"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Maňyzlaryň peýdasy

Hozlaryň we maňyzlaryň ähli görnüşleri mikroelementlere, witaminlere, beloklara we aminoturşulyklara örän baýdyr. Badam, arahis, grek hozy, keşýu hozy, kädi çigidi ýaly hozdur maňyzlaryň dürli görnüşleri biziň durmuşymyzda peýdalanylýar. Hersiniň hem özüne ýetik witaminleri we minerallary bar. Hozdur maňyzlary gündeki iýmitinde yzygiderli ulanýan adamyň bedeninde zyýanly galyndy bolmaýar, onuň ýüregi we beýnisi has gowy işleýär.

Altyn barada

Altyndan ýasalan bezegleri zenanlarymyzyň ählisi diýen ýaly, uly höwes bilen dakynýar. Bu bezeg metaly üstünligiň, berekediň, gözelligiň nyşany hasaplanýar. Il arasynda: «Altynyň gözelligi Aý bilen Günüň arasyndaky asudalygy, ýaraşygy baglaşdyrýar» diýilýär. Emma altyn metalynyň güýji diňe onuň gözelliginde ýa-da gymmatlygynda däl. Dogrusy, ol hemişe beýleki gymmat metaldyr, gymmatbahaly daşlar ýaly, ynamly maýa goýum serişdesi hökmünde ulanylýar. Altyn ylmy tarapdan öwrenilen gadymy metal bolup, ol hem bezeg, hem lukmançylykda ulanylyp gelinýär. Häzirki wagtda hem altyn ylymda we senagatda talap edilýän metal. Dünýäde meşhur bolan bu metalyň möçberiniň ondan bir bölegi farmakologiýada, plastik hirurgiýada, radiasiýa terapiýasynda, kosmetologiýada ulanylýar.

Täsin ykbally zenanlar

Hünäriň haýsy birini alanyňda-da, ol çyn zehini, gaýduwsyzlygy, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, esasan hem, isleg-höwesi talap edýär. Taryhyň gatlaryna ser salanyňda, geçmişde şeýle häsiýetleri özünde jemlän, islendik hünäri özleşdirmekde erkekler bilen deň derejede gadam uran zenanlaryň köp bolandygyna göz ýetirýärsiň. Geliň, olaryň käbirleri hakynda ýatlap geçeliň. Walentina Serowanyň 25 ýaşynda adamsy ýogalýar. Aleksandr Serow öz döwründe ökde kompozitor bolupdyr. Walentina adamsynyň ýazyp tamamlanmadyk işleriniň üstünde işläp başlaýar. Şeýdip onuň garalama depderçelerinden hem-de ýadynda galan ýatlamalardan «Duşmanyň güýji» operasyny we «Täze ýyldan öň» atly sazyny gaýtadan işläp, gutarýar. Ondan soňra Walentina «Uriel Akosto» atly operasyny ýazýar. Şol döwür bu opera sahna ussatlary tarapyndan teatrlarda ýerine ýetirilip, halkyň söýüp diňleýän eserine öwrülýär. Bu opera eseri zenana şöhrat getirýär. Ol Moskwada Russiýanyň ilkinji zenan kompozitory hökmünde alkyşlanypdyr. Walentina opera eserleriniň bäşisini döredýär. Onuň ýene-de bir arzuwy sazçylyk mekdebini gurmakdy. Şol arzuwy bilen Walentina 1913-nji ýylda Nowgorod oblastynda 500 orunlyk konserwatoriýany we opera zalyny gurdurýar.

Öý bikesi öwrense...

Gabakdan kotlet Gerekli önümler: 800 g gabak (kabaçki), 3 sany ýumurtga, 1 çaý çemçe duz, 5 nahar çemçe un, ösümlik ýagy, 3 nahar çemçe gaýmak ýa-da maýonez, pomidor we gök otlar.

Dünýä mähre beslenýär

Eneler — dünýäniň bezegi, eneler — mähir ummany, eneler hakda söhbet edilse, dünýä mähre beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilmegi   sözümiziň ajaýyp subutnamasydyr.  Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň ähli babatda nusgalyk durmuş ýoluny beýan edýän, ýaş nesli Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly orny eýeleýän  bu eseriň dünýä halklary üçin ähmiýetlidigini görkezýär. Ene-atalara hormat goýmak türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden dünýä nusgalyk asylly däbidir. Alym Arkadagymyzyň eseri hem enelere goýulýan hormat-sarpanyň belent nusgasydyr. «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitapda enäniň, maşgala ojagynyň mukaddesliginiň, Watana söýgi hem-de ene-atalar bilen perzentleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýeti barada gürrüň berilýär.

PEÝNIRLI TOWUK RULETI

Özüniň ýakymly tagamy we taýýarlanyşynyň ýeňilligi bilen tapawutlanýan towuk ruletini köpler halaýar. Žurnalymyzyň bu gezekki sanynda onuň peýnirli görnüşiniň taýýarlanylyşyny paýlaşmagy makul bildik. Gerekli önümler:

Gözlerimiziň röwşeni, ömrümiziň gelşigi

Çaga newrozy ýetginjeklik ýaşyndaky we ýetginjeklik ýaşyna ýetmedik çagalara mahsus. Onuň ýüze çykmagyna içki agzalaryň keselleri, çagalykda sezewar bolnan ruhy şikesler, pajygaly ýagdaýlar, ýakyn adamlaryň ýitirilmegi bilen baglanyşykly başdan geçirilen dartgynlylyk sebäp bolýar. Adatça, il arasynda «depressiýa» diýlip atlandyrylýan bu kesel ýaz, güýz pasyllarynda ýitileşýär. Nerw dartgynlylygyndan ejir çekýän çaga gaharjaň, gyzma, aglak bolýar. Onuň keýpi tiz-tizden üýtgäp durýar, ukusy bozulýar. Howa we ýaşaýyş şertleriniň üýtgemegi, çaganyň nätanyş adamlaryň gurşawyna düşmegi, gorkunç kinofilmlere tomaşa etmegi keseli ýitileşdirýär. Täze ýaşaýyş-durmuş şertlerine uýgunlaşmak, täze endiklere we nätanyş adamlara öwrenişmek, ylaýta-da, 1-nji synp okuwçylaryna agyr düşýär. Şonuň üçin olarda newrozyň alamatlary has aýdyň ýüze çykýar, çaga mydama gaýgyly gezýär, ol aljyraňňy, synp işlerini ýerine ýetirmäge ýetişmezek bolýar, öýe berilýän ýumuşlara köp wagt sarp edýär, kitaby mekdep kadalaryna laýyklykda bellenen çaltlykda okamagy başarmaýar, özüniň her bir şowsuzlygyna gyýlyp, ýalňyzlykda hesret çekýär. Çaganyň özüni alyp barşy mugallymlarda nägilelik döredýär. Ol okuwa we köpçülik işlerine höwes etmeýär, haýsydyr bir işiň başlangyjyny goýmak boýunça teklip bilen çykyş etmeýär. Hiç zada gyzyklanma bildirmeýär. Onuň sapaga sebäpsiz gatnaşmaýan halatlary köp bolýar. Ýygy-ýygydan so

Okuwa höwes maşgala terbiýesine baglydyr

Täze okuw ýylynyň başlamagyna sanlyja günler galdy. Ilkinji gezek ak mekdebe gadam basjak körpeleriň okuwa taýýarlykly gelmekleri, özleri üçin täze gatnaşyklara çalt uýgunlaşmaklary ene-atalar üçinem, mugallymlar üçinem örän wajypdyr. Çaganyň mekdebe taýynlygy, geljekki durmuşynda üstünlik gazanmagyna mümkinçilik berjek endikleriniň kemala gelmegi, ilki bilen, maşgala terbiýesine baglydyr. Kiçijik adamy terbiýelemekde maşgaladaky ruhy agzybirlik, ene-atalar bilen çaganyň arasyndaky ahlak baglanyşygy esasy orun eýeleýär. Çaga maşgalada ilkinji durmuş tejribesini alýar, ilkinji garaýyşlary kemala gelýär, dürli ýagdaýlarda özüňi nähili alyp barmalydygyny öwrenýär. Çaganyň şahsyýetini ösdürmekde maşgalanyň ornuny hiç bir zat bilen deňeşdirip bolmaýar. Şahsyýeti kemala getirýän, ösdürýän, çaganyň jemgyýetçilik gatnaşyklaryna goşulyşmagyna, köpçülige uýgunlaşmagyna kömek edýän maşgala terbiýesidir. Ene-atalar, beýleki dogan-garyndaşlar ahlak terbiýesiniň binýadyny goýýarlar, özüňi alyp barmagyň ülňülerini kesgitleýärler, çaganyň şahsyýetiniň özüne mahsus aýratyn häsiýetlerini hem-de içki dünýäsini açýarlar. Başlangyç synpa barýan okuwçynyň maşgalasynyň öňünde başga biriniň üstüne ýüklenip bolmaýan terbiýeçilik meseleleriniň bir topary durýar. Ene-atalar çaga bilim, başarnyk, köpçülikde özüňi alyp baryş endiklerini bermeli, onda ýokary ahlak kadalaryny we ruhy gymmatlyklary kemala ge

Bagtly bolasym gelýär...

Bagt ynsanyň öz-özüne bolan ynam-ygtykadynda, içki dünýäsiniň päkliginde, daşky gözellige hem-de arzuw-niýetiniň söýgi sazlaşygynda jemlenendir. Olar dutar kirişlerinden hem näzik duýgulardan ybaratdyr. Bagt gözellikdir, oňa mynasyp bolmak üçin kalbymyz gözel bolmalydyr. Akyldarlaryň biriniň: «Bagta barýan ýol bagtly günleriň bardygyny duýmakdan başlanýar» diýşi ýaly, bagtly bolmak üçin, ilki bilen, özüňde bar bolan baýlyklara akyl ýetirmegi başarmaly. Bu diýildigi maddy baýlygyň göz öňünde tutulmasy däldir. Halkymyz: «Baş saglygym — baýlygym» diýmek bilen, baş saglygy iň uly bagty hasaplaýar. Gözleriň ýagty jahany görmegi, on iki süňňüňe erk edip bilmegiň, ýakyn-u-ýatlaryň şatlygyna şatlanyp, gamyna gyýlyp bilmegiň, akylyň-huşuň ýitiligi, kesgirligi, päliň-niýetiň päkligi, iň esasy zat bolsa, şu agzalanlaryň hakyky baýlykdygyna düşünmegiň bagtly bolmagyň dogry ýoludyr. Iliňi-günüňi, ýakyn-ýadyňy, bala-çagalaryňy, öý-ojagyňy söýmek islendik adamy bagtly edýär. Seniň söýgiň bilen gurşalýan ynsanlaryň gözlerindäki bagt nuruny görmegem özüňe çäksiz bagt bolup dolanýar. Aslynda, biziň hemmämiz bagtly ynsanlar. Biz islesek, her günümizi ömrümiziň iň bagtly günlerine öwrüp bileris.

Maşgala — jemgyýetiň binýady

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan işler alnyp barylýar. Şol işler bolsa, ilkinji nobatda, ilatyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Mejlisiniň 7-nji çagyrylyşynyň 5-nji maslahatynyň dowamynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundanam has-da ýokarlandyrmak boýunça kanunçylyk namalary kabul edildi. Öň hereket edýän kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynda, şol sanda Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde maşgalany berkitmek, çagalaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak babatynda ähli üpjünçilikler göz öňünde tutulýar.

Ene ýüregi

Rawşan MAHSUMZOD,täjik ýazyjysy Adolat daýzanyň düşege baglananyna indi bir ýyl boldy. Oňurgada tapylan agyry zerarly, aýaklary diýen etmeden galdy. Indi oňa penjireden daşary — Surh dagynyň çür depesine seredip ýatmakdan başga çäre galmady, onuň her bir daşy, her bir agajy oňa tanyşdy, ol olary ýüregi bilen duýýar, olaryň ysyny alýar.

Dur­muş gur­maz­dan ozal

Dogan JÜJELOGLY,türk ýazyjysy, psiholog Seriňe başga bir sowalam dolýar:

Obadaky tomusky dynç alyş

(Hekaýa) Hajy örän garagoldy. Ejesi bilen kakasy ony okuwyny tamamlandan oba ene-atasynyň ýanyna alyp gitdiler. Olar üç aýlyk tomusky dynç alyşda Hajyny obada goýup gaýtmagy makul bildiler.

Mil­li ope­ra­nyň bil­bi­li

XX asyr türk­men mil­li we dün­ýä aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň göw­her ga­şy, par­lak ýyl­dy­zy ha­sap­lan­ýan Me­de­ni­ýet Şah­ber­di­ýe­wa 1930-njy ýy­lyň 23-nji few­ra­lyn­da ba­ha­ryň buş­luk­çy­sy bil­bil owa­zy bi­len ke­ra­mat bo­lup, dün­ýä in­ýär. Türk­men se­ne­na­ma­syn­da 22-nji few­ral tog­san do­lup, ýe­re ýy­ly gid­ýän gün ha­sap­lan­ýar. Aý-gün ha­sa­by bo­ýun­ça ga­ra­gyş­dan çy­ky­lyp, aja­ýyp ýaz pas­ly­na orun be­ril­ýär. Gö­zel te­bi­ga­ty­myz heý­ja­na ge­lip, gök güm­mür­däp, ýyl­dy­rym ça­kyp, dür­li reňk­li älem­go­şa­ryň gö­zel­li­gi Me­de­ni­ýet Şah­ber­di­ýe­wa­nyň şi­rin owa­zy bi­len ut­ga­şyp, çeş­me­dir çaý­la­ry joş­dur­jak, türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni, sun­ga­ty­ny äle­me ýaý­jak us­sa­dyň dün­ýä inen­di­gi­ni jar et­di. Ol dog­lan­da, «iň­ňä-iň­ňä» se­si agy däl-de, bag­da saý­raş­ýan guş­la­ryň­ky ýaly eşidilip, bä­bek­ha­na­da­ky äh­li iş­gär­le­ri, mäh­ri­ban ene­le­ri özü­ne im­rin­dir­ýär. Luk­man­lar: «Biz şu ýa­şy­my­za çen­li nä­çe ça­ga­nyň gö­be­ge­ne­si bol­duk. Bu gyz­ja­gaz we­lin hak­dan ber­len pe­riş­de my­sa­ly­dy» di­ýip, kör­pä­niň dog­lu­şy­nyň ju­da üýt­ge­şik­di­gi­ni geň ga­ly­şyp ýat­la­ýar­lar. Ata-ene mäh­ri­ni gör­me­dik ça­ga äh­li ki­şi­ni ýa­ky­ny ýa­ly ka­bul edip­dir. Mäh­ri, bil­bil owa­zy bi­len hem­mä­ni özü­ne çe­kip­dir.

Göwün genjim — aýal dogan

Göwün genjim siz, aýal doganlarym, kalbymyň söýesi siz, uýalarym. Ynsan ömri ýakymly pursatlardan doly. Menem käte-käte uýalarym bilen çagalykda geçiren ajap günlerimi ýatlap, birneme ýigdelen, juwanlaşan ýaly bolýaryn. Ejemiň «Gyzlarym — uzlarym» diýip söýgülemesi gulagymda öçmejek owaz bolup hemişe gaýtalanýar. Ejem bilen mamamlara gidişimiz, uýalar bolup, mamamyň berýän kökedir kemputlaryny işdämenlik bilen iýşimiz köňlümiziň keşdesi ýaly bolup aňymyzda berk ornapdyr. Aýal doganlarym diýsemem, men uýalaryň iň ulusy. Ýöne herhal, türkmençilikde uýa we aýal dogan sözleri utgaşykly ulanylansoň, men olara: «Göwnümiň genji siz, aýal doganlarym» diýip ýüzlenýärin. «Aýal dogan, aýal dogan, göwündeşim, gaýam dogan» diýýän şahyryň bu setirleri hemişe dilimde ýaňlanmaga höwesek sözleriň biri. Men ejem bilen keçe basybam, haly dokabam, keşde çekibem, eltorba dokabam gördüm. Ejemiň el hünärine ökdeligi uýalaryma-da hünär we kesp bolup geçdi. Ejemiň gyz maşgalanyň kişi maşgalasydygy, baran ýerinde eli hünärliligi bilen özüni aldyrmagynyň hökmanydygy hakyndaky aýdanlaryny häzirki wagtda uýalarym bilen hoşwagt bolup ýatlaýarys.

Terbiýe mekdebi

Alym Arkadagymyzyň nesihat edişi ýaly, adamyň iň gözel häsiýetleriniň biri-de ene-ata, jemgyýete we durmuşa bolan söýgüdir. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dürdäne eserlerinde beýan edilen nesihatlar, ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly, Watanymyzyň şöhratly taryhy biziň üçin terbiýeçiligiň täsirli gurşawyny döredýän görelde mekdebidir. Munuň şeýledigine milli edebiýatymyzyň terbiýeçilik täsirine ýugrulan görnükli eserleriniň her birini okanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şolaryň hatarynda Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» eserindäki perzendiň ene-atanyň öňündäki kyrk borjy hakyndaky pikirlerini, mähire hem-de söýgä ýugrulan şygyrlaryny okanyňda hem terbiýeçilik işini pederlerimiziň durmuşlarynda  manyly maksada öwürendiklerine düşünýärsiň. Milli Liderimiziň nesihat edişi ýaly, halal zähmet bilen abraý-mertebämizi beýgeltmek ählimiziň perzentlik borjumyzdyr. Elbetde, beýik maksatlara ýetmek üçin tutanýerlilik bilen döredijilikli zähmeti durmuşdaky maksadymyza öwürmeli.

Ekizleriň syrly dünýäsi

Mälim bolşuna görä, ekizler bir-birine meňzäbem, meňzemänem bilýärler. Bu tohumlanan ýumurtga öýjüklerine bagly bolup durýar. Bir tohumlanan ýumurtga öýjüginden döräp, bile önüp-ösen, soňra ikä bölünip, hersi aýratyn bedenjige öwrülen ekizler birmeňzeş genler we hromosomlar toplumyna eýe bolýarlar. Olaryň jynsy, saçynyň, gözüniň reňki, gan topary birmeňzeş bolýar. «Bir almany ikä bölen ýaly» diýdirýän bu ekizler lukmançylykda «bir ýumurtga öýjüginden dörän monozigot ekizler» diýlip atlandyrylýar. Şol bir wagtda iki ýumurtga öýjügi tohumlananda dürli genotipli ekizler dogulýarlar. Olar özleriniň ene-atalaryndan dürli genler we hromosomlar toplumyny alýarlar. Şoňa görä, olaryň bir-birine meňzemezligi, hatda dürli jynslara degişli bolmagy hem mümkindir. Bu ekizleriň biri ejesine, beýlekisi kakasyna meňzäbem bilýär. Olaryň saçynyň, gözüniň reňki, gan toparlary (tötänden gabat geläýmese) dürli-dürli bolýar. Ylmy maglumatlara görä, monozigot ekizler mydama şol bir jynsa (gyz ýa-da oglan) degişli bolup, olaryň genler we hromosomlar toplumy 100% gabat gelýär. Dizigot ekizlerde bu görkezijiler 50%-e barabar bolýar.

Sowgatlyk güller

Gadyrly çagalar, žurnalymyzyň bu sanynda size dürli reňkli kagyzlardan sowgatlyk gülleri taýýarlamagy öwretmekçi. Siz bu sowgatlyk güller bilen ejeleriňizi, eneleriňizi we uýalaryňyzy doglan günleridir baýramçylyklar bilen gutlap, begendirip bilersiňiz! Gerekli esbaplar:

Datly kökeler

Gerekli önümler: 400-450 gram un,

Ömri — görelde, pendi — ýörelge

Mähriban kyblamyň ömür ýoly — maňa nusgalyk ýol, onuň asylly beýik ahlak sypatlary meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy» romanyndan.