Ýazlary hereket bilen...
Söýgüli şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň: «Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen,//Bereketli gelsin tylla güýzüňiz» diýen gyzyla gaplaýmaly hoş niýetli arzuwynyň asyl manysyna dogry düşünýän ýurdumyzyň edermen oba zähmetkeşleri, agrosenagat toplumynyň ähli işgärleri, hususyýetçiler oba hojalyk önümlerini öndürmekde, ony gaýtadan işläp, bazarda haryt bolçulygyny döretmekde, şeýle-de özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara ugratmakda egin-egne berip, yhlasly zähmet çekýärler. Olar «Şu gün düýnküden, ertir şu günküden, şu ýyl geçen ýylkydan artyk önüm öndürmeli. Ýeriň hasyllylygyny artdyrmagyň hasabyna oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaly» diýen pikire uýýarlar. Oba hojalygynda toplanan baý tejribäni ylymda gazanylan täzeliklerdir üstünlikler bilen utgaşdyryp alyp barmagy özlerine baş ýörelge edinen Mary welaýatynyň ussat kärendeçileri möwsümleýin işleriň her birine irgözinden girişýärler. Olar şu ýylyň bugdaý hasylynyň ekişine hem 2023-nji ýylyň güýzünden, irki möhletde girişdiler. Gallaçylaryň sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, bol hasyl berýän, kesellere durnukly, ýokary hilli bugdaý tohumy bilen ýeterlik üpjün edilmegi, yzgar, ösüş suwunyň, mineral we organiki dökünleriň, agrotehniki talaplara laýyklykda öz möhletinde berilmegi, haşal otlara garşy göreş çäreleriniň yzygiderli alnyp barylmagy ýer eýeleriniň ekiş geçiren meýdanlaryndan kadaly gögeriş gazanm