"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Adam bir ýaşar, edebi — iki

Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlaryny ilhalar derejede terbiýeläp ýetişdirmekde millilik ýörelgelerini görelde, nusga edinmegi, her bir işde päk ahlaklylygyň hem-de halallygyň şamçyrag bolmagyny ündeýär. Türkmen ýaşlary merdana ata-babalarymyzyň ynsanperwer, hoşniýetli ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmelidirler, milli, ahlak-ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmalydyrlar. Munuň özi ýaşlaryň watansöýüji, ilhalar, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin örän zerurdyr. Adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde nesil terbiýesi her bir maşgalanyň, milletiň, döwletiň baş wezipesi, esasy aladasy hasaplanylýar. Parasatly pederlerimiz bu ugurda baý durmuş tejribesini toplapdyrlar. Ata-babalarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde toplan şol gymmatly tejribesi bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde üstünlikli dowam etdirilýär.

Semzekli owkatlar

Döküni, idegi ýeten ene ýer maňlaý derleri, päk zähmeti boş goýmaýar. Eýýäm maý aýy ortalaberende kyrkgünlügiň ysy bark urup, behişdi nygmatlaryň arzysyny artdyrýar. Bala-çaganyň, garry-gojanyň dişine ýumşajyk sary zamçalar bir gezek degdigi ýene-de küýsedýär. Daýhan yhlasyndan kemala gelen pomidor, hyýar, badamjan ýaly bakja ekinleri, her biri ýumruk ýaly ýeralmalar gözüňi dokundyrýar. Ana, şeýle gök we bakja ekinleriniň kök urup, ýalpyldaşyp oturan joýalarynyň içinde, ýeralmaly setirleriň arasynda ýene-de bir iýmitlik gök ot siziň ünsüňizi özüne örklär. Oňa ilimizde semzek oty diýilýär. Ýapraklary üstüne şeker sepilen ýaly ýalpyldap duran, aralary kiçijek, saryja güller bilen örtülen semzek diýseň ter bolýar. Halkymyz gadym döwürlerden bäri semzegi iýmit hökmünde peýdalanyp gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda semzegiň öt bilen baglanyşykly ähli sökelliklere dermandygy barada maglumat bar. Eli süýji türkmen zenanlary bu işdäaçyjy otdan dürli milli tagamlary taýýarlaýarlar. Iýmitlik semzek tohumlamanka ýygylýar. Semzegiň süýrüje ýapraklary baldagyndan ýolnup, arassaja gaba salynýar. Oňa il içinde «semzek saýlamak» diýilýär. Saýlanan semzegi ýuwup, suwuny sarkdyrýarlar. Oňa ösümlik ýagyny goşup, bir desse gök sogany owunjak dograýarlar. Gerekli möçberde duz atyp, mazaly garyşdyrýarlar. Me

Ata gadyry

Halk döredijiliginiň beýleki görnüşlerinde bolşy ýaly, nakyllardyr atalar sözleri hem köp nusgaly bolýar. Ýagny şol bir manyny berýän nakyl ýa-da atalar sözi her ýerde birhiliräk aýdylýar. «Paýhas çeşmesindäki» «Ata bolmadyk ata gadyryny bilmez» diýen atalar sözüni-de birneme ýumşagrak äheňde, «Atanyň gadyryny ata bolaňda bilersiň!» diýibem aýdýarlar. Haýsy hili aýdylsa-da, bu atalar sözünde asyrlaryň dowamynda synagdan geçen durmuş hakykaty beýan edilýär. Bigam çagalykdan ýaňy saýlanan ýetginjek ata-enäniň özi hakda edýän aladalaryna geregiçe üns bermezek bolýar. Hamala diýersiň, hemme zat öz-özünden bolup durandyr öýdýär. Ylaýta-da, ata-enäniň ynjalyksyz ýüregine bolmalysy ýaly düşünmeýär. Meselem, giden ýerinden wagtynda gelmese ata-enäniň bitakat bolýandygyny, gije ukusy tutmaýandygyny ýadyndan çykaryp, olary habardar etmezden, gelmeli wagtyndan gijä galyp bilýär. Şeýle ýagdaý köpräk gaýtalanyberse, oýunlyga salyp: — Munuň aýagyny duşamasak boljak däl! — diýip, gelin edinmegiň ugruna çykýarlar. Magtymguly akyldaryň:

Milli terbiýe

Döwür üýtgeýär, durmuş ösýär, özgerýär. Emma üstünden ençeme asyr geçse-de, halk arasynda milli gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasyna öwrülen edeplilik, asylly terbiýe ýaly düşünjeler üýtgemän gelýär. Halkymyz tarapyndan çaga terbiýesine hemişe aýratyn üns berlipdir. Ene-mamalarymyz olara çagalykdan özüni köpçülikde, maşgalada edepli alyp barmagyň kadalaryny öwredipdirler.

Mukaddeslige deňelýän ojak

Maşgala jemgyýetiň bir bölegi bolmak bilen, ol döwletiň ösüşine özüniň aýratyn täsirini ýetirýär. Türkmenistanda maşgala gatnaşyklarynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi döwlet tarapyndan amala aşyrylýar. Türkmenistanda diňe raýat ýagdaýlarynyň nama ýazgysy edarasy tarapyndan bellige alnan nika ykrar edilýär. Maşgalanyň hukuklary kanun esasynda goralýar. Ýurtbaştutanymyz: «Maşgala näçe berk boldugyça jemgyýet şonça-da hemmetaraplaýyn baý bolýar» diýip bellemek bilen, eziz Diýarymyzda her bir maşgalanyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy, enäniň we çaganyň ygtyýarlyklarynyň döwlet tarapyndan berk gözegçilikde saklanylmagy, sagdyn nesliň kemala gelmegi ugrunda ýadawsyz aladalary edýär. Şuňa laýyklykda her bir türkmen maşgalasynyň agzalarynyň bagtyýarlygyny üpjün etmek ugrunda asylly işler durmuşa geçirilýär.

Myhmansöýerlik däbi

Halkymyzyň myhmansöýerlik däbi durşy bilen mekdepdir. Ony öwrenmek we ýaşlara öwretmek uly ähmiýete eýe. Bu babatda biziň üçin Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasy gollanmadyr. Ajaýyp eseriň «Myhmansöýerlik» atly bölüminde halkymyzyň myhmansöýerlik däbi bilen baglanyşykly edim-gylymlar, däp-dessurlar dürli rowaýatlaryň üsti bilen beýan edilýär. Gymmatly eserde bellenilişi ýaly, ata-babalarymyz myhmany kabul edeniňde, ýerine ýetirmeli birnäçe däp-dessurlary döredipdirler. Myhmany kabul etmegiň ilkinji şerti bolsa açykgöwünlilik we gülerýüzlilikdir. Gelen myhman bilen gadyrly salamlaşylyp, hal-ahwal soraşylypdyr. Myhmanyň eli ýuwdurylyp, töre geçirilipdir. Oturjak ýerine ýörite niýetlenilen düşekçeler ýazylyp, duz-çörek hödür edilipdir. Myhman biraz garbanyp, dem-dynç alýança, onuň hormatyna dürli tagamlar taýýarlanylypdyr. Soňra myhmanyň habary alnyp, sözi diňlenilipdir. Myhman ugradylyp, hoşlaşylanda bolsa öý eýesiniň eden hyzmatyna hoşallygyny bildirmek üçin «Sag boluň!», «Sag oturyň!», «Bereket bersin!», «Eden hezzet-hormatyňyz üçin sag boluň!» diýip, ýagşy dilegler edilýär. Öý eýeleri bolsa: «Saglykda görşeliň!», «Gelip duruň!», «Toýda duşuşalyň!» ýaly ýagşy dilegler bilen jogap berip, myhman ugradylýar.

Döwrüň derwaýys söhbedi

KÄMIL TERBIÝE — MÖHÜM WEZIPE «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda maşgala abadançylygynyň sarsmaz binýadyny gurmak, ýaş nesillerimiziň ruhubelent, watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak ýaly derwaýys işleriň her bir maşgaladan başlamalydygy baradaky nesihatlary, maslahatlary esasynda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň röwşen geljeginiň binýadyny tutjak edepli, terbiýeli, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek her bir adamyň öňünde durýan esasy wezipedir. Türkmen halky gadymy halk, onuň däp-dessurlary, edim-gylymlary, edep-terbiýesi gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýär. Ata-babalarymyz maşgala mukaddesligi, çagalarynyň edepli, terbiýeli bolup ýetişmegi babatda nusgalyk ýoly miras goýupdyrlar. Ata-babalarymyzdan galan mirasymyzda pähim-paýhas jemlenendir. Şunda türkmen maşgalasynda ata-enä, Watana, topraga bolan hormat uludyr.

Gaýynenem — gaýym enem

Säher turup salam berip, Söýüň gaýyneneňizi!

Mamamyň öwüt-ündewlerinden

Zenan edebinden belli Mamam maňa örän köp zatlary öwretdi. Özi gönümelden sypaýy, mähremligi bilen zenanlara görelde bolansoň, durmuşda zenan bilen baglanyşykly her hili ýagdaýlara gabat gelýärdi. Ol, köplenç, ýanynda bolamsoň, meniň hem aladamy ederdi. Mamamyň gulagyma guýşy ýaly, haýsy hojalyk bolsa bolsun, daşyndan synlanyňda eýýäm, şol öýdäki zenanyň nähili maşgaladygyna baha berip bolýar. Türkmen halky örän synçy halk. Ir döwürlerde bir ýerik myhmançylyga barlanda, ilki bilen, öý bikesiniň ýa-da bolmasa, maşgalada ýetişen gyzyň girim-çykymyna, arassaçylygyna, terbiýesine, iş edişine syn eder ekenler. Esasan--da, durmuşda türkmen zenanynyň edepli, asylly, arassa ahlakly bolmagy zerur hasap edilipdir.

Başymyzyň täji, siz!

Bu dünýädäki barlyklaryň iň ezizi enedir. Eneler barlyk zynjyrynyň iň derwaýys halkalarynyň biridir. Eneler bolmasa, ynsan nesli dowamat dowam bolmazdy. Ene söýgüsi uly güýçdür, oňa taý geljek gymmatlygy gözleseň uzak oýlandyrýar. Perzendiniň sallançagyny üwräp, telim gijäni ukusyz geçiren ene “Ýadadym, irdim” diýmez, gaýta “Aýlanaýyn adyňdan” diýip hüwdi aýdar. Ýer ýüzünde ene söýgüsi sähel azalsa, ony doňaklyk bürär. Çünki, zemini ýyladýan ene mähriniň ýylysydyr. Eneleriň gasyn-gasyn elleriniň pamyk ýaly aýasy bilen başyňy sypanda ýüregiňe siňdirýän ýylysyny başga hiç bir zat berip bilmez. Bizi elmydama özüniň mähri bilen bagryna basýan, dertlerimizi öz dertleri saýýan, iýmän bize iýdirýän hem-de biziň durmuşda ýolumyzy arçaýan bedenimiziň we aňymyzyň ösmegine sebäp bolýan, gözýetimimizi giňeldýän, dünýämizi gözelleşdirýän we şunça sansyz haýyr işleri etmek bilen bizden hiç zat hantama bolmaýan mukaddeslik, ol hem enedir.

Çäksiz söýginiň eýesi

Her bir ynsanyň kalbyna mähir, söýgi çaýýan mährem ene — Biribaryň ýaradan iň beýik ynsany. Ene ýüreginiň gözelligi, söýgüsi her bir ynsany özüne maýyl edýär. Sebäbi dünýämiziň diregi, ojaklaryň bezegi mähriban käbeleriň hemişe mertebeleri beýikdir. Öýleriň törlerinde aýratyn orny bolan eneler her bir perzendini başynyň täji hasaplaýar. Nurana eneler ojaklaryny mähir bilen çoýýarlar. Şeýle gyzgyn mähir bilen maşgalasyny gurşap alan enelerimiziň biri hem Enegyz Ballyýewadyr. 82 ýaşy arka atan Enegyz ene Türkmengala etrabynyň Rehnet geňeşliginde ýaşaýar. Enegyz ene öz manyly ömründe Meretdurdy aga bilen üç ogly, ýedi gyz perzendi terbiýeläp, il hataryna goşdy. Häzirki wagtda Gahryman enäniň perzentleri dürli kärlerde zähmet çekýärler. Enegyz enäniň 30 agtygy, 46 çowlugy bar. Agtykdyr çowluklaryny daşyna üýşürip, enelik söýgüsini berip, olara edepli-terbiýeli bolmagy ündäp, ýurdumyzyň taryhy, bu günki ösüşleri hakda gürrüň berýär.

Çagalaryň ata-enelerine maslahatlar

Çaganyň ilkinji sapar mekdebe gitmegi guwandyryjy waka. Çaga bilen bilelikde okuw esbaplaryny, okuw eşiklerini satyn almak ony diýseň begendirýär. Ol: “Haçan okuw başlar” diýip garaşyp gezýär. Sentýabr aýy gelýärem weli, çagajyk ýantorbasynyň içindäki ähli okuw esbaplaryna guwanyp, mekdebe höwes bilen gatnap başlaýar. Ilkinji jaň, ilkinji mugallym, birnäçe nätanyş deň-duşlar... Käbir çagalaryň aljyrap, ruhdan düşmegi mümkin. Şeýle ýagdaýda birinji synpa gidýän çaganyň maşgalasynda-da kynçylyklar ýüze çykyp başlaýar. Käbir alçak çagalar mekdep bilen basym öwrenişip, maşgalasynda hiç hili kynçylyk ýüze çykmaýar. Mekdebe gatnap başlamagy bilen, çaga sizden hem tanymal, ynamdar adam (ýagny mugallym) bar diýip pikir etmegi mümkin. Siz bu ýagdaýa gynanmaň! Çaga pikirini goldaň! Çaganyň mekdebe gitmegi bilen, käbir ata-eneler, boş goýmajak bolup, olara gezmäge, oýnamaga wagt bermezlige çalyşýarlar. Bu bolsa belli bir derejede çaganyň saglygyna zyýanly. Şeýle ýagdaýda çaganyň nerw ulgamynda näsazlyklaryň ýüze çykmagy mümkin. Birinji synpa gidýän çagany şol bir wagtda täze sport ýa-da beýleki gurnaklara bermekden saklanyň! Birinji synpa gitmegiň özi hem çaga üçin uly duýgy. Eger-de dürli sport ýa-da saz gurnaklaryna gatnatmak isleseňiz, muny çaga okuwa başlamazdan bir ýyl öň ýa-da ikinji synpa geçende meýilleşdiriň! Ýatdan çykarmaň, çaga 10 — 15 minut ünsli bolýar. Öý ýumuşlaryny bilel

Çaga eziz, edebi ondanam eziz

Şol gün ýa-ha hut onuň özi seni ýatyran däldir, ýa-da onuň ýatan wagty döredijilik bilen meşgullanaýyn diýensiň-de, özüň giç ýatyp, irem horazlaryň ýa-da sagadyň sesine turup bilen dälsiň. Garaz, isle onuň gülki sesine, isle ajygansoň aglaýan ýa-da doganjyklaryň arasyndaky sene-menäniň sesine, tapawudy ýok, çagajyklaryň sesine oýanmak dünýädäki iň ýakymly duýgularyň biridir. Diňe bir ýakymlam däl, ähmiýetli duýgam ol. Çünki ol çagajyk şeýle asuda döwletde, bagtyýar zamanada ýaşansoň, aglasa, ýa ajygyp aglaýandyr ýa-da büdrändir, ýa bolmasa doganjygyndan kömek hantama bolup aglaýandyr. Seňem şu zatlara akylyň ýetip duransoň, turanyňda aladaly turmarsyň. Ýeriňden galarsyň-da, ajyganyny naharlarsyň, ýykylanyny köşeşdirersiň. Soňam olaryň bagtlydygy, bagtyýar döwürde kemala gelýändikleri, pikirleniş ukyplarynyň ösendigi, häzirki zaman tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýandyklary, olaryň terbiýelenýän bakja-baglarynda, okaýan mekdeplerinde ähli mümkinçilikleriň döredilendigi hakda oýlanyp buýsanarsyň. Bularyň ählisi üçin bolsa halkyny döwür bilen aýakdaş alyp barmakda umumadamzat ähmiýetli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza alkyşly sözleriň zybana geler. Dogrudan-da, biz asuda asmanly, parahat ýaşaýyşly ýurduň eýesi. Mukaddes Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň, bolelinligiň, parahatlygyň howasyndan dem almak ýaly uly bagta mynasyp halk biz. Biziň çagalarym

Çaga durmuşynda oýunlaryň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň çagalar üçin edýän atalyk aladalaryndan ugur alnyp, çagalaryň sagdyn ösüşine uly ähmiýet berilýär. Şunda irki maşklary hökman berjaý etmeli, bu olaryň şähdini açyp, gan aýlanyşyny kadaly ýagdaýa getirýär. Iň esasy hem olaryň bedenleri berkeýär. Adatça, çagalar köplenç hereketde bolmagy halaýarlar. Bedenterbiýe sapagy — bu çagalaryň adaty durmuşynyň dowamy, sebäbi olar hereketde ösýärler. Hereket çagalaryň bedenini berkidýär, iň esasy bolsa bu olaryň durmuşyna şatlyk we saglyk getirýär. Bedenterbiýe sapaklarynda öwredilýän hereketler, oýnalýan oýunlar körpeleriň ýaş aýratynlygyna görä saýlanyp alynmalydyr. Şeýle edilmedik ýagdaýda çaganyň ýaşajyk bedenine agram düşmegi ýa-da bedeniň ösmeginiň öňüne böwet bolmagy mümkin. Şonuň üçin her bir terbiýeçi tarapyndan bedenterbiýe sapaklarynda hereketler we oýunlar saýlanyp alnanda «Çagalaryň ösüşiniň kadalary we çaganyň mekdebe taýýarlygy» atly kitapdan peýdalanylsa maksadalaýyk bolar.

Tymsallar dünýäsi

«7/24.tm», № 36 (67), 06.09.2021. Ýagşy niýet

Her kimiň öz orny bar

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Türkmençilikde agzybirlik öýüň baş döwletidir. Agzybirlik maşgaladaky terbiýäniň özenini düzýär. Maşgalada özara gadyrly gatnaşygyň kemala getirilmegi jemgyýetiň jebisleşmegine täsir edýär. Maşgala agzalarynyň gatnaşyklarynyň özboluşly ulgamy soň jemgyýetde ula sarpa, kiçä hormat goýmak, zenan maşgalalara garaýyş babatdaky esaslary özünde jemleýär». Öýüň baş döwleti bolan agzybirligiň berk bolmagynyň ilkinji şerti maşgala agzalarynyň hersiniň öz ornuna, durmuşdaky wezipesine dogry düşünmegi bolsa gerek. Meselem, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynda erkek adamyň öz orny, aýal adamyň öz orny bar. Şu dessuryň berk tutulmagy oňyn netije-de berýär.

Maşgala we terbiýe

Terbiýäniň düýp binýady maşgalada goýulýar. Çünki çaga terbiýesinde maşgala ägirt uly orun degişlidir. Türkmeniň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary, urp-adatlary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde sagdyn, halal-päkize nesliň ýetişmegine garaşybermeli. Terbiýeçilik işi ululardan pähim-parasatlylygy, jogapkärçiligi talap eden ýagdaýynda ýaşlary taplaýar we kämillik ýoluna salýar. Nesil terbiýesinde iň netijeli milli ýörelgelere daýanmak, paýhasly pederlerimizden bize miras galan uly baýlyk bolmak bilen birlikde her birimiz üçin gaýragoýulmasyz borç bolup durýar. Ata-babalarymyz çaga terbiýesinde oňlanyljak belli bir netijä gelip, terbiýeçilik ähmiýetli, geljekde-de öz halkyna nepi degjek ýörelgeleri, yrymlary, däpleri döredipdirler we uzak ýyllaryň dowamynda olardan netijeli peýdalanypdyrlar. Indi olary dowam etdirmek bolsa biziň borjumyzdyr. Çünki terbiýe meselesinde pederlerimizden bize miras galan ýörelgeleriň ähmiýeti iňňän uludyr. Iň bärkisi «Terbiýe meselesinde ýalňyşara ýer ýok» diýilmesi hem köp zatdan habar berýär.

Ene süýdüniň ähmiýeti

Çaganyň kadaly ösüp ulalmagy üçin esasy şertleriň biri olary dogry iýmitlendirmekdir. Çaga ömrüniň ilkinji aýlarynda esasy ygtybarly iýmit ene süýdüdir. Ene süýdi beýleki süýtlerden özüniň düzümi boýunça tapawutlanýar. Ene süýdünde demir, mis, sink köp mukdarda bolýar. Onuň düzüminde mineral duzlar az bolup, fosfor-kalsiý gatnaşygy 1:2 derejä deňdir, bu bolsa duzlaryň deň derejede özleşmegine getirýär. Her ýylyň sentýabr aýynyň başynda ýurdumyzda ene süýdüniň milli hepdeligi geçirilýär. Hepdeligiň baş maksady enäniň we çaganyň saglygyny gazanmakdan ybaratdyr.

Ýakymly jümleler

Çaganyň ene-atasy bilen arasyndaky gatnaşygy onuň bütin durmuş ýoluny kesgitleýär. Ruhubelent, özüne ynamly, maksada okgunly ynsany terbiýeläp ýetişdirmek üçin ene-atalar şu 6 sany jümläni çagalaryna günde aýtmalydyrlar. 1. Biz seni gowy görýäris. Iki ýaşly çaga bolsun, 15 ýaşly ýetginjek bolsun — islendik ýaşda ol özüniň gowy görülýänligini, gereklidigini bilmek isleýär. Bu sözleri eşitmek olarda özüne bolan ynamy döreder. Elbetde, sözler gury bolmaz ýaly, gowy görýändigiňizi görkezmek üçin boş wagtyňyzy çagalar bilen geçirmeli, olaryň aladalanýan meseleleri barada söhbetdeş bolmaly.

Nesil terbiýesi — möhüm mesele

Durmuş tejribesinden belli bolşy ýaly, çagalykda ene-atalarymyzyň biziň üçin edýän aladalaryna kän bir pitiwa bermeýän ýaly bolýarsyň, ýöne özüň ene-ata bolanyňda, bu zatlara aňry ýany bilen göz ýetirýär ekeniň. Durmuşda, maşgalada özüňden uly bar bolsa, onuň terbiýesi hem seniň gowy adam bolmagyňda uly orun tutýar. Haçanda öz hereketleriňe erk edip bilmän, säwlige ýol bereniňde, olar seniň ilkinji medetkärleriňdir. Maşgalada ene-atanyň öwüt-ündewleri bilen kemala gelen oglan-gyzlaryň edepliligini köpçülik ýerinde özüni alyp barşynda-da görmek bolýar. Mugallym hem çaganyň terbiýeli, ilhalar adam bolmagynda uly aladalar edýär. Olar bilen yzygiderli aragatnaşykda bolýar. Ýöne maşgalada görýän edep-terbiýesinden çaga uzaga gitmeýär. Perzendiň ogul bolsa, ata terbiýesine, gyz bolsa, ene göreldesine eýerýär. Maşgalada uly ýaşlylar tarapyndan çaga kiçiliginden ýeňiljek işler buýrulyp başlanýar. Gyzjagazlar gap-gaçlary saçaga äbermek we iýlip-içilip bolandan soň ýygnamak ýaly işlere kömekleşýärler. Azajyk ulalandan soň, olara öý işlerine kömekleşmek, gyzjagazlara kir ýuwmak, işdäaçar taýýarlamak, özünden kiçi jigilerine seredişmek, tikin-çatyn işleri bilen meşgullanmak öwredilýär.