"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Kadaly ideg — bol hasyl

Zähmetiň joşýan ýerinde Welaýatymyzda şu ýyl 13 müň gektar ýerde gowaçanyň ýerli toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän görnüşleri ekilip, ondan oňat gögeriş gazanyldy. Agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň, gögeriş we ösüş suwlaryny öz wagtynda tutmagyň, mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmegiň bol hasylyň gözbaşydygyna oňat düşünýän pagtaçy kärendeçiler şonça meýdandan 16 müň tonna pagta hasylyny almagy maksat edinýärler.

Belent maksada eýerip...

Ýurdumyzyň dokma senagaty üçin zerur çig mal bolan piläniň öndürilişini artdyrmaga biziň etrabymyzda hem uly üns berilýär. Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmagy maksat edinen «Gökçäge» daýhan birleşiginiň ýüpekçi kärendeçileri Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň pileçilik möwsümini ýokary derejede alyp barýarlar. Şu ýyl daýhan birleşigi boýunça 13,5 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulyp, häzirki wagtda ýüpekçi kärendeçileriň 370-si yhlasly zähmet çekýär. Daýhan birleşiginiň öňdebaryjy, tejribeli ýüpekçileriniň hatarynda Şükürbaý Mädrimowy, Güýçgeldi Berkeliýewi, Malika Ibragimowany, Bike Amanşirowany görkezmek bolar. Bu kärendeçiler ýüpek gurçuklaryna ideg etmekde köplere görelde bolmagy başarýarlar. Olar häzirki wagtda ýüpek gurçuklaryny tut ýapraklary bilen wagtly-wagtynda iýmitlendirmek, kadaly ýylylykda arassa saklamak ýaly, zerur çärelere aýratyn üns berýärler.

Pileçiler höweslendirilýär

Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda täze önümçilik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen beýik özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ussat pileçileriň şertnamalaýyn borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirmegi üçin döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Zähmetsöýer pileçileriň uly zähmet üstünliklerini şöhratlandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylda ýurdumyzda pile möwsümini guramaçylykly geçirmekde ýokary netije gazanýan pileçiler höweslendirilýär. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň wekilleri etrabyň çägindäki pileçi kärendeçileriň iş ýerlerine aýlanyp, zähmet üstünliginiň gazanylmagyna öz goşantlaryny goşýan, ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg etmekde hem-de ýokary hilli pile ýygnamakda göreldeli zähmet çekýän Garaşsyzlyk geňeşliginden Hemra Gullyýewe, Bagtyýarlyk şäherçesinden Aýjemal Ataýewa, Ö.Japarow daýhan birleşiginden Maksat Ataýewe Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar. Munuň özi pileçileriň has-da yhlasly işläp, ýokary netijeleri gazanmaga bolan höweslerini artdyrýar.

Ýaşyl hatarlaryň idegi

Şu günler 162 müň gektara gowaça ekmegi maksat edinen Mary welaýatynyň zähmetsöýer daýhanlarynyň yhlasy ýerine düşýär. Göwnejaý gögeren gowaçalar bu ýylky gowaça hasylynyň bereketli boljakdygyna umyt döredýär. Bu Baýramaly etrabynyň Agaýusup adyndaky daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynyň mysalynda hem äşgär görünýär. Bu ýerde kärendeçileriň onlarçasynyň kärende ýerlerinde ekilen gowaçalar eýýäm hatar tutup başlady. Özünde işine ussat pagtaçylaryň uly toparyny jemleýän daýhan birleşiginde şu ýyl 1 müň 400 gektara gowaça ekilip, ondan bol hasyl almak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda işiň hiline aýratyn üns berilýär. Ekin meýdanlarynda ýaşyl hatarlaryň sany günsaýyn köpelýär. Şoňa görä-de, kärendeçi daýhanlar ýekeleme we otag işlerini utgaşykly alyp barýarlar.

Guzulary saýlap-seçmegiň usullary

Azyk önümlerini öndürmekde dowardarçylyk pudagyna uly orun degişlidir. Mallaryň geljekde sagdyn we ýokary önüm bermegi üçin guzulary öz wagtynda seçmegiň hem-de ot-iým bilen ýeterlik üpjün edip, olaryň idegini ýetirmegiň ähmiýeti örän uly. Boýuny-inini alyp, sagat ösen mallar öri meýdan şertlerinde ýaşamaga we ýokary önüm bermäge ukyply bolýarlar. Hojalykda ýaş guzularyň seçilişi zootehniki talaplara laýyk geçirilse, olardan sürüler döredilse, onda sürülerden önüm almagy dogry guramak hojalygyň has düşewüntli bolmagyny üpjün edýän aýgytlaýjy şertleriň biridir. Şonuň üçin guzularyň seçimi we olardan süri düzmek möwsümine guramaçylykly, ýokary derejede taýýarlanmak zerurdyr.

Begli mugallymyň bagy

(Oçerk) «Görogly» şadessanynda Görogly beg Harmandäli gyzyň çarbagynyň bärräginde düşläp, Gammar bilen Mirem diýen şägirtlerini ugradýandyr: «Baryň, bilip geliň, şo bagyň ne hikmeti bar?» diýip. Oglanlar girseler, görseler, miweler şahada bişip, ýere düşüp, dişläniň agzyňda bal bolup eräp, depesinde guşlar perwaz urup, bilbiller kah-kah saýrap, güller parlap açylyp, suwlar şildiräp akyp, peri-peýkerlere gaýra dur diýdirýän gyzlar saýasynda uz basyp şadyýana ýören.

Süýt önümçiligi ýokarlanýar

ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrligi tarapyndan ýakynda çap edilen hasabata görä, Meksikada sagymlyk sygyrlaryň hataryna 50 müň sygryň goşulmagyna we her sygyrdan alynjak süýdüň ortaça 1 göterim ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu bolsa Meksikanyň süýt önümçiliginiň 2024-nji ýylda 2 göterim ýokarlanyp, 30,4 milliard funtdan geçmegine ýardam berer. Häzirki wagtda Meksikada süýdüň ýarysyndan gowragy gaýtadan işlenilýär, galan bölegi içimlik süýt görnüşinde bazara çykarylýar. Ministrligiň habar bermegine görä, Meksikada ýagsyz süýdüň sarp edilişiniň 2024-nji ýylda 11 göterim artyp, 498 müň tonna ýetmegine garaşylýar.

Oraga taýýarlykly barylýar

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň etrabymyzda hem möhüm möwsüme — bugdaý oragyna ýokary guramaçylyk ýagdaýynda taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda edýän aladalaryndan we döredýän mümkinçiliklerinden ruhlanýan babadaýhanlarymyz ýetişdirilýän hasyly ýitgisiz ýygnamak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Hemmämiz üçin jogapkärçilikli bolan bu möwsümi agzybirlikde geçirmekde Saýat etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatorlarynyň hem hyzmaty uludyr. Daýhanlaryň ýakyn ýardamçylaryna öwrülýän sürüjiler şu günlerde etrap boýunça bugdaý ekilen 27766 gektar meýdanyň hasylyny wagtynda ýygnamaga ykjam taýýarlyk görýärler. Ýeri gelende aýtsak, şunça meýdanyň 521,25 gektaryna ýerli tohum, 11778,75 gektaryna bolsa Alekseýiç tohumy ekildi. Häzirki wagtda kombaýnlaryň jemi 49-sy oraga gatnaşmaga doly taýyn edildi. Şeýle-de kärhananyň ussalary tarapyndan ulaglary zerur bolan tehniki şaýlar bilen üpjün etmek boýunça hem bökdençsiz işler alnyp barylýar.

Ýokary depgin bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýüpekçilik ýurdumyzyň dokma senagatynyň geljegi uly hasaplanylýan pudaklarynyň biridir. Häzirki wagtda ýüpek önümlerine içerki we dünýä bazarlarynda islegler barha artýar. Ýurdumyzda ýüpek gurçugynyň iň gowy görnüşleriniň ýetişdirilmegi bolsa bu pudagyň ygtybarly binýadynyň döredilmegini üpjün edip, ýylsaýyn ýokary netijeleriň gazanylmagyna getirýär. Döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde ýokary hilli ýüpek önümlerini öndürmekde Türkmenabadyň «Ýüpek» önümçilik birleşigi hem öňdebaryjy kärhanalaryň hatarynda tanalýar. Bu kärhana ilkinji gezek 1931-nji ýylda ýüpek egirýän önümçilik hökmünde işe girizildi. Ilkinji önümçilik ýylynda bu ýerde çig ýüpegiň 15,1 tonnasy öndürilipdir. Soňra birleşigiň önümçiligi ýylsaýyn kämilleşdirilip, 1967-nji ýylda bu önümçilikde emeli ýüplükden «Saryja» matasy öndürilýär. Şol ýyl kärhananyň önümçiligine Ýaponiýanyň «KIOTO» firmasynyň gaýnagda matany ýuwýan desgasy, şeýle-de matany guradýan we inini saklaýan enjamlary, Fransiýanyň «Sakm» firmasynyň matanyň ýüzüne gül basýan desgasy we Germaniýanyň «Teksima» firmasynyň bug gyzgyny bilen matanyň gül nagşyny we reňkini berkidýän desgalary ornaşdyrylyp, 1968-nji ýylda ilkinji gezek boýag önümçiligi işe girizilýär. 1995-nji ýylda bolsa «Ýüpek» önümçilik birleşigi döredilip, 1997-nji ýylda arassa ýüpekden haly dokamaklyk ýola goýulýar.

Ýüpekçiler pellehanada

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Kerki, Dänew we Halaç etraplarynyň ýüpekçileri welaýatymyzda ilkinji bolup, pile tabşyrmagyň meýilnamasyny üstünlikli berjaý etdiler. Meýilnama ýerine ýetirilende Kerki etrabynyň ýüpekçileri 85 tonna 200 kilogram, Dänew etrabynyň ýüpekçileri 140 tonna 61 kilogram, Halaç etrabynyň ýüpekçileri hem 147 tonna golaý pile tabşyrdylar. Bu bolsa meýilnamada görkezileninden ýokarydyr. Kerki etrabynda «Mürzebeggala», «Hatap», Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşikleriniň edermen ýüpekçileri pile tabşyrmakda öňe saýlanýarlar. «Mürzebeggala» daýhan birleşiginiň ýüpekçileri kümüşsöw çäje eýýäm 34 tonna 108 kilogram piläni goşant etdiler. «Hatap» daýhan birleşigi boýunça piläniň mukdary 17 tonna 200 kilogramdan geçdi. Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň ýüpekçileri hem piläniň mukdaryny 15 tonna ýetirdiler. Bu bolsa meýilleşdirileninden ep-esli köpdür. Beýleki daýhan birleşiklerinde hem bu iş guramaçylyky dowam edýär. Ýüpekçileriň 961-siniň hemmesi diýen ýaly meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Olaryň aglabasy meýilnamadan daşary pile tabşyrýarlar. «Mürzebeggala» daýhan birleşiginden Nurtäç Meredowa has-da ýokary netije görkezdi. Onuň häzirki ýygnan hasyly 910 kilogram boldy. Şu daýhan birleşiginden Bahargül Gurdowa hem 650 kilogram pile ýygnady. Bu daýhan birleşiginde Ogulsabyr Pygamowa ýaly ussat ýüpekçilerden tä

Yhlas bilen ýer gögär

Bu gün sahawatly topragymyz berekedini eçilýär. Onda adyny tutan ekiniň bitýär. Daýhan yhlasy bilen oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşinden ýetişdirilýän bol hasyl bolsa gyzyl-ýaşyl öwüsýän meýdanlarymyzda ekerançylyk medeniýetimiziň ösýändigine güwä geçýär. Darganata etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer daýhanlary hem ekin ekip, hasyl almakda baý iş tejribesini toplapdyrlar. Olar her ýylda gowaçanyň, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmegiň hötdesinden gelýärler. Şu ýyl daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlarynyň 1437 gektarynda gowaça ekildi. Bugdaý ekilen meýdan bolsa 807 gektara barabar. Daýhanlar 2430 tonna pagta, 1856 tonna hem bugdaý ýygnamagy maksat edinýärler. Gowaça ekilen ýerlerde täze hasylyň irki aladalary bilen meşgul bolsalar, bugdaýyň ösüp oturan meýdanlarynda täze hasylyň ujy eýýäm göründi. Bugdaýyň daýhana «Bäş aýda bir garyş, bir aýda bäş garyş öserin» diýip aýdýan döwri geldi.

«Awçynyň» armazak adamlary

Saýat etrabynyň hojalyklarynda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmek ugrunda yhlasly zähmet çekilýär. Daýhan yhlasy bilen bereket bolçulygy hem döredilýär. Şeýle il-ýurt bähbitli işde «Awçy» daýhan birleşiginiň armazak adamlary tutanýerlilik görkezýärler. Munuň şeýledigine hojalygyň 6-njy kärendeçiler toparynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Öňdebaryjy toparyň gowaça meýdanlarynda bejergi işleri ýokary depginde alnyp barylýar. 108 gektardan gowrak meýdana gowaça tohumyny sepen daýhanlar öňümizdäki güýzde 434 tonnadan gowrak gymmatly çig maly Watan harmanyna goşmagy maksat edinýärler.

Pileçileriň yhlasly işleri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watan harmanyna 110 tonna ýokary hilli pile tabşyryp, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalaryna iş bilen jogap bermegi maksat edinýän Akdepe etrabynyň pileçi kärendeçileri häzirki döwürde ýüpek gurçuklaryny talabalaýyk idetmek boýunça ähli zerur çäreleri durmuşa geçirýärler. Muňa etrabyň beýleki hojalyklarynyň hatarynda «Agzybirlik» daýhan birleşiginiň pileçileriniň bu babatdaky gyzgalaňly işleri hem şaýatlyk edýär. Golaýda bu ýerde bolanymyzda, daýhan birleşiginiň ýüpekçilik baradaky hünärmeni Baýramgeldi Pirekowyň beren gürrüňine görä, şu günlerde hojalygyň 74 sany ýüpekçi kärendeçisi jemi 2869 gram ýüpek gurçugyny idetmek bilen meşgul bolýar. Olaryň köpüsiniň bu işde uly tejribeleriniň bardygyny aýtmak gerek. Çünki bu ýüpek gurçuklaryna göwnejaý hyzmat edilip, olaryň kadaly ösüşiniň gazanylmagyna mümkinçilik berýär.

Bugdaýa ideg edilýär

Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri güýzlük bugdaý ekilen 600 gektar meýdanda ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary hilli ideg edýärler. Esasan hem, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmekde tehnikalar saz işledilip, ýokary zähmet görkezijileri gazanylýar. Gallaçy kärendeçileriň birleşen tagallasy netijesinde, hojalykda her günde 15 — 20 gektar meýdanda bugdaýa ösüş suwy tutulýar. Iýmiti hem-de suwy kemsiz ýetýän bugdaýlar barha bol hasyl toplap, hojalygyň gallaçylarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1130 tonna guşgursak ak bugdaý öndürmek baradaky meýilnamany artygy bilen berjaý etjekdiklerine ynam döredýär. Bugdaýa agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg etmekde Allanazar Hydyrowyň, Döwletgeldi Şammyýewiň, Allamyrat Täçmyradowyň ýolbaşçylyk edýän 8, 9, 13-nji kärendeçiler toparlarynyň gallaçy daýhanlary tutanýerli zähmeti bilen has-da öňe saýlanýarlar.

Daýhanlaryň ýazky aladalary

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramynyň bellenilýän ýyly bolan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumy-da uly ösüş-özgerişleri başdan geçirip, belent sepgitleri eýeleýärler. Döwletimiz tarapyndan döredilýän amatly şertlerden ýerlikli peýdalanýan oba hojalyk pudagynyň zähmetsöýer işgärleri sahawata beslenen ene topragymyzdan bereketli hasyl öndürmekde ýokary görkezijilere eýe bolýarlar. Häzirki günlerde gadymy Mary topragynyň tutanýerli daýhanlary hormatly Prezidentimiziň özleri üçin döredýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekeleme, otag etmek işlerini gyzgalaňly alyp barýarlar. Bu işleri geçirmekde daýhanyň daýanjy bolan oba hojalyk tehnikalaryndan ýerlikli peýdalanýarlar. Bugdaý ekilen meýdanlarda bolsa agrotehniki kadalara görä ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Barha ýakynlaşýan galla oragy möwsüminde işledilmegi meýilleşdirilýän galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary we bugdaý ýygýan kombaýnlary taýýarlamak boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar.

Ýüpekçileriň üstünligi

Her ýylyň ýaz paslynda tut agaçlary ýaprak çykaryp başladygy, ýurdumyzyň ýüpekçileriniň durmuşynda hysyrdyly günler başlanýar. Bu döwürde olar ýüpek gurçuklaryny idetmek aladasy bilen gurşalyp alynýar. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan obasynyň ýaşaýjysy Ogulnäzik Buzlyýewanyň durmuşynda bu ýagdaý indi on ikinji ýyl gaýtalanýar. Ýüpek gurçugyny idedip, bol pile hasylyny alyp gelýän ussat ýüpekçi bu ýyl hem 27 gap gurçuk tohumyny idetmäge borçlandy. Onuň üçin, bu zähmetsöýer zenan, ilkinji nobatda, gurçuk saklanýan jaýyň talabalaýyk bolmagy ugrunda tagalla etdi. Ýüpek gurçugy üçin esasy iýmit serişdesi bolan tut agaçlarynyň ýapraklary bilen üpjünçiligiň ýeterlik bolmagyny gazandy. Hysyrdyly günler yzda galyp, dördünji ukusyndan oýanan ýüpek gurçuklary pile saramaga durdular. Gurçuk saklanýan jaýda gunduz ýaly ak gozalar peýda bolup, pile ýygmaly bolanda, Ogulnäzik gelnejäniň gyzy Oguljennet, agtyklary, jigileri we olaryň gelinleri bu döwletli ojaga ýygnandylar. Agzybirlik bilen ýygnalan pile hasyly tas 600 kilograma golaýlady.

Bol pile almak ugrunda

Magtymguly etrabynyň S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň ýüpekçileri, her ýylda bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ideg edýän ýüpek gurçuklaryndan bol pile almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginde öz işine ussat ýüpekçileriň biri hem Sähragül Gurbanowadyr. Ol maşgala agzalary bilen ýüpek gurçugyna ideg edip, ondan ýylyň-ýylyna bol hasyl almagy başarýar. Onuň bu ugurdan 35 ýyldan gowrak baý iş tejribesi bar. Sähragül gelneje geçen ýylky möwsümde 1 gap ýüpek gurçugyna ideg edip, 40 kilogramdan gowrak ýokary hilli pile aldy. Üstümizdäki ýylda bolsa ol 4 gap ýüpek gurçugyndan bol pile hasylyny almagy maksat edinýär. Biz ussat ýüpekçiniň iş-aladalary bilen ýakyndan tanyşmak üçin baranymyzda, ol maşgala agzalary bilen ýüpek gurçuklaryna ideg edýärdi. Tüweleme, ýaşlardan galarly däl, onuň elleri hemişe hereketde. «Döwletimiz tarapyndan döredilýän şertler zähmete bolan höwesiňi artdyrýar» diýip, Sähragül gelneje aýdýar.

Gahryman daýhany ýatlap...

Halkyň şöhratly taryhyna, ýaşap geçen taryhy şahsyýetlere sarpa goýmak asylly däpleriň biri hasaplanýar. Sadulla Rozmetow adyndaky geňeşligiň ýaşaýjylary ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda özboluşly zähmet mekdebini döreden Türkmenistanyň Gahrymany Sadulla Rozmetowyň hatyrasyny belent tutýarlar. Ýakynda Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynda Türkmenistanyň Gahrymany Sadulla Rozmetow adyndaky şäherçäniň orta gürpünde oturdylan Gahryman daýhanyň heýkeliniň ýanyna ýygnananlar Sadulla aganyň ýagty ýadygärligini hatyralap, heýkeliň etegine gül desselerini goýdular. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Gahrymany S.Rozmetowyň bu heýkeli 2012-nji ýylyň 20-nji martynda açylypdy.

Kümüş çäjiň harmany

Pederlerden miras galan kesp-kärleriň biri hem ýüpekçilikdir. Biziň welaýatymyzda ýüpek gurçugyny idetmek, ondan pile öndürmek ýaly sogaply işler bilen meşgullanýan tejribeli pileçi kärendeçiler näçe diýseň bar. Şolaryň biri hem Kerki etrabynyň Hatap daýhan birleşiginiň 5-nji kärendeçiler toparynyň kärendeçisi Gözel Nazargylyjowadyr. Ol ýakynda ilkinjileriň hatarynda döwlet harmanyna pile tabşyrdy. Ençeme ýyllardan bäri ýüpekçilik bilen meşgullanyp gelýän pileçi kärendeçi şu ýyl hem 20 gram ýüpek gurçugyny idedip, ondan 43 kilogram ýokary hilli pile almagy başardy. Oňa bu işde maşgala agzalary ýakyndan ýardam berdiler. Gaýratly zenan indi birnäçe ýyllardan bäri ýylyň-ýylyna ýüpek gurçugyny idedip gelýär. Zähmetiň bar ýerinde rehnetiň hem bardygyny pileçi kärendeçi buýsanç bilen belleýär:

Ak pileler — berekediň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde oba hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde ýüpekçiligi ösdürmäge hem aýratyn uly üns berilýär. Şu günler welaýatymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Mary etrabynda hem ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Ýylyň-ýylyna piläniň ýokary hilli hasylyny ýetişdirýän etrabymyzyň pileçilerine Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda 1 müň 13 guty ýüpek gurçugynyň tohumy paýlanyp berildi. Ussat ýüpekçiler ýokary hilli pile almakda tutanýerli zähmet çekýärler we 2024-nji ýylda 37 tonna pile taýýarlamagy maksat edinýärler. Olar özlerine edilýän hemaýat-goldawlar üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyp, gaýratly zähmet çekýärler.