"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Siziň baýramçylyk saçagyňyza

«Gyş» işdäaçary Gyşda, ter gök önümleriň azlyk edýän döwründe kartoşkadan, şugundyrdan, käşirden we beýleki duzlanan hem-de konserwirlenen gök önümlerden işdäaçarlary taýýarlap bolar.

Nesil saglygynyň goragynda

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başda durmagy bilen ýaşlaryň sagdyn, bagtyýar ösüp ýetişmekleri barada aýratyn alada edilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen gününden esasy aladasynyň ýaş nesil barada boljakdygyny aýratyn belläp geçdi. Ata Watanymyzda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek üçin döwrebap hassahanalarymyzda we anyklaýyş-bejeriş merkezlerinde ähli mümkinçilikler döredilendir. Il saglygyny ähli zatdan ileri görýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak barada yzygiderli alada edýär. Saglygy goraýyş edaralarynda zähmet çekýän işgärleriň hünär taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmak babatda edilýän işler hem giň gerimlidir. Şonuň netijesinde raýatlarymyzyň ömrüniň ortaça dowamlylygy birsyhly artýar, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňi alynýar, eneleriň we çagalaryň keselçiligi peselýär. Ýurdumyzda ysmaz, gyzzyrma, drakunkulýoz keselleri bolsa doly ýok edildi.

Jemgyýetimiziň owadan keşbi

Maşgala mukaddesligi birek-birege bolan söýgi we hormat bolmak bilen birlikde, milli  gymmatlyklary, ahlak ýörelgeleri nesillerden-nesillere geçirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabynda: «Her bir maşgalada çaganyň dünýä inmegi, onuň ilkinji ýylgyryşy, ilkinji ädimi, ilkinji sözi aýtmagy we beýleki wakalar maşgalanyň ýakymly ýatlamalarynyň taryhyna ornaýar. Maşgala toýlaryny halkymyzyň uludan tutýandygy, şowhunly belleýändigi hem özbaşyna bir söhbet. Şeýle toýlarda süýji ýatlamalar jemlenýär» diýip, maşgala dessurlarynyň milli köklerini açyp görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem maşgalanyň hukuk binýadyny berkidýän ýörelgeler we düzgünler döwletiň möhüm kanunçylyk ýörelgesi bolup durýar. Şunda  Maşgala kodeksi bagtyýar ojaklaryň döremeginiň, kemala gelmeginiň hukuk binýadyny üpjün edýär.

Çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige aldyrmagyň tertibi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasyndaky hukuk kadasynda ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çagalaryny terbiýelemäge, saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyklary we şol bir wagtyň özünde, borçludygy barada-da nygtalýar. Mähriban Diýarymyzda maşgala hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin döwlet derejesinde giň şertler döredilýär. Türkmenistanda dünýä inen her bir çaga döwlet tarapyndan bellige alynmaga  degişlidir. Munuň üçin çaganyň ene-atasy «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, çaganyň hakykatda doglan ýerindäki ýa-da ene-atanyň (olaryň biriniň ýaşaýan ýerindäki) RÝNÝ edarasyna ýüz tutýarlar. Çaganyň dogluşy tarapyndan bellige alynmagy üçin degişli RÝNÝ edarasyna ýüz tutulan güni döwlet belligine alyş işi amala aşyrylýar.

Terbiýäniň çägi bolmaz

Maşgala — döwletiň bir parçasy bolup, onda edepli-ekramly çagalary ösdürip kemala getirmek borjy tutuş jogapkärçiligi bilen ene-atanyň gerdenine düşýär. Çaga berilýän kämil terbiýe bolsa ene süýdi bilen ornaşýar. Sebäbi çaga başlangyç terbiýesini enäniň kalbyndan susup alýar. Hut şonuň üçin, başlangyç terbiýe ynsanyň geljekki ykbalyny çözýän esasy çesmesidir. Maşgala terbiýesinde esasy orun aýal maşgala degişli bolýar. Çünki adamzadyň sallançakdan başlanýan ömür ýolunyň dowamynda çagalyk döwri ejesi bilen has ysnyşykly ýagdaýda geçýär. Maşgalada ata-enäniň çagalara berýän terbiýesi, ilki bilen, görüm-göreldeden başlanýar. Şeýlelikde, çagalar ata-enäniň gylyk-häsiýetlerini, görkezen göreldelerini, ahlak häsiýetlerini öz kalbynda kemala getirip, olara ömür berýärler. Şol sebäpli ata-ene nähili bolsa, çagasy hem şolar ýaly bolar. Biziň hemmämiz çagalyk müçesini başdan geçirdik. Bu döwürde ene-atanyň hereketleri terbiýäniň iň esasy, aýgytlaýjy tapgyrydyr. Terbiýäniň aýgytlaýjy döwri, esasan, on dört ýaşa çenlidir. Şu döwürde olara ýagşy zatlary näçe köp öwredip bildigiňçe, şonça-da ýagşydyr. Eger-de zergär işinde ýalňyşlyk goýberse, ol ony düzedip biler. Emma terbiýe meselesinde goýberilen säwligi welin, düzetmek kyn düşer. Ata-ene öz perzendini ömürboýy ganatynyň aşagynda saklap bilmeýär. Perzent isleseň-islemeseň bir gün şol ganatyň aşagyndan çykmaly bolýar. Sebäbi durmuşyň kanu

Mukaddeslik

Ýaşyň ulalyp, akylyň goýaldygyça düşünjäň we dünýägaraýşyň giňäp barýar. Soňky wagtlar nämüçindir tebigata ýakyn bolupdyryn. Ene topragyň üstünde — çägelik, otjumak meýdanlarda oturyp, baglaryň saýasynda saýalap, guşdur gumrularyň durmuşyna syn edýärin. Geň galaýmaly, hat-da guşlaryň durmuşy hem adamlaryň durmuşyna çalymdaş. Men muny diýmek bilen, ene barada gürrüň etmek isleýärin. Ene hemme ýerde we ähli wagtda eneligine galýar. Täsinje owaz edýän ene gumry, ine, ýene çagalaryny naharlamaga başlady. Uzynly gün agzy bilen nämedir bir zatlar daşap, üç çagasyny ekleýän ene gumrynyň öz ahwalyndan welin hiç kimiň habary ýokdy. Olar diňe ene ganatynyň aşagynda ýylanyp, onuň getiren zatlaryny iýmek bilen rahatlanýardylar. Ene gumryny synlap oturyşyma ejeler hakynda pikire çümdüm. Näçe ýaşandygymyza garamazdan, howa sowasa egnimizdäki eşiklerimizdir iýen-içen zatlarymyz, saglygymyz bilen içgin gyzyklanyp, jany-teni bilen bizi gorap ýören ejelerimiz, gör, biz üçin näçe zähmete, näçe jebir-jepa döz gelipdirler. Ukusyz geçirilen gijeler, irginsiz zähmetler, üzüp bolmajak yhlaslar...

Çörek mukaddesligi

Türkmen halky ýedi zady has mukaddes hasaplaýar: Watan, ene-ata, Gurhan, çörek, maşgala, öwlüýä, namazlyk. Mukaddes zatlar hiç wagt harlanylmaýar, gözüň göreji ýaly goralyp saklanylýar. Aslynda halkymyzda «türkmençilik» diýlip atlandyrylýan medeniýet dürli mukaddeslikleri has çuňňur düşünjä öwrüpdir, däpleri hem ynançlary mazmun taýdan giňeldipdir. Bu çörek babatda-da şeýle. Çörek mukaddesligi tamdyr, kendirik, saçak mukaddeslikleriniň döremegine getiripdir we olar bir bitewi düşünjä öwrülipdir. Türkmen medeniýetinde dutara mukaddeslik hökmünde garamak hem onuň tamdyr bilen baglylygyndan bolup biler. Sebäbi dutarçy ussalar dutar ýasanlarynda, onuň kädisini tamdyra tutup, göwnejaý bişirýärler. Dutara «tamdyra» diýilmegi hem şonuň bilen bagly bolmagy mümkin.

Milli edep-terbiýe ýörelgeleri

Adamyň kemala gelmeginde terbiýä uly orun degişlidir. Terbiýeçilik işi uly nesliň möhüm wezipesidir. Türkmen halky terbiýä uly üns berýän halk, muny «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz», «Adam — terbiýä, at seýse bagly» ýaly nakyllarynda beýan edipdir. Terbiýeçilik işi çaga ideg etmegi, ony eklemegi, onuň saglygy, bedeniniň dogry ösmegi, akyl, erk-ahlak, ruhy taýdan kemala gelmegi ugrunda alada etmegi, oňa ýagşyny, ýamany tapawutlandyrmagy öwretmegi, zähmete taýýarlamagy öz içine alýar. Halk arasynda şeýle bir pähim bar: «Bir ýyl öňüňi görjek bolsaň, däne ýetişdir. On ýyl öňüňi görjek bolsaň, bag ýetişdir. Ýüz ýyl öňüňi görjek bolsaň, terbiýeli nesil ýetişdir». Milletiň kämil ýörelgelerini dowamat-dowamata atarýan kämil bilim-terbiýeli nesillerdir. Her bir halkyň öz milli ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, milli häsiýetini şöhlelendirýän edep-terbiýe medeniýeti bar. «Gorkut ata» şadessany, «Kowusnama», Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy azat» eseri, Magtymguly Pyragynyň we nusgalyk şahyrlarymyzyň döredijiligi, häzirki zaman ýazyjy-şahyrlaryň eserleri türkmen halkynyň edep medeniýetini şöhlelendirmekde uly ähmiýete eýedir. Halk arasynda adamyň edep-terbiýesine baha berlende, ilki bilen, onuň adamkärçiligi göz öňünde tutulýar. Halkymyz «Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn» diýip, adamkärçilige ýokary baha berýär. Şonuň bilen hem, her kim bolsaň-da, ilki bilen adamkärçilikli bol, şonda sen i

Terbiýe mekdebi

Halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesi, durmuş tejribesi bar. Pähimdar pederlerimiziň kemala getiren bu milli ýörelgeleri ýaş nesilleri terbiýelemekde hem nusgalyk ýoldur, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ýaş nesilde pederlerimiziň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, adamkärçilik, wepalylyk, dogruçyllyk ýaly häsiýetlerini kemala getirmek üçin bilim işgärleri, mugallymlar asylly işleri alyp barýarlar. Bu günki günde bilimi we terbiýäni utgaşdyryp alyp gitmek, kämil, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek baş maksadymyzdyr. Ýaşlaryň terbiýesinde görüm-göreldäniň, ýagşy sözüň, wagyz-nesihatyň uly orny bar. Şonuň üçin hem ýaşlarda terbiýe mekdebini zähmetsöýerlik bilen utgaşdyrmak oňat netijesini berýär. «Adam bagdyr, zähmet onuň bagbanydyr» diýen nakyldan ugur alan ata-babalarymyz öz zähmeti bilen kemal tapypdyrlar. Berkarar döwletimizde ýaş nesliň döwrebap şahsyýet hökmünde kemala gelmegi üçin çagalykdan halal zähmete bolan söýgini döretmek zerurdyr. Sebäbi çagalykda aňa siňen duýgy-düşünjeler, gylyk-häsiýetler uzak wagtlap hakydaňda galýar, berkeýär. Ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi, ruhy-ahlak ýörelgeleri, adamkärçilik sypatlary umumadamzat gymmatlyklarydyr. Adam halal zähmeti bilen mertebä eýe bolýar we jemgyýete özüni aldyrýar.

GÖK ÖNÜMLI PEÝNIRLI KOTLET

Ynsan saglygyna peýdaly bolan gök önümlerden taýýarlanylýan tagamlar ýylyň islendik paslynda hem saçagyň bezegi bolup durýar. Şeýle tagamlaryň biri-de, peýdalylygy, tagamy bilen köpleriň söýgüsini gazanan gök önümli, peýnirli kotletdir. Öý bikeleri üçin taýýarlamasy örän ýönekeý bolan bu kotletiň taýýarlanylyşyny žurnalymyzyň şu gezekki sanynda paýlaşmagy makul bildik. Gerekli önümler:

Ömür ýolumyzyň şamçyragy

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine Ak sakgaly nurana ýüzüne gelşik berip duran goja mekdepden gelen agtygyny mähir bilen garşylady. «Hany, balam, bu gün mekdepde nämeler öwrendiňiz?» diýip, çaý başynda onuň okuwy bilen gyzyklandy. «Köp zat öwrendik, ata, iň esasy-da, mugallymymyz perzendiň ata-enäniň öňündäki borjuny düşündirdi» diýip, agtygy jogap berdi. Gojanyň nurana ýüzi has-da ýagtyldy. «Gowy zat, balam. Her kim öz ata-enesiniň öňündäki borjuny bilmelidir we berjaý etmelidir. Şeýtse, heran-haçan öz ogul-gyzy hem onuň göreldesine eýerer. Şeýdibem özboluşly zynjyr emele gelip, asylly ýörelge nesilden-nesle dowam eder. Bu bolsa ynsan balasy üçin iň esasy zatdyr»...

Aglama gurjak

Gurjaklar — çagalygymyzyň baky hemrasy, ilkinji syrymyzy paýlaşan we ony hiç kime «aýtmadyk» unudylmajak joralarymyz. Tamyň kölegesinde agaçdan öz eliň bilen ýasap, öz eliň bilen köýnek tikip geýindiren gurjaklaryňy daşyňa üýşürip, deň-duş joralaryň bilen «gelin-gelin», «gurjakgoş» oýnamagyň lezzeti bir başga. Aslynda, şol oýunlar gyzjagazlary durmuşa taýynlaýan özboluşly mekdep ekeni. Ulalyp, çagalygyňdan daşlaşdygyňça, ünsüň gurjaklardan sowlup, kitaba, işe gönükýär. Şeýle-de bolsa, haýsydyr bir gyzjagazyň elinde kiçijek wagtyň «joraň» bolan gurjagyňa meňzeş gurjaga gözüň düşse, ýüregiň jigläp, nädip çagalyk ýyllaryna dolananyňy bilmän galýarsyň. Köp wagtyny gurjak oýnamaga sarp edýän gyzjagazlaryň beýlekilerden alçaklygy, oňşuklylygy, özüne serenjam bermegi halaýandygy, dillijeligi bilen tapawutlanýandygyny duýmak bolýar. Bu, elbetde, ilkinji nobatda, gurjaklaryň täsiri bilen berk bagly. Kir-kimirsiz çaga kalbynyň ähli zady bolşy ýaly, hatda ondan-da owadan görüp bilşi ýaly, gyzjagazlar hem öz gurjaklaryny «janly» diýip kabul edýärler. Häzirki wagtda adamzat aňynyň ösüp, ähli pudaklaryň kämilleşmegi arkaly öndürilýän gurjaklaryň hem hili hem-de görnüşi ýokarlandy. Birbada seredeniňde adamdan tapawutlandyryp bolmaýan gurjaklary göreniňde uly hem bolsaň, gözüň eglenenini-de duýman galýarsyň. «Her döwür, bir döwür». Eger-de biz çagakak mawy gözli, arkasyna öwürseň

Tylla ýapraklar

Mähriban çagalar, biziň daş-töweregimizi gurşap alan dürli agaçlaryň gözelligini synlamagyň özi-de diýseň ýakymly. Tebigatyň ajaýyplyklaryna görk goşýan dürli agaçlar güýz paslynda-da özboluşly bir gözellige eýe. Agaçlaryň ýapraklarynyň güýz paslynda tylla reňkde öwsüp, gaýyp ýere düşmegi-de kiçijek synçylar üçin gyzykly. Biziň häzirki size öwretmek isleýän bezegimiz hem ýapraklaryň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Has takygy, güýz paslynda agaçlaryň şemala galgap, ýere düşen ýapraklaryny ýygnap alyp, olary kagyz ýüzüne geçirmek bilen hem gözellik döredip bolýar. «Nähili?» diýýäňizmi?! Onda ünslüje bolup, ýerine ýetirmäge başlalyň! Maslahat: Mähriban okyjylar, kiçi ýaşly jigileriňiz bilen şu ýaprakly bezegleri ýerine ýetireniňizde olara agaçlaryň dürli görnüşleri barada gürrüň beriň. Ýapraklaryň görnüşleri, olaryň näme üçin agaçdan düşýändikleri hakynda olara aýdyp beriň.

«Aýyjyk» kökesi

Gerekli önümler: • 180 gram mesge,

Serhetçiniň ýary bolmak...

Watana gulluk etmek her bir ynsan üçin beýik mertebe, onuň mukaddes goragyna ömrüňi bermek bolsa, bagtyň çürbaşy bolsa gerek. Çünki dünýäde mukaddes zatlaryň goragy her kese ynanylmaýar ahyryn. Ýurt goragyny ykbal saýlan merdanalaryň eginlerine ýyldyz dakylmagy hem ýönelige däl. Owaldan-ahyra mukaddesligiň nyşany saýylyp gelen mawy gögüň goýnuny bezän ýyldyzlaryň keşbini adamzat paýhasy, megerem, mukaddes topraklaryň goragyna ykbalyny bagyş edip, dünýä, il-güne parahatlygy peşgeş eýläp bilen merdana gerçeklere mynasyp görendir. Biziň aýtmak isleýän esasy gürrüňimiz dost-doganlyk araçäklerimizde gije-gündiz sak duran şol merdana ýigitlerimiziň öz gulluk borçlaryny üstünlikli berjaý etmekleriniň aňyrsynda mukaddes ojaklaryndan gözbaş alan zenan yhlasy hakynda.

«Siz dogan ahyry!»

«Uýalar — şol bir bagyň dürli reňkli gülleridir». Bu jümläni nireden okanym ýadyma düşenok, ýöne bary-ýogy ýedi sözden ybarat sözlem mende şeýle bir täsir galdyrdy. Men şol wagt duran ýerimden, meni ugradanyna enteklerem ökünýän ýaly, haçan barsam gujagyny açyp duran şadyýan çagalygymyň geçen mährem öýüne — atam öýüme tarap ganat ýaýyp uçan ýaly boldum. Gulagyma ejem jan bilen kakam janyň gürleşýän sesleri gelse, doganym bilen ikimiziň öz soraglarymyz bilen olary gürleşmäge goýman, sözlerini bölüşimiz göz öňümde janlanýar... Hany, akyllyja boluň-da, biri-biriňiz bilen oňşupjyk oýnaň. Siz dogan ahyry!» Bu sözler biziň çagalygymyzda gulagymyzyň ganan, soňra bolsa öz çagalarymyza nesip edip, agtyk-çowluklarymyza diýýän we diýjek sözlerimiz. «Siz dogan ahyry!» Bu sözleriň manysy hakynda oýlandygyňça doganly bolmak bagtynyň neneňsi uly hem çuňdugyna göz ýetirýärsiň.

Düýş we huş

Gidip barýarmyşym öýmüze bakan,Egnimde goşhaltam, elimem boşdy.Uly ýolda, heniz öýe ýetmänkäm,Arabaly gelýän atam sataşdy. Salam berdim, arabasyn saklady.Diýdi ol: «Geldiňmi? Men ota barýanEnçe mahal bäri gara bermäňsoň,Eneň garaşýandyr gözleri girýan».

Göwün bagym aýal dogan

Adam näçe uzak ýaşadygyça, durmuşa, daş-töweregindäkilere garaýşy, gatnaşygy belli bir derejede özgerýän eken. Bir öýde önüp-ösüp, bir saçakdan nan iýýän doganlaryň bilen käte-käte basdaşlyk edip, öýkeleşen wagtlaryň — çagalyk döwrüň yzda galýar. Her kim bir ojagyň eýesi bolýar. Özüň ene bolup, durmuşyň köp aladaly ýollaryndan ýöräp, ep-esli ýaşa ýeteniňden soň, ene-atanyň, doganlaryň gadyr-gymmatyna has çuňdan, bütin kalbyň bilen düşünýärsiň. Ylaýta-da, aýal doganyň orny aýratyn bolup, göwün bagyň ýyl-ýyldan berkeýär eken. Aýal doganyň bilen häli-şindi görşüp durmak, birek-birege jaň edip hal-ahwal soraşmak, aladalaryňy paýlaşmak ömrüň, ýaşaýşyň üçin iň bir zerurlyk bolup durýar. Işigiňde toý bolsa, ilki bilen, aýal doganyň ýetip gelýär. Nähoşlap, başyň ýassyga ýetse, halyňdan habar alyp, hemaýat berýän hem aýal doganyň.

Çagam birinji synp okuwçysy

Çagalar bagyna gatnan çaga terbiýeçisinden, öýde ene-atasyndan görelde alýar, olaryň hereketlerini synlaýar, gerek ýerlerini aňynda bekleýär. Ýagşy hereketler, edim-gylymlar çaganyň geljekde kämil ynsan bolup ýetişmegine ýardam edýär. Wagt geçýär, çaga orta mekdebiň gapysyndan ätleýär. Körpe nesil üçin täze bir dünýäniň gapysy açylýar. Oňa mekdep durmuşy, deň-duşlary bilen öwrenişmek birbada kyn düşmegi mümkin. Şonda ene-atalaryň mugallym bilen ýakyn aragatnaşykda bolmagy gerek. Hünärmenler özleriniň geçiren barlaglarynda çaganyň başlangyç bilimi talabalaýyk ele almagy, harplary we sanlary ýat tutmagy, öý işlerini wagtynda ýerine ýetirmegi üçin ene-atanyň ünsli bolmalydygyny belleýärler we şu aşakdaky usullary maslahat berýärler: Ilkinji nobatda, çaga bilim almagyň zerurdygyny, şonuň üçin mekdebe gatnamalydygyny düşündirmeli. Ene-ata özüniň birinji synpa gidişi, taryhy, edebiýaty, matematikany, aýdym-sazy, bedenterbiýäni, daşary ýurt dillerini, kitap okamagy söýýändigi barada mysallaryň üsti bilen köpräk gürrüň berip, olarda okamaga bolan höwesi oýarmaly. Şonuň bilen birlikde, okuw esbaplaryny aýawly saklamalydygyny, mugallymyň düşündirýän zatlaryna üns berip, dogry düşünmelidigini ündäp durmaly. Şeýle edilende çagada okuwa, mekdebe bolan höwes has hem artýar.

Men seniň gyzyň, kaka!

Kakam hakynda bir zatlar ýazasym gelip, ýüregim atygsap duransoň, şu makalama başladym. Kompýuteri açyp, ýazyp başlanymdanam, ýüregimden bokurdagyma dykylyp, aýdylmaga häzirlenip duran sözler biri-birinden howlugyp, setir-setir düzülmäge durdular. Ýüregimiň dünýämi ýaňlandyryp duran pyşyrdylaryny ýazmaga elim ýetişse, zor boldugy. Ýazyp otyryn, ýazyp otyryn. Makalany jemlemäge çak bolandygyny bilsemem, nokat goýup bilemok. Ahyry ýüregimi bire bagladym-da, boldum etdim. Seretsem, iki sahypadan gowrak makala bolupdyr. Hamana, bu iki-üç sahypalyk makala meniň kakama bolan söýgimiň ölçegi ýaly, ýüregim gaty-gaty gürsüldedi. Heý, oňa-da ölçeg ýetermi?! Derrew özümi ele aldym-da, ýene özüme ýüzlendim: «Bu, häzirlikçe şeýle. Men, nesip bolsa, kakam hakyndaky ýatlamalarymy wagtal-wagtal dowam edip duraryn». Öz ýanymdan ýüregimi rahatlandyrjak göwnejaý jogap tapandygyma begendim. Aslynda, durmuşda her bir ýagdaýdan mynasyp baş alyp çykmagy, nähili sorag berlende-de aljyraman, degerli jogap bermegi başarmagy kakamyň özi öwredipdi...