"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Nesil saglygy – bagtyýarlygyň gözbaşy

Çagalarda irki ýaşda köplenç duş gelýän keselleriň biri iglilikdir. Ol çaga D ýokumynyň ýetmezçiligi zerarly ýüze çykýar. Bu ýokum deride Günüň ultramelewşe şöhlesiniň täsiri netijesinde emele gelýär. Mundan başga-da, ol balyk ýagynyň, ýumurtganyň sarysynyň hem-de süýt önümleriniň düzüminde saklanýar. D ýokumy süňk dokumasynyň ösmegi, merkezi degna ulgamynyň we beýleki beden agzalarynyň işjeňligi üçin zerurdyr. Igliligiň alamatlary çaganyň işdäsiniň peselmegi, saçlarynyň düýbüniň derlemegi, ýeňse saçynyň düşmegi bilen anyklanylýar. Wagtynda bejergi alynmadyk ýagdaýynda keseliň ötüşmegine ýol berilýär. Bu döwürde bolsa süňkleriň adaty görnüşinden üýtgemegi, ýagny, maňlaýyň tüňňermegi, döş süňküniň içe gitmegi ýa-da öňe çykmagy, aýak süňkleriniň gyşarmagy ýaly birnäçe üýtgemeler ýüze çykýar.

100 ýaşly hassahana

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýat bejeriş-sagaldyş hassahanasy 100 ýaşyny doldurdy. Hassahananyň bir asyrlyk taryhynda şöhratly ýollar, şanly sahypalar näçe diýseň bar. Ýyllaryň dowamynda demirýolçularyň esasy saglyk merkezleriniň biri hökmünde uly meşhurlyk gazanan hassahana bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen görlüp-eşidilmedik özgerişliklere beslenýär. Häli-häzirler hem diňe bir Türkmenabat şäherinde däl, eýsem, tutuş welaýatymyzda iň abraýly saglyk merkezleriniň biri hökmünde tanalýan hassahananyň bu abraýy onuň şöhratly ýolundan başlanýar. Lebap sebitlerinde demirýolçularyň ilkinji saglyk ojaklarynyň eýýäm 1908-nji ýylda peýda bolandygyna garamazdan, ýerli ýaşaýjylar ilkinji ýörite hassahananyň gurulmagy üçin ýene 15 ýyl garaşmaly bolupdyrlar. Şeýlelikde 1923-nji ýylda Türkmenabat şäherinde 25 orunlyk Demirýolçular hassahanasy açylýar. Saglygy goraýyş işgärleri hassahananyň açylmagynda hirurg I.Meshiniň tagallalarynyň örän uly bolandygyny gürrüň berýärler. Esaslandyryjysy hirurg lukman bolandygy üçin ilkinji hassahanada diňe bir bölüm — hirurgiýa bölümi işläpdir.

Sagdynlyk — durmuş şamçyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmakda uly işler alnyp barylýar. Ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Sagdynlyk, bagtyýarlyk, ruhubelentlik barada söz açylanda, ilki bilen bedenterbiýe we sport hereketleri, bu babatdaky alnyp barylýan işler göz öňüňe gelýär. Ýurdumyzdaky çagalar baglarynda, orta mekdeplerde ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe sapaklarynyň netijeli geçirilmegi ýaş nesilleriň sagdyn we berk bedenli bolmaklary üçin döredilýän mümkinçiliklerdir. Bedenterbiýe we sport hereketleri adamyň diňe bir beden taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan hem sagdyn bolmagyna we netijeli zähmet çekmegine güýç berýär. Yzygiderli sport bilen meşgullanmagyň netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen türkmen türgenleri ýurdumyzda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, döwletimizde we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlaryna gatnaşýarlar we ýaşyl Tugumyzy ýeňiş münberinde al-asmana pasyrdadyp, döwletimiziň sport abraýyny belende göterýärler.

Buýsançly ýürekleriň joşguny

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip düzülen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda netijeli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabatda hem-de sebitlerimizde saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Şu ýylyň dowamynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Saglygy goraýyş müdirligi we onuň düzüminde köpugurly hassahana, onkologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi we saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasy ulanmaga berildi.

Il saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Täze taryhy döwürde döwlet syýasatynyň düýp özeninde halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ynsan gymmatlyklaryna hormat goýmak, hemaýata mätäçlere goldaw bermek mukaddes ýörelgä öwrülýär. Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň döredilmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy-syýasy ähmiýetli wakasyna öwrülip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryny, ägirt uly sahawatly işlerini bütin dünýä äşgär edýär. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli daşary ýurtlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň ençemesi «Arkadag» medalynyň ilkinji eýeleri boldular.

Derde derman bu Diýar

Gadymyýetden bäri halklaryň arasynda her bir näsagy öz Watanynyň topragy bilen bejermelidigi baradaky aýtgy ýörgünli. Hakykatdan-da tebigat öz goýnundan orun berýän ynsanynyň derdine gowy düşünýär. Ýöne ynsanyň tebigatyň şol nygmatlaryndan peýdalanmagy üçin, ilkinji nobatda, onuň diline düşünmegi zerur bolup durýar. Munuň ýörite ylmy bar. Özem bu ylym ynsanlaryň iň gymmatly baýlyklary bolan saglygyny goramaga gönükdirilendigi üçin naýbaşy ylymlaryň hatarynda. Dünýä ylmynda fitoterapiýa diýlip atlandyrylýan bu ylym tebigy ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini öwrenýär. Dermanlyk ösümlikleriň we olaryň esasynda alynýan derman serişdeleriniň sintetiki serişdelerden ähli babatda artykmaçdygy bolsa hakykatdyr. Şu jähetden Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň müňlerçe derde em boljak dermanlyk ösümliklerini ýerlikli we ylmy esasda peýdalanmagyň aýratynlyklaryny özünde jemleýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň gymmaty aýratyndyr. Golaýda bu gymmatly eseriň ХV jildini elimize aldyk. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, daşary ýurt okyjylaryna hem elýeterli boldy. Häzirki wagtda bu ylmy-ensiklopedik eser lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň ýakyn ýardamçysyna öwrüldi. Saglygy goraýyş ulgamyndaky ylmy işleriň awt

Lukmanyň maslahaty

Sport — sagdynlygyň girewi Ýaşlykda dürli maşklary endige öwrüp, bedeni taplamak sagdynlygy üpjün edýär. Beden maşklary gan aýlanyşygyny gowulandyrýar, ýürek-damar ulgamyny işjeňleşdirýär, beden dokumalarynda hem agzalarynda madda alyş-çalşygyny ýokarlandyryp, garramak hadysalaryny haýalladýar. Şeýlelikde, işjeň hereket adamy gipertoniýa, süýjüli diabet, ýüregiň işemiýasy, insult we infarkt ýaly agyr nähoşluklardan goraýar.

Kadaly iýmitlenmegiň ähmiýeti

Güýz möwsüminiň gelmegi bilen howa gijelerine we irden sowap, günortana golaý gyzýar. Eger-de günüň dowamynda kadaly iýmitlenmegiň we ýeterlik mukdarda 1,5-2 litre çenli arassa agyz suwuny kabul etmegiň düzgünleri doly berjaý edilmese, ýiti respirator wirus ýokanjy bilen kesellemek ähtimallygy ýokary bolýar. Ertirlik naharyny edinmezden öňürti irdenki maşklary ýerine ýetirmeli. Bu endik maşgalada bilim edaralaryna gatnaýan (çagalar bagyna, mekdebe) çaga bar bolsa, onuň ukudan gowy oýanmagyna we işdäsiniň açylmagyna täsir edýär. Nahardan öň işdäaçaryň, nahardan soň bolsa miwäniň iýilmegi ýa-da miwe şiresiniň içilmegi naharyň işdämenlik bilen iýilmegine we gowy siňmegine oňaýly täsir edýär. Günortanlyk naharynda hökman buglanyp ýa-da gaýnadylyp bişirilen gyzgyn naharlary kabul etmeli. Kadaly iýmitlenmegiň düzgünlerine görä, däneli we kösükli ösümliklerden bişirilen gyzgyn naharlary kabul etmek saglygymyz üçin has peýdalydyr. Naharyň öňünden akar suwda gowy ýuwlup, arassalanan gök önümlerden (kelem, käşir, hyýar, pomidor, gök otlar we ş.m.) taýynlanan işdäaçarlary iýmeli. Agşamlyk ýeňil siňýän naharlary iýip, ondan soň 1-1,5 sagat gezelenç etmeli. Naharyň gapdalyndan askorbin turşusyny saklaýan önümleri (limon, sarymsak, sogan we ş.m.) iýmeli. Bu düzgün günüň dowamynda adamyň bedenini gerek bolan witaminler we mikroelementler bilen üpjün etmäge we bedeniň berkemegine, kesele garş

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:

Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Saglygyň gadryny bilgil …

SPORT BILEN MEŞGULLANYŇ! Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli, ýöne derläp ýa-da saçyň öl ýagdaýynda daşaryk çykmaly däl. Öýden çykylanda, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy endik edinmeli.

Halk lukmançylygy

Diňe igde hakynda Igde agajy hakynda türkmen halkynda şeýle bir rowaýat bar. Gadym döwürlerde Horasan hem Horezm atly iki sany ýer urup, ýetim galan dogan bar ekeni. Olar igde tokaýlygynda ýaşaýan ekenler. Horasan hem Horezm igde tokaýlygynda igde agajynyň miwesini iýip, şahasyndan ok-ýaý ýasanyp, aw edip, ulalyberipdirler. Ýigit çykanlarynda bolsa olaryň hersi bir welaýatyň häkimi bolupdyr. Olary açlykdan çykaran, edermen batyrlar edip ýetişdiren närse ene toprakda ösüp oturan igde tokaýlygy bolupdyr.

Kädi, käşir, kelem

Kädi. Ol witaminlere baý düzümi bilen tapawutlanýar. Köplenç kädi berhiz iýmiti hökmünde ulanylýar. Kädiniň diňe bir eti däl, onuň çigidi, güli we baldagy hem peýdalydyr. Bu önüm karotine baýdyr. B witaminler toparynyň ählisi diýen ýaly jemlenýär. Onuň çigidinde köp sanly mikroelementler bolup, sinke baýlygy üçin öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Kädide iýmit siňdiriş kletçatkalary üçin köp zatlar bardyr. Peşew haltasynyň, böwregiň we bagryň keselçiliklerinde kädiniň suwy  ulanylýar. Mundan başga-da, kädi aşgazandaky, ýogyn içegedäki ýaralardan, içgatamadan ejir çekýänler üçin haýyrlydyr.

Kuwwatyň, berk saglygyň we uzak ömrüň çeşmesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ylmyny ösdürmek we ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleriniň häsiýetli aýratynlyklary baradaky ylmy işleri uly ähmiýete eýe bolup durýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň sahawatly türkmen topragynda bitýän ösümlikler  barada gyzykly maglumatlary, suratlary özünde jemleýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 15-nji jildiniň çapdan çykmagy saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda zähmet çekýän işgärleri, hünärmenleri hem örän begendirdi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi iňňän baýlygy bilen tapawutlanypdyr we ol müňýyllaryň dowamynda birnäçe keselleri bejermek üçin serişde bolup hyzmat edipdir. Biziň topragymyz, mähriban tebigatymyz biz üçin kuwwatyň, berk saglygyň we uzak ömrüň çeşmesi bolup durýar» diýip belläp geçişi ýaly, sahawatly topragymyzyň dermanlyk ösümlikleri we olardan taýýarlanýan derman serişdeleri saglygy bejermekde, berkitmekde keselleriň öňüni almakda örän peýdalydyr. Bu kitap hem ýurdumyzda Güneş çogunyň, ýakymly howanyň  täsiri bilen kemala gelýän ösümlikleriň 119-synyň dermanlyk häsiýeti baradaky maglumatlary özünde jemlemek bilen, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagy umumylaşdyrýar. Fitoterapiýa ylmyny ösdürmekde hormatly Arkadagymyz

Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany

Alym, lukman, şahyr Abu Aly ibn Sina X-XI asyrlarda ýaşap geçip, dürli ugurlarda ägirt uly mirasy galdyrypdyr. Ýewropada Awisenna ady bilen tanalýan akyldar 29 ugur boýunça 450 iş ýazypdyr. Gündogarda «Alymlaryň baştutany», Günbatarda «Akyldarlaryň serdary» diýen derejelere mynasyp bolmagy onuň dünýäde meşhurlygynyň subutnamasydyr. «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», «Bejeriş hakynda kitap» ýaly eserleri, keselleriň öňüni almak, bejermek, dermanlyk ösümlikleriň peýdasy baradaky parasatly pikirleri  häzirki döwürde-de öz gymmatyny ýitirmeýär. Bu günki gün beýik akyldara we lukmana belent sarpa goýulýar. Akyldaryň heýkeliniň paýtagtymyzdaky «Ylham» seýilgähinde oturdylmagy, ýakynda  «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi lukmançylyk ylmynda uly işleri bitiren beýik şahsyýete goýulýan hormatyň nyşanydyr. Bizem Lukman hekimiň saglyk hakda paýhasly pikirlerini size ýetirmegi makul bildik. Dowla düşmek — keseliň ýarysy, rahatlyk — saglygyň ýarysy, sabyrlylyk — sagalmagyň sakasy.

Güýzde bedeni berkidip

Her paslyň özüne görä aýratynlygy bolýar. Howanyň üýtgemegi zerarly döräp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmaly. Ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin düzgünleri, esasan-da, arassaçylyk çärelerini berk berjaý etmek zerurdyr. Güýz paslynyň gelmegi bilen, howa salkynlap, adam bedeninde hem üýtgeşmeler bolup geçýär, ýagny käbir dowamly keselleriň: ýürek-damar gan ulgamlaryndaky, allergiýa keselleri, dem alyş ýollarynyň dowamly syrkawçylyklarynyň gaýtalanmagy mümkin. Şeýle ýagdaýlarda allergiýa keseliniň güýjemezligi üçin allergiýanyň döremegine sebäp bolýan iýmitleri iýmekden saklanmaly. Ýürek-gan damarlarynyň keselleriniň gaýtalanmazlygy üçin her gün irden ýeňiljek beden maşklaryny ýerine ýetirmeli, iýmitiň  düzüminde kaliý, kalsiý saklaýan guradylan miweler (erik kişdesi, kişmiş) bolmaly. Dem alyş ýollarynyň dowamly keselçilikleriniň öňüni almak üçin dem alyş maşklaryny ýerine ýetirmeli, ýagny çuň dem almaly. Munuň bedeni kislorod bilen ýeterlik derejede üpjün etmäge kömek berýändigini ilkinji nobatda bellemek gerek. Bedeniňi berkitmekde nerw ulgamyny taplaýan, ýürege we damarlara gowy täsir edýän, arterial basyşy kadalaşdyrýan we maddanyň çalyşmagyna ýardam berýän suw bilen bejeriş usulynyň uly ähmiýeti bardyr. Sagdyn ýaşamak üçin günüň dowamynda 1,5-2 litre çenli suwuklyk

Lukman Arkadagymyzyň gymmatly eseri

Ýurdumyzda, beýleki baýramçylyklar babatda bolşy ýaly, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni her ýyl uly joşguna beslenýär. Bu hünär baýramçylygynyň şu ýylky dabaralary, ajaýyp wakalary hem muny tassyklady. Biri-birinden ähmiýetli şol çäreleriň hatarynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergä, “Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy” atly halkara ylmy maslahata aýratyn uly orun degişli boldy. Halkara serginiň çäklerinde Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň XV jildiniň tanyşdyrylyşy boldy. Lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça bilim alýan ýaşlaryň, şeýle-de hünärmenleriň gollanmasyna öwrülen bu eser türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler, milli fitoterapiýa baradaky özboluşly ylmy-ensiklopedik işdir. Gahryman Arkadagymyzyň bu uly işi diňe türkmen okyjylarynyň däl, dürli dillere terjime edilmek bilen, dünýäniň ençeme halklarynyň, millionlarça okyjylarynyň arasynda hem meşhurlyga eýedir. Alym Arkadagymyzyň türkmen hem Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň işlerini, türkmen tebipçiliginiň däplerini çuňňur öwrenmek netijesinde döreden kitabynyň nobatdaky jildiniň düný

Sarymsak

Güýz günlerinde howanyň durumy mahal-mahal üýtgäp, säher çygly, gün gijagşama agyberende howa sowamak bilen bolýar. Howanyň durumsyzlygy adamlaryň saglyk ýagdaýyna hem täsirini ýetirýär. Adamlaryň, esasan-da, ýaşlaryň arasynda günortana baka howa gyzýandygy sebäpli, pasla görä geýinmeýänleri-de duşýar. Munuň bolsa sowuklama ýaly nähoşluklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolmagy ahmaldyr. Şonuň üçin şu günler çagalaryň geýnişine ünsli bolmaly, pasla görä ýeňsiz, penjek, jempir geýmeli, gyňaç atynmaly. Güýz-gyş möwsümlerinde nähoşluklara uçramaz ýaly sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermelidir, dogry iýmitlenmelidir, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmelidir, zyýanly endiklerden daşda durmalydyr. Zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly alyp barmalydyr. Sagdyn durmuş ýörelgesi, bedenterbiýe maşklarynyň gün tertibine goşulmagy, witaminlere baý önümler bilen iýmitlenmek sagdynlygyň gözbaşydyr.

Saglyk — baş baýlyk

Güýz paslynda howanyň sowamagy sebäpli ýiti respirator ýokanç kesellerinden goranmalydyr. Keseller howa damja ýoly bilen näsag adamlar üsgürende, asgyranda, gürlände we köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin otaglaryň howasyny çalşyp, ýelejiredip, çyglanan süpürgiç bilen ýuwup, arassalap durmaly. Öýleriňiziň penjireleri açyk duran bolsa, hiç wagt olaryň öňünde, ýagny şemalyň ugrunda durmaly däldigini bilmek zerurdyr. Mümkin boldugyça arassa howada gezelenç etmeli. Arassa howadan dem almak saglyk üçin peýdalydyr. Her bir adam öz saglygy barada alada etmeli. Kadaly we peýdaly iýmitlenmegi, maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmagy gündelik endige öwürseňiz ol dürli kesellerden gorar hem-de sagdyn we berk bedenli bolmaga kömek eder.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almagyň iň ýönekeý we wajyp usullarynyň biri arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmekdir. Olar, esasan, aşakdaky düzgünleri talap edýär: — Azyk önümleriniň howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý ediň. Çig we taýýar iýmit üçin aýratyn kesiji tagtalary we pyçaklary ulanyň;

Tanyşdyrylyş dabarasy

Welaýat kitaphanasynda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 15-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy-ensiklopedik kitabynyň 15-nji jildiniň çapdan çykmagy diňe bir saglygy goraýyş işgärleriniň däl-de, eýsem, tutuş halkymyzyň begenjini artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetini, ony taýýarlamagy we ulanmagy açyp görkezýän ylmy-ensiklopedik işiniň fitoterapiýa ylmyny ösdürmekde ähmiýeti örän ýokarydyr.