Täze hasylyň düýbi tutulýar
Oba hojalygynda işler ýylyň dowamynda dynuwsyz dowam etdirilýär. Sebäbi medeni ekinleri ekmek, olara ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnamak ýaly her döwrüň özüne mahsus iş-aladasy ýeterlik bolýar. Şonuň üçin hem daýhan birleşiklerinde, hojalyklarynda ýerleri ekişe taýýarlamakdan başlap, tä hasyl ýygnalýança, daýhanlaryň işi kemelmeýär. Olara welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etraplardaky hyzmat ediş kärhanalarynyň mehanizatorlary kömege gelýärler. Şu günler hem olar gowaça hasylyndan boşan ýerlerde gyş sürümini ýokary depginde geçirýärler. Agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilişiniň gowaça hasylynyň mukdaryna we hiline täsir edýändigine gowy düşünýän mehanizatorlar traktorlara çatylan azallaryň topragy bellenilen çuňlukda agdarmagyny gazanýarlar. Bu bolsa atyzlaryň baharda gowaça ekişini geçirmek üçin kadaly taýýarlanylýandygyny aňladýar. Häzirki wagtda welaýatymyzda kuwwatly sürüm traktorlarynyň 432-si bolup, şolaryň 245-si ýerleri sürmäge çekilýär. Traktorlar we olara çatylýan gurallar wagtynda gözden geçirilip, abatlanylýar. Bu işde Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynyň hünärmenleriniň uly paýy bar. Kärhanada oba hojalyk tehnikalarynyň zerur şaýlaryny ýasaýarlar. Hemişe bolşy ýaly, şaýlaryň ätiýaçlyk gory hem döredilýär. Tehniki taýdan kömek bermek üçin döredilen toparlar bolsa zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda traktorlary we olaryň gurallaryny ýerinde aba