jahana özüni ykrar etdiren bu ýolda esasy ýük ulagy bolup düýeler hyzmat edipdirler. Ýola düşen agyr kerwenlerem ata-babalarymyzyň «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» diýen pähimine eýerip, inerlerden düzülipdir. Sebäbi Beýik Ýüpek ýoly bilen gatnaýan kerwenler diýseň kötelli, her hili päsgelçilikleri az bolmadyk ýol bilen telim aýlap, tomsuň tüp yssysynda-da, gyşyň gar-ýagyşly, aňzakly günlerinde-de üsti agyr ýükli hereket etmeli bolupdyrlar. Şonuň üçin bu ýol bilen ençeme gezek gatnap, köp-köp kynçylyklary başdan geçirmeli bolan kerwenbaşylar öz kerwenleriniň inerlerden düzülmegine aýratyn üns beripdirler. Sebäbi inerleriň ýük göterijiligi ýokary bolupdyr. Olaryň her birine 8 – 10 batman (200 kilogram töweregi) ýük ýüklenipdir. Inerleriň aýaklarynyň berk we has da

Gowaçanyň arassa sortly bolmagy zerurdyr

Gowaçanyň sorty bir durşuna durmaýar, wagtyň geçmegi bilen onuň mukdar we hil alamatlary üýtgeýär. Eger, her bir sort boýunça aýratynlykda we yzygiderlilikde tohumçylyk işi geçirilmese, onda gowaçanyň hili ýyl-ýyldan ýaramazlaşyp, hasyllylygy we süýüminiň hili pese düşýär. Şeýlelikde, tohumlaryň arassa sortlulygyny saklamak hem-de ýokarlandyrmak tohumçylyk işiniň esasy maksady we wezipesidir. Gowaça ekýän hojalyklaryň pagtanyň borçnamalaýyn meýilnamasyny doldurmagy üçin geçirilýän agrotehniki çäreleri gowulandyrmak bilen bir hatarda ekilýän tohumlaryň arassa sortly bolmagynyň uly ähmiýeti bar. Şeýle tohumlar ekilenden soň, birmeňzeş ösümlikler gögerip çykýar we olar göwnejaý idedilende, köp we ýokary hilli hasyl berýär. Gatyşyk sortly tohumlar ekilende, ekilýän sort hasylly bolsa-da, beýleki sortlar bilen gatyşmagy zerarly özüniň gymmatly hilini kem-kemden ýitirýär we hasyllylygyny peseldýär. Gowaçanyň arassa sortly tohumynyň şol sortuň özüne mahsus bolan uzynlygy, inçeligi we berkligi boýunça birmeňzeş pagta süýümini berýändigi mälimdir. Dokma senagaty üçin bolsa şeýle süýümler has ýaramly bolýar, sebäbi diňe birmeňzeş, gowy, berk süýümden berk ýüplükleri we matalary taýýarlamak mümkindir. Birmeňzeş süýümler egirme-dokma fabriklerinde egriji maşynlaryň işlemegi üçin oňaýly bolýar, sebäbi süýüm näçe meňzeş boldugyça, şonça hem maşynlaryň işi netijeli bolýar. Gowaça tohumynyň ar

Bol hasyl ugrunda

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek ugrunda yhlasly zähmet çekýän edermen gallaçy babadaýhanlarymyz şu günler däne ekinlerine göwnejaý ideg edýärler. Bu ugurda daýhan birleşikleridir daýhan hojalyklarynyň gallaçylary ýerden ýokary hasyl almagyň aladasy bilen, ekinlere ýokary agrotehniki talaplara laýyklykda suw tutmak, goşmaça iýmitlendirmek işlerini batly depginlerde alyp barýarlar. Sarahs etrabynyň gallaçy kärendeçileri hem şu ýyl ýokary hasyl öndürip ýetişdirmek babatynda ýerine ýetirmeli işleri talaba laýyk geçirýärler. Etrabyň Galkynyş geňeşliginiň çäginde döredilen «Goşa kent» daýhan hojalygynyň gallaçylarynyň iş aladalary bilen tanşanyňda, muňa aýdyň göz ýetirýärsiň. Bu daýhan hojalygyna meýilnama esasynda bölünip berlen 33 gektar ýeriň 10 gektarynda bugdaýyň bereketli hasyly kemala getirilýär.

Ussat ýüpekçi

Tejen etrabynda ýüpek gurçuklaryny idetmekde baý tejribe toplan ussat ýüpekçileriň ençemesi bar. Şolaryň biri-de etrabyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulkeýik Akmyradowadyr. Ýüpekçileriň durmuşynda dowam edýän şu jogapkärli günlerde kärendeçi bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol alyp barýan işleri barada bize şeýle diýdi: — Däp bolşy ýaly, şu möwsümde hem maşgalamyz bolup 43 guty ýüpek gurçugyny idetmeklige aldyk. Baş maksadymyz möwsümiň ahyrynda 1740 kilogram piläni tabşyrmakdan ybarat. Ýüpek gurçuklaryna, esasan, ter tut ýapraklary gerek. Bizde bu meselede hiç hili bökdençlik ýok. Obamyzyň tejribeli bagbany Muhammet Bäşimow öz zähmeti bilen ýetişdiren tut agaçlaryndan näçe diýseň getirip, üpjün edip dur. Gurçuklaryň oňat pile saramagy üçin olary turuwbaşdan oňat ideg bilen gurşamaly. Maňa bu işde ýanýoldaşym Baýramgeldi Akmyradow, kärdeşlerim Enejan Gurbanmuhammedowa, Hajar Goçowa, Gurbanjemal Begenjowa, Göwher Goçowa, Nurnabat Durdyýewa dagy ýakyndan kömek berýärler. Gurçuklarymyzyň häzirki ýagdaýy gowy. Nesip bolsa, möwsümiň ahyrynda döwlet tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetireris. Bu bolsa uly ösüşlere we özgerişlere beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna zähmet sowgadymyz bolar.

Daýhan yhlasy myrat tapýar

Adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine güýçli täsirini ýetiren ekerançylyk häzirki döwürde-de islendik döwletiň ykdysadyýetiniň möhüm ugrydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini has-da güýçlendirmek, import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Halkymyz topragy mukaddeslige deňeýär. Çünki bereketli topragymyz ýylda iki-üç gezek hasyl berýär. Ak bugdaýyň ilkinji ýetişdirilen mekanynyň hut türkmen topragy bolmagy-da halkymyzy örän buýsandyrýar. Bu gün halal zähmetiň miwesine iň uly baýlyk hökmünde garaýan türkmen daýhany ýerden bol hasyl almagyň lezzetine guwanýar.

Ýüpek gurçuklary paýlanylýar

Ýüpekçilik möwsüminde ýokary netijeleriň gazanylmagynda gurçuk tohumlarynyň talabalaýyk örüzilip, ýaş gurçuklaryň ýüpekçilere öz wagtynda ýetirilmeginiň möhüm ähmiýeti bar. «Daşoguzwelaýatýüpek» önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki bölümlerinde bu ugurda degişli işler geçirilip, bellenen meýilnama laýyklykda, ýüpek gurçuklaryny idedip, bol pile hasylyny öndürjek tejribeli ýüpekçi kärendeçiler bilen şertnamalar baglaşyldy. Welaýatymyzyň çäklerindäki 67 sany tohum örüziş nokatlarynda 351 kilogramdan gowrak tohumdan öndürilen ýaş gurçuklar ýüpekçilere paýlanylyp başlandy. Mälim bolşy ýaly, şu möwsümiň dowamynda 12,5 müň guty ýaş gurçuklar idedilip, olardan 500 tonna ýokary hilli pile öndürmek meýilleşdirilýär.

Türkiýäniň sitrus miweleriniň eksporty üç aýda 12 göterim ýokarlandy

2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkiýäniň sitrus miweleriniň eksportynyň mukdary 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,22 göterim ýokarlanyp, 351 million 855 müň amerikan dollaryna barabar boldy. Bu hakda Ortaýer deňzi sebitiniň eksportçylar birleşmesiniň beýanatynda aýdylýar. Birleşmäniň maglumatyna görä, şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 603 müň 488 tonna sitrus miwesi eksport edildi.

Rus alymlary topragyň öndürijiligini ýokarlandyrýan biokömür döretdiler

Týumen döwlet uniwersitetiniň (Russiýa) alymlary topragyň häsiýetini gowulandyrmagyň we hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň täze usulyny oýlap tapdylar. Munuň üçin olar organiki galyndylardan alnan biokömri ulanmagy teklip etdiler. Agaç galyndylary, sypal we sosna hozunyň gabygy ýaly materiallar termiki taýdan gaýtadan işlenilip, uly öýjükli uglerod materialyna öwrülýärler. Täze material topraga sepilende, onuň düzümini we suw-howa derejesini gowulandyrýanlygy ýüze çykarylypdyr. Bulardan başga-da, materialda peýdaly mikroelementleriň toplumynyň bardygy anyklanyldy.

Ekiş bejergi bilen utgaşýar

Asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiziň bellän senelerine laýyklykda, 24-nji martda ýurdumyzda gowaça ekişine badalga berildi. Möwsüme ykjam taýýarlyk görüp, şu ýylda 130 müň gektar meýdana gowaça ekmegi meýilleşdiren Lebap welaýatynyň zähmetkeşleri-de şu günler gowaça ekişini gowşamaýan depginde dowam etdirýärler. Her gün dürli görnüşli oba hojalyk tehnikalarynyň 1500-e golaýy ekin meýdanlaryna çykarylyp, ýerleri ekişe taýýarlamak we ýokary hilli gowaça ekişini geçirmek işleri alnyp barylýar. Eýýäm irki ekiş geçirilen atyzlarda bolsa gowaçalar iki gulak bolup ýerden çykyp, hataryny deňlediler. Bu ýagdaý pagtaçylary hem-ä begendirýär, hemem tijenip işlemäge ruhlandyrýar. Sebäbi gowy gögeriş alnan ýerlerde ilkinji bejerginiň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegi bol hasylyň girewi bolup durýar. Daýhanlar muňa oňat düşünýärler. Olar şu günler gowaça ekişi bilen bir hatarda, gowaçanyň ilkinji hatarara bejergisini utgaşdyryp alyp barýarlar.

Balkanly çarwadarlaryň üstünligi

Oba hojalyk ulgamyny her sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk alyp barmakda Balkan welaýatynda hem maksada okgunly işler amala aşyrylýar. Muňa Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň günbatar sebitdäki «Gyzylarbat», «Balkan», «Gyzylbaýyr» maldarçylyk hojalyklarynyň janypkeş maldarlarynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dowarlardan we düýelerden köşek almak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmekleri hem aýdyň güwä geçýär. Olar şu ýylyň ýaz möwsüminde 58 müň 130 dowardan 53 müňden gowrak owlak-guzy we 3 müň 120 sany inen düýeden 744 köşek almak baradaky ýyllyk meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler. Alnan ýaş mallary hasaba almak we belgilemek işleri hem talabalaýyk amala aşyryldy. Balkanly maldarlaryň gazanan zähmet üstünligi hormatly Prezidentimiziň ýurduň oba hojalygynyň möhüm pudaklarynyň biri bolan maldarçylygy ösdürmek, bu ugurda tutanýerli zähmet çekýänleri höweslendirmek babatdaky aladalarynyň oňyn netijeleri berýändiginiň aýdyň mysalydyr.