"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Oba hojalygy

Sürüm işleri ýokary depginde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen «ak altyny» iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap alyp, Watan harmanyna tabşyrmaklygy öndürijilikli dowam etdirýän welaýatymyzyň pagtaçy daýhanlary, şol bir wagtyň özünde, hasyldan boşan meýdanlarda sürüm işlerine hem agzybirlik bilen girişip, bu derwaýys çäräniň depginini günsaýyn güýçlendirýärler. Bu babatda olara etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň mehanizatorlarynyň uly goldaw berýändiklerini bellemek bolar.

Döwrebap özgerişleriň ýoly bilen

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata Watanymyzyň ähli sebitlerinde oba hojalygynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär we belent sepgitlere ýetilýär. Muny şu ýyl Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly öndürilip, welaýatlar boýunça bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamalaryň üstünlikli berjaý edilmegi-de doly tassyklaýar. Galla oragy möwsüminde häzirki zaman «John Deere» we «СLAAS» kysymly kombaýnlaryň ýerlikli ulanylmagynyň netijesinde, daýhanlaryň ýetişdiren bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnalyp alyndy. Şeýle hem şu günler pagta hasylyny ýitgisiz ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär. Bu ugurda Türkmen oba hojalyk institutynda hem nusgalyk işler alnyp barylýar. Institutymyzda bilim alýan talyp ýaşlar oba hojalygynyň dürli ugurlary boýunça döwrebap bilim alýarlar. Golaýda institutyň guramagynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşiginiň ýokary derejede geçirilmegi bu aýdanlarymyzyň aýdyň mysalydyr.

Halal gazanjyň höziri

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda yhlasly zähmet çekip, halal gazanç eden adamyň azaby ýerine düşüp, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, iş maslahatlarynda kärendeçi daýhanlaryň, daýhan hojalyklarynyň agzalarynyň döwlete tabşyran önümleri üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi hakynda berýän görkezmeleri-de şu maksada gönükdirilendir. Şondan ugur almak bilen, biziň welaýatymyzda hem banklar tarapyndan döwlet harmanyna tabşyrylan pagta, şaly hasyly üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklar geçirilýär. Daýhanlaryň öz halal gazançlaryny bankomatlaryň üsti bilen almaklaryna doly mümkinçilik döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň hasylyndan başlap pagtanyň, şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagynyň özleri üçin uly ykdysady goldaw bolandygyny halal zähmetiniň bereketli girdejisini maňlaýyna sylýan kärendeçi daýhanlar uly guwanç bilen aýdýarlar. Olar munuň üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan edýärler. Gazananyňyz toýlaryňyza ýarasyn, edermen daýhanlar!

Zähmet hormat getirýär

Biziň gürrüňimiz Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň 40 ýyldan gowrak wagt bäri şalyçylyk bilen iş salşyp gelýän tejribeli daýhany Galpakbaý Mämmetdurdyýew barada. Onuň kakasy Täçdurdy aga seýis, belli atşynas hem-de tejribeli daýhan bolupdyr. Ol ençeme ýyl topar ýolbaşçysy bolup, pagtadan ýokary hasyl almagyň göreldesini hem görkezipdir. Ol öz ogly Galpakbaýyň hem daýhançylyk kesbini dowam etdirmegini isleýärdi. Galpakbaý ata maslahatyna eýerip, ilki Daşoguz şäherindäki ýörite oba hojalyk mekdebini, soňra Aşgabatdaky oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk bölümini tamamlady. Oňa 1982-nji ýylda häzirki Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşigine işe ýollanma berdiler. Bu hojalyk şalyçylyga ýöriteleşdirilen iri hojalyklaryň biridi. Galpakbaý bu ýerde topar ýolbaşçysy, agronom ýaly wezipelerde işläp, şalyçylygyň abyny-tabyny gowy öwrendi. Ýaş agronomyň işbaşarjaňlygyna, gazanýan oňat netijelerine göz ýetirensoňlar, ony 1987-nji ýylda şalyçylyga ýöriteleşdirilip, täze açylan häzirki «27-nji oktýabr» daýhan birleşigine işe goýberýärler.

Telekeçilik

Rowaç gadamlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe telekeçilik ulgamy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary netijeleri gazanýan pudaklarynyň birine öwrüldi. Bu ugurdaky ösüşlere mynasyp goşant goşýan telekeçiler, hususy kärhanalar welaýatymyzda-da az däl. Olaryň hatarynda Şabat etrabynyň Diýar geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Amantaý» hususy kärhanasy hem bar.

Ýerler ýaz ekişine taýýarlanýar

Ak bugdaý etrabynyň oba zähmetkeşleri gowaçadan boşan meýdanlary ýaz ekişine taýýarlamak işine häzirden ähmiýet berýärler. Olar şu günler gowaçadan boşan ýerlerde sürüm işlerini agrotehnikanyň talaplary esasynda geçirmekde bar bolan mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarlar. Sürümi öz wagtynda geçirmekde we topragy ýaz ekişine talabalaýyk taýýarlamakda mehanizatorlara uly orun degişlidir. Muňa oňat düşünýän mehanizatorlar özlerine ynanylan oba hojalyk tehnikalaryny saz we bökdençsiz işledip, sürümiň ýokary hilli geçirilmegi ugrunda yhlaslylyk görkezýärler.

Limon ýygnalýar

Ak bugdaý etrabynyň Gämi geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, «Owadan Gämi» hususy kärhanasynyň limonariýa ýyladyşhanasynyň agzybir zähmetkeşleri şu günler limonyň ýygymyny depginli alyp barýarlar. Limonyň ýygymynda ýyladyşhananyň işgärleriniň her biri yhlas bilen zähmet çekýär. Şeýle bolansoň, baglardan limonyň her günde onlarça kilogramy ýygnalýar. Ýyladyşhana 4,5 gektar meýdany eýelemek bilen, ol ýerde limon baglarynyň 8 müňe golaýy bar. Şu möwsümde baglardan limonyň 70 tonnasyny ýygnamak maksat edinilýär. Asylly maksat ýyladyşhanada zähmet çekýän ildeşlerimiziň her birine birkemsiz ýetişen miweleri isripsiz ýygnamaga hyjuw berýär. Ýygnalan ýokuma baý limonlar ýurdumyzyň welaýatlaryna we paýtagtymyza ugradylyp, ak bazarlarda terligine ilata ýetirilýär.

Işler sazlaşykly barýar

Sarahs etrabynyň hojalyklarynda ýerleri ýaz ekişine taýýarlamakda sürüm, tekizleýiş işleriniň öz wagtynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegi bol hasylyň ösdürilip ýetişdirilmeginde möhüm şertleriň biridir. Täze hasylyň aladasy bilen yhlasly zähmet çekýän pagtaçy babadaýhanlar geljek ýyl üçin sürüm geçirilmeli 18 müň gektar meýdanyň 4 müň gektara golaý ýerinde sürüm işlerini geçirip, tekizleýiş işlerine girişdiler. Ýerleri ýaz ekişine taýýarlamakda etrabyň hojalyklarynyň arasynda «Bereket», Muhy Amanow, S.A.Nyýazow, Oraz Salyr adyndaky daýhan birleşikleriniň pagtaçy kärendeçileri has işjeňlik görkezýärler. Etrabyň «Bereket» daýhan birleşiginiň Gurban Sapallaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 5-nji kärendeçilik toparynda ýaz ekişine görülýän taýýarlyk işleriniň has-da ýokary depginde, talabalaýyk alnyp barylýandygyny aýratyn bellemelidiris. Toparyň pagtaçy kärendeçileri geljek ýylyň hasyly üçin 112 gektar meýdanda sürüm işlerini geçirip, meýdanlarda tekizleýiş, keş çekmek işlerine guramaçylykly girişdiler. Bu işleriň sazlaşykly alnyp barylmagynda ussat mehanizatorlar Şöhrat Muhyýew, Maksat Mämmedow, Baýram Rejepow dagynyň mynasyp paýlary bardyr. Etrabyň hasyl ussatlary şu işler bilen bir hatarda, hasyldan boşan meýdanlary gowaça çöpünden arassalamak işini hem ünsden düşürmän utgaşykly alyp barýarlar.

Päk zähmeti bilen adygan

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bereketli topragymyzdan oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin amatly şertler döredilýär. Munuň üçin öňdebaryjy iş usullaryna daýanylýar. Bu ugurda biologiki usullary ulanmak peýdaly we netijeli hasaplanýar. Biousullary ulanmakda baý tejribeli hünärmenler welaýatymyzda diýseň köp. Şolaryň biri-de Nurýagdy Bazarowdyr. Indi 40 ýyl bäri barlaghanada zähmet çekýän Nurýagdy aga hünärine göwün beren ynsan. Ol ýaş döwri gowaçaly meýdanlara altyngözlüje goýberilende, uly gyzyklanma bilen synlap, olaryň ekinleri zyýankeşlerden goraýandygyny öwrenende, bu käre höwesi has-da artdy.

Gant şugundyrynyň bol hasyly ýygnalýar

Aslynda durmuşda ähli gowy zatlar süýjülige deňelýär. «Süýji durmuşda ýaşamak, süýji günleriň hözirini görmek, süýji ömür sürmek, süýji arzuwlar» diýen ýaly, ençeme jümleleriň döremeginde hem süýjülik tagam bilen baglanyşyk bar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň azyk senagatynda şol süýjülikleriň iň esasysy bolan gant önümçiliginiň möçberiniň artdyrylmagynda biziň gant şugundyrçy kärendeçilerimiziň saldamly goşandynyň bardygyny bellemek buýsandyryjy hakykatdyr. Çünki gant şugundyry ýurdumyzda gant öndürmekde esasy çig-mal bolup durýar

Ak ekiniň idegi

Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda ak bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde güýç-gaýratlaryny gaýgyrmandyrlar. Şol sebäpli-de her bir gallaçy daýhan üçin bugdaýyň bereketli hasyly bolelin durmuşyň binýady hasaplanýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýylyň-ýylyna halal zähmet çekmegiň göreldesini, yhlasly işlemegiň oňyn netijesini görkezýän daýhanlaryň sany barha artýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe işi ilerleýän şeýle gallaçy daýhanlaryň biri-de Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Garawekil obasynyň ýaşaýjysy Gurban Begenjowdyr. Gurban aga etrabyň «Türkmenistan» daýhan birleşigine degişli bolan 4 gektar ýerinden tohumlyk bugdaýyň saýlama görnüşlerinden bol hasyl almagyň ussady hökmünde tanalýar.

«Sary altynyň» berekedi

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny artdyrmak ugrunda gadymy Lebabyň babadaýhanlary hem yhlasly, göreldeli zähmet çekýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bereketli topragymyzdan ýylda iki-üç hasyl almak barada öňde goýan wezipeleri Lebap welaýatynda hem üstünlikli amala aşyrylýar. Şu günler lebaply daýhanlar hem bugdaý hasyly ýygnalan meýdanlarda ekilen beýleki aralyk ekinler bilen bir hatarda şalynyň bol hasylyny Watan harmanyna tabşyrýarlar. Welaýatymyzyň etraplarynyň ählisinde şaly ekildi we olar bol hasyl berdi. Aralyk ekinleriň arasynda şala uly orun degişli bolup durýar. Geçen ýyllarda welaýatymyzyň toprakdan dür öndürýän daýhanlaryna şaly ýaly bereketli ekini ösdürip ýetişdirmäge giň mümkinçilikler açyldy, amatly şertler döredildi. Şonuň bilen birlikde şalyçylarymyzyň iş tejribesi ýylsaýyn baýlaşýar. Olar şalydan bol hasyl ýetişdirmegiň inçe syrlaryny mäkäm özleşdirýärler. Welaýatymyzyň ekerançylarynyň her ýylda ýetişdirýän şaly hasylynyň azyklyk sypatlarynyň hil taýdan has ýokarydygyny aýratyn belläsiň gelýär. Häzirki wagtda Lebap topragynda ýetişdirilen şaly önümine ýurdumyzda uly isleg bildirilýär. Diýarymyzyň gündogar sebitinde şalynyň bol hasyl bermegi üçin toprak, howa şertleri doly laýyk gelýär. Süýji suwly Amyderýanyň boýlarynda ýerleşýän ekerançylyk meýdanlary suwaryldygysaýyn has gowy ösýän we hasyl toplaýan şaly üçin ör

Tehnikalary aýawly saklamagyň usullary

Oba hojalyk tehnikalarynyň köpüsiniň belli bir işe niýetlenilendigi we şol işleriň möwsümleýindigi üçin olaryň ýylyň dowamynda ulanylýan wagty az bolýar. Şonda aýawly saklanmasa, tebigy täsirleriň netijesinde olaryň zaýalanýan halaty-da bolýar. Olar düzgüne laýyk aýawly saklansa, iş öndürijiligi ýokary bolýar. Bu bolsa olaryň ulanyş möhletini uzaltmaga, bejergä sarp edilýän harajatlary azaltmaga ýardam edýär. Tehnikalary aýawly saklamagyň düzgünleri we tehniki talaplary oba hojalygynda ulanylýan tehnikalaryň aýawda saklanyş düzgünlerine laýyk bolmalydyr.

Badat

Badat — krahmala baý, süýjümtik tagamly, süýrümtik şekilli bakja ösümligi bolup, daşyndan synlanyňda, ýeralma meňzeýär. Onuň gabygy ýuka, kökmiwesi bolsa, köplenç narynç, sary, benewşe öwüşginlidir. Ýeralma meňzeýändigi sebäpli, oňa «süýji ýeralma» hem diýýärler. Meksika, Kolumbiýa, Wenesuela ýaly ýurtlar badatyň watany hasaplanýar. Bu ösümlik tropiki tebigatly topragy we ýylylygy halaýar. Badat dünýä aşhanasynda ýörgünli bolup, ol gowrulyp, gaýnadylyp, buglanyp, şeýle-de çig görnüşinde iýilýär we dürli süýjülik önümlerine goşulýar.

Gelse, ekin gürden gelsin!

Halkymyz tomsuň epgegine, gyşyň aýazyna garaman, ýylyň bütin dowamynda gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýär. «Ýeriňi güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür» diýen peder pendine eýerip, ýazky ekinlerden boşan ýeriň gyrasyndaky çöpleri ýygyp, desseläp, küde edip, maldarçylykda ulanypdyrlar. Ondan galan ot-çöpleri tamdyrtowy edinip, hiç zady isrip etmändirler. Güýzde ekiljek ýerlerdäki ekinler orlup, meýdanlar boşan badyna sürlüpdir. Sürlüp, şüdügär edilen ýerler gyşda ýagyş-garyň astynda, tomusda jokrama yssyda mazaly dem alypdyr. Şu ýagdaýda sepilip ekilýän ekinleriň ýerleri malalanyp, iri kesekleri owradylyp, toprak ekişe taýýarlanypdyr. Sürlüp, mäjum bolan toprak üstünden aýakýalaňaç ýörelende topukdan geçmese, çokaýly ýörelende çokaýyň erňeginden girmese, sürüm işinden kanagatlanylmandyr. Taýynlanan ýerlere orak ýa-da aňňal zyňylyp, olar topraga gömülse, ýeriň ekişe taýýardygy makullanylypdyr.

Yh­las­ly zäh­met — göw­ne­jaý ne­ti­je

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde obasenagat toplumy hem beýik ösüşlere beslenýär. Bu pudagyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan edermen kärendeçi daýhanlar arman-ýadaman, tutanýerli zähmet çekýärler. Ýer eýeleriniň ýylboýy çeken zähmetine olaryň gazanan netijeleri, ýetişdiren hasyllary boýunça baha berilýär. Bugdaýdyr pagtanyň, gant şugundyrynyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylyny öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýän kärendeçi daýhanlar Mary welaýatynda hem az däl. Tejribeli, hasyl ýetişdirmekde işiniň ussady hasaplanýan kärendeçileriň biri hem Sakarçäge etrabynyň «Birleşik» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Enegyz Amangeldiýewadyr. Kärendeçi zenan toprak bilen, ekin bilen düşünişmegi başaryp, 30 ýyl töweregi wagt bäri ene ýere hyzmat edip gelýär. Şu ýyllaryň dowamynda ol ýere hyzmat etmegiň dürli usullaryny kemsiz öwrenipdir. Şeýlelikde, her ýylda 2 gektar kärende ýerinde bugdaýdyr pagtanyň, gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýetişdirip, bellenilen meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirýär. Ol «Ýeriň azy, malyň köpi» diýlişi ýaly, az ýerden köp hasyl almagy maksat edinýär. Saýlap alan kärine höwesli ýapyşýan Enegyz Amangeldiýewa kärdeşleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Päk zähmeti bilen halal rysgyny ýerden alýar. Has dogrusy, daýhançylyk onuň rysgal, döwl

MÖHÜM MÖWSÜME TAÝÝARLYK

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň çägindäki «Dowardarçylyk» hem-de Görogly etrabyndaky «Garagum» maldarçylyk hojalyklarynda öňde duran möhüm möwsüme taýýarlyk görmek, maldarlar üçin aýratyn synaga öwrülýän aýgytly döwürde mallary ýyly we dok gyşlatmak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda agzalan hojalyklaryň garamagyndaky jemi 30 kaşaryň ählisi-de abatlanyp, gyşa doly taýýar edildi. Şu ýyl welaýat boýunça ätiýaçlyk ot-iýmleriň 11 müň tonna golaýyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Ot taýýarlaýjylar toparynyň tutanýerli zähmeti bilen ýygnalan ot agyr gum şertlerinde işlemäge ukyply kuwwatly awtoulaglar arkaly mallaryň gyşladyljak ýerine daşalýar hem-de agyl-kaşarlaryň gapdalyna rejelenip basylýar. Mallaryň baş sanyny köpeldip, olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmakda ýokary netijeleri gazanýan bu iki hojalygyň garamagynda jemi 77 müňden gowrak baş dowar, 3,5 müň baş düýe bolup, olar Garagum sährasynyň uzak öri meýdanlarynda idedilýär. Hojalyklaryň «Böwürdeşik», «Bakgal», «Ak guýy», «Göbe» ýaýlalarynyň kärendeçi çopanlary gyşa taýýarlyk işlerini bellenilen möhletinde tamamladylar.

Sahy topragyň sahawaty

Çyn daýhan bolmak üçin ýeriň hossary bolmaly. Diňe şonda toprak bilen gürleşip hem, düşünişip hem bilýärsiň. Bu hakykata göz ýetiren Baýmyrat Söýünow özüne berkidilen ýere ýüregi bilen ýapyşdy. Ol Kerki etrabynyň daýhanlarynyň arasynda ilkinjileriň biri bolup 67 gektar ýeri 99 ýyllyk kärendesine aldy. Obadan 40 kilometre golaý uzakda, Garagum derýasynyň golaýynda, Hydyr çopan ýaýlasynda ýerleşýän bu ýerde eýýäm käbir ekinler ekilip, ol synagdan geçipdi. Hatda gowaça bilen bugdaý hem ekilipdi. Şonuň üçin Baýmyrat özüne berkidilen ýere gök, bakja ekinleri bilen birlikde gowaça-da, bugdaý-da ekdi. «Baýlar» daýhan hojalygyny döredip, döwletden degişli kömek-goldawlary aldy. Indiki maksat — bol önüm öndürip, döwletden alan karzlaryny üzülişmek, ondan galan pula hem traktor edinmekdi. Tejribeli daýhan bu arzuwyna-da ýetdi. Şeýdip, gysga wagtyň içinde öz gününi özi görýän mülkdara öwrüldi.

Maýsaly meýdanlar alada bilen gurşalýar

Üstümizdäki ýylyň zähmet üstünliginden ruhlanan Ak bugdaý etrabynyň gallaçylary häzirki günlerde ak ekini daýhan aladasy bilen gurşaýarlar. Geljek ýylyň hasyly üçin 26 müň gektarda däne ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirip, kadaly gögeriş gazanan etrabyň janypkeş daýhanlary ekin meýdanlaryna ösüş suwuny tutmak işlerine jogapkärli çemeleşýärler. Ýaşajyk maýsaly meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri hem utgaşykly alnyp barylýar. Bu işlerde tehnikalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Ýaşajyk maýsalaryň ideginiň agrotehniki möhletlerde berjaý edilmegi olaryň günsaýyn boý almagyna oňyn täsirini ýetirýär. Etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň, M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, “Üzümli toprak”, “Ak üzüm” daýhan hojalyklarynyň zähmetkeşleri ideg işlerinde nusga bolýarlar.

Şalyçylaryň zähmet ýeňşi

Lebaply şalyçylar güýzüň ahyrky günlerinde uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar 10200 gektar meýdanda ýetişdirilen bereketli ekinden 47400 tonnadan gowrak şaly hasylyny döwlete tabşyryp, öňde goýlan belent sepgide abraý bilen ýetdiler. Ýetişdirilen hasyly ýygnamakda daşary ýurtlardan satyn alnan kuwwatly tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanyldy. Orak möwsüminde CLAAS TUCANO-430 Rise, «Keýs» ýaly tehnikalaryň 120-si ulanyldy. «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň hünärmeni Lebap Dolyýewa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýetişdirilen şalynyň aglaba böleginiň ýokary hasyl berijiligi bilen tapawutlanýan «Nukus-2» görnüşiniň bolandygyny aýdýar. Hünärmeniň aýtmagyna görä, Halaç, Kerki, Çärjew, Dänew etraplarynyň ussat şalyçylary zähmet ýeňşine has saldamly goşant goşdular. Pellehana ilkinjileriň hatarynda gelen Halaç etrabynyň şalyçylary 955 gektar meýdandan 4438 tonnadan gowrak hasyly ýygnadylar. Kerki etrabynda 350 gektar meýdandan 1626 tonna, Çärjew etrabynda 3080 gektar ýerden 14313 tonna şaly ýygnaldy. Zähmet ýeňşine dänewli kärendeçiler 10038 tonna, köýtendagly kärendeçiler 1115 tonna, hojambazly kärendeçiler 929 tonna, darganataly kärendeçiler 349 tonna şalyny ýygnap, uly goşant etdiler. Gazanylan zähmet ýeňşi daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşendiginiň buýsançly subutnamasydyr.