"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak

Ýylyň islendik paslynda ulularyň we çagalaryň arasynda ýiti respirator keseline duş gelmek bolýar. Gyş paslynyň gelmegi bilen dem alyş ýollarynyň sowuklamasy has-da ýygjamlaşýar. Gyş paslynda kähalatlarda bedeniň aşa sowamagy sebäpli, immunitet peselip, ýiti respirator keseline ýolugyp biler. Bu kesel ululara garanyňda, çagalaryň arasynda 2-3 esse köp duş gelýär, beýle ýagdaý çagalarda immun ulgamynyň kämilleşmändigi bilen düşündirilýär. Muňa çagalaryň 6 aýlykdan 3 ýaşa çenli kesel dörediji wiruslara durnuklylygynyň pesligi sebäp bolýar.

Saglygyň sakasy

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň!

Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary we hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak, halkymyzyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmynyň gazanan baý tejribelerine esaslanýan kämil we ýokary derejeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär. «Arakadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda toýlar toýa ulaşýar. Şeýle dabaraly wakalaryň biri hem Balkanabat şäherinde ýerleşýän Balkan welaýat köpugurly hassahanasynyň durkunyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagydyr. Bu hassahana täze gurlan binalar toplumy bilen üsti ýetirilip, dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Balkan welaýat köpugurly hassahanasynyň 290 orunlyk 5 gatly binalar toplumy köptaraplaýyn ýokary derejeli lukmançylyk kömeginiň berilmegi üçin niýetlenilip, hassahanada anyklaýyş we maslahat beriş, kabul ediş, şöhle bilen anyklaýyş, hirurgiýa, trawmatologiýa, anesteziologiýa we reanimasiýa, oftalmologiýa, kardiologiýa, newrologiýa, terapiýa, toksikologiýa we gemodializ, fizioterapiýa, merkezleşdirilen barlaghana we beýleki bölümler hereket edýär.

Dowamly ortaky otitiň ýerli gaýra üzülmelerinde sitologiýa we mikrobiologiýa barlaglaryň netijeleri

Derýaguly RZAÝEW, Täçmyrat GARAÝEW, Mähri ANNABERDIÝEWA, Nefisa ORAKAÝEWA, Aman GELDIÝEW M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň gulak, burun, bokurdak keselleri, mikrobiologiýa kafedralary, Halkara ylmy-okuw merkezi Etiopatogenetik taýdan dowamly ortaky otitiň we onuň ýerli gaýra üzülmeleriniň (DOOÝGÜ) burnuň, burunýany boşluklaryň, damagyň gaýnaglama hadysalary bilen berk baglanyşyklydygy bellenilýär. Şol sebäpden ortaky gulaga «bäşinji burunýany boşluk» hem diýilýär. Olardaky ýerli gaýnaglama hadysalary bolsa birmeňzeşlikleri ýüze çykarýar [6, 12].

Staphylococcus aureus-yň antibiotiklere rezistentliginiň monitoringi

Bahar KAKABAÝEWADöwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi Mikroblara garşy dermanlara durnuklylygyň giňden ýaýramagy milli, sebitleýin we global derejelerde gaýragoýulmasyz çäreleriň geçirilmegini talap edýän göwrümi eýeledi. Şeýlelikde, mikroblara garşy derman serişdelerine durnuklylyk jemgyýetçilik saglygy goraýşyň düýpli halkara meseleleriniň biri bolmagynda galýar [1]. Mikroblaryň durnuklylygynyň epidemiologik gözegçiligini geçirmegiň maksady, ýokanjy has netijeli bejermegiň usullaryny işläp düzmekden we lukmançylyk amalyýetine girizmek üçin zerur bolan maglumatlary almakdan, ýerli, sebitleýin, milli we halkara derejesinde mikrob rezistentliginiň we onuň bilen baglylykda ýüze çykýan keselleriň öňini almakdan ybaratdyr.

Reproduktiw ýaşdaky zenanlarda ýatgy boýunjygynyň patologiýasyny ir anyklamagyň orny

Ogulşeker ANNAGYLYJOWAEnäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipesi keselçiligiň düýpli azaldylmagyna we ýaşaýşyň hiliniň gowulandyrylmagyna gönükdirilýän ulgamlaýyn häsiýetli çäreleri durmuşa geçirmegiň ýoly bilen raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak bolup durýar.

Gastroezofageal reflýuks keselini anyklamakda we bejermekde pH-metriýanyň ähmiýeti

Çaryýar ANNASÄHEDOW«Arçman» şypahanasy Gastroezofageal reflýuks keseli (GERK) iýmit siňdiriş ulgamynyň iň köp ýaýran keselleriniň biri hasaplanyp, orta hasap bilen dünýä ilatynyň 20% töweregi bu keselden ejir çekýär. GERK Demirgazyk Amerikada (28%-e çenli), Ýewropada (26%-e çenli) we günorta-gündogar Aziýa döwletlerinde (33%-e çenli) köp duş gelýär, Russiýada uly ýaşly ilatyň 13,3%-e çenlisinde ýüze çykaryldy. GERK (turşulyk reflýuksy) aşgazan boşlugyndaky suwuklygyň we aşgazan kislotasynyň gyzylödege zyňylmagy netijesinde döreýän keseldir [3, 6]. Gyzylödek damak bilen aşgazany birleşdirýän agza bolup, häzirki zaman düşünjelerine görä, GERK-e gyzylödegiň we aşgazanyň motorikasynyň ilkinji bozulmasy hökmünde seredilýär. Uzak wagtlap dowam edýän reflýuks ezofagitiň netijesi striktura, metaplaziýa, gyzylödegiň täze döremesine sebäp bolup biler. GERK diňe bir lukmançylyk meselesi bolman, eýsem, ol sosial meselesine hem degişli bolup durýar, ýagny näsaglaryň köpüsi işe ukyply adamlar bolup durýar. Üstünlikli bejergi näsagyň keselini wagtynda kesgitlenmegidir [4, 9].

Çagalarda anorektal doga kemislikleriň hirurgiki bejergisiniň netijeleri we operasiýadan soňky dikeldiş çäreleri

Täzegül SARYÝEWA, Toýly MEŇLIÝEW, Gülbahar GELDIÝEWA, Juma JUMAÝEWM.Garryýew adynaky TDLU-nyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi Edebiýat çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, anorektal doga kemislikler bäbeklerde 1:500-den 1:4000-e çenli ýagdaýlarda duş gelýär, çagalaryň proktologiki keselleriniň içinde bolsa 85%-ni tutýar [1, 4].

Ehinokokkoz keseliniň epidemiologiki aýratynlyklary

Maksat GELDINAZAROW, Aşyrmyrat HOJAMYRADOW, Gurbanjahan ALOWOWAArkadag şäheriniň we Ahal welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň esasy wezipeleri ýurdumyzy ýokanç we parazitar kesellerinden gorap saklamak we bu keselleriň döremezliginiň öňüni almak boýunça uly işler amala aşyrýar [1].

Arterial gipertenziýanyň şypahana bejergisi

Orazgylyç ORAZGYLYJOW, Kerim BABAÝEW, Agajan REJEBOWM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň bejeriş bedenterbiýesi, saglygy dikeldiş we sport lukmançylygy kafedrasy, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy, «Bagabat» şypahanasy Ýürek damar keselleri (ÝDK) – ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň köpüsinde ölümçiligiň esasy sebäbi bolmagynda galýar. ÝDK-nyň döremegine we progressirlemegine uly täsir edýän howply şertleriň biri arterial gipertenziýa (AG) bolup, ol häzirki döwürde örän wajyp lukmançylyk-durmuş meselesi bolmagynda galýar [20].

Ýürek transplantasiýasynyň soraglary

Rejepmyrat ALYÝEW Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy Ýürek damar kesellerinden (ÝDK) dünýäde köp sanly näsaglar ejir çekýärler, olaryň arasynda dowamly ýürek ýetmezçiligi (DÝÝ) sebäpli, ýygy-ýygydan hassahana şertlerinde bejergide bolýan näsaglaryň sany ýyl-ýyldan artýar [6, 14]. Ýürek transplantasiýasyndaky (ÝT) öňegidişlikleriň ähmiýeti, DÝÝ-ne sebäp bolýan ýürek keselleriniň giňden ýaýramagy we netijede tapgyrlaýyn bejergä mätäç DÝÝ-li näsaglaryň köpüsinde ÝT-niň soňky saýlama hirurgiki bejergisi bolup hyzmat edýändigi mälimdir. DÝÝ-niň häzirki zaman radikal hirurgik bejergisi bolsa ýüregiň transplantasiýasydyr.

Böwrek daş keseliniň toplumlaýyn bejergisinde mekgejöwen gulpagynyň ähmiýeti

Jeýhun ÝAZYÝEWM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň urologiýa okuwly fakultet hirurgiýa kafedrasy Böwrek daş keseli (BDK) – häzirkizaman urologiýanyň esasy meselesi bolmak bilen, urologik keselleriň arasynda duş gelýän ýygylygy boýunça piýelonefritden soň ikinji orunda durýar. Şeýle näsaglar urologik kesellileriň 30-50%-ni tutýar. BDK bilen keselleýjilik Ýer şarynyň hemme regionlarynda gabat gelip, ol erkeklerde, aýallarda we islendik ýaşdaky adamlarda, hatda çagalarda hem ýüze çykyp, adamlaryň, esasan, zähmete ukyply, ýagny 30-50 ýaş aralygynda has ýygy duş gelýär. BDK-nyň ýaýraýjylygy Ýer şarynyň ähli regionlarynda birmeňzeş däldir, sowuk howaly demirgazyk regionlarda seýregräk duş gelýär, tersine, yssy howaly regionlarda köp duş gelýär. Şeýle-de, BDK bilen keselleýjilik Aziýada 1-5%-e, Ýewropada 5-9%-e, Demirgazyk Amerikada 13%-e, Saud-Arabystanda 20%-e çenli duş gelýär [2, 5]. BDK bilen keselleýjiligiň ýylsaýyn artmagy bu patologiýanyň wajyplygyny has-da artdyrýar.

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si we sag­lyk

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Yn­san dur­mu­şyn­da sag­ly­gyň iň gym­mat­ly baý­lyk­dy­gy, ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak ha­zy­na­dy­gy, ýe­ri­ni hiç zat bi­len dol­dur­ma­gyň müm­kin däl­di­gi hem­mä­mi­ze mä­lim­dir. Sag­ly­gyň baş şer­ti bol­sa sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni dog­ry ber­jaý et­mek­den baş­lan­ýar. Üýt­gäp dur­ýan ho­wa, daş­ky gur­şaw ada­myň dem al­şy­nyň, ýü­rek ur­gu­la­ry­nyň, gan ba­sy­şy­nyň hem üýt­ge­me­gi­ne tä­sir ed­ýär. Şo­nuň üçin, il­kin­ji no­bat­da, pas­la gö­rä ge­ýin­mek, aras­sa ho­wa­da köp­räk ge­ze­lenç et­mek sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň hem­me­ler üçin el­ýe­ter­li we hök­man ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li şert­le­ri­niň bi­ri­dir.

Gymmatly gollanma

Türkmen halky saglygyny baş baýlygyna, iň uly gymmatlygyna deňeýär. Asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ata-babalarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleri häzirki wagtda-da mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda bejeriji dermanlaryň, melhemleriň tebigy bolmagyna has-da ähmiýet berilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabyna aýratyn orun degişlidir. Kitabyň 15-nji tomunyň elimize gelip gowuşmagy lukmançylyk ylmy boýunça öňden gelýän gymmatly gollanmalaryň mynasyp dowamydyr. Bu ylmy işde türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa barada söhbet açylýar. Ýerli dermanlyk otlaryň birnäçe görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň we miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby milli lukmançylygymyzy ösdürmek bilen, pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini jemleýän kämil nusgadyr. Kitapda dermanlyk ösümlikler barada ylmy nukdaýnazara esaslanýan maglumatlar berilýär.

Miweleriň peýdasy

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde  nygtaýşy ýaly, ir-iýmişdir miweler bedeni ýaşaýyş üçin derwaýys, peýdaly maddalar bilen üpjün edýär, ony kuwwatlandyrýar, işdäňi açýar, ganazlygyň, azgazan-içege ulgamynyň näsazlyklarynyň, sowuklama keselleriniň öňüni almaga ýardam edýär. Ir-iýmişdir miwelerde witaminler, minerallar beýleki önümlerdäkä garanyňda köpdür. Ir-iýmişdir miweler kletçatkalaryň hem çeşmesidir. Kletçatkalaryň bolsa iýmitiň siňmegini ýeňilleşdirip, aşgazan-içege ulgamynyň işine itergi berýändigi, deriniň, saçlaryň, dyrnaklaryň ýagdaýyna oňyn täsir edýändigi bellidir. Üzümiň dermanlyk häsiýeti gadymy döwürlerden bäri mälimdir. Onuň düzüminde glýukoza, fruktoza, saharoza ýaly uglewodlar, organiki turşular, pektinler bar. Ondan başga-da, kaliý, kalsiý, natriý, magniý, demir, mikroelementler, B, C, P, PP witaminleri, fermentler saklanýar. Başga-da üzümiň örän güýçli antiseptik täsiri bolup, ol ganazlykda, ýürek-damar kesellerini, dem alyş ýollarynyň sowuklamasyny, bogun agyrysyny bejermäge mümkinçilik berýär. Peşew ýollarynda, böwrekde daşlaryň emele gelmeginiň öňüni alýar. Üzüm arterial gan basyşy kadalaşdyrmakda hem peýdalydyr.

Zenjebiliň melhemlik ähmiýeti

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga, bejeriş-öňüni alyş işlerinde tebigy serişdelere, sagdyn durmuş ýörelgelerine uly üns berilýär. Dümewiň öňüni almakda, bedeniň immunitetini berkitmekde, ýagny goranma ukybyny, işjeňligini ýokarlandyrmakda zenjebiliň köküniň peýdaly bejeriş täsiriniň bardygy öňden mälimdir. Zenjebil dermanlyk ösümlikleriň iň meşhurlarynyň biridir. Ony lukmançylykda dürli keselleri bejermekde, öňüni almakda, aşpezlikde bolsa naharlara tagam beriji hökmünde ulanýarlar. 

Peýdaly maslahatlar

Saglygymyzy goralyň!

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýokanç we ýokanç däl keselleriň birnäçesiniň öňi alnyp, ilatyň saglygyny berkitmek babatda uly üstünlikler gazanylýar. AIW ýokanjynyň öňüni almaklyk häzirki döwürde wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Merkezi Aziýa döwletlerinde bu keseliň ýaýramak howpy dowam edýär. Şol sebäpli güneşli Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramak maksady bilen netijeli işler alnyp barylýar.

Saglyk — baýlyk

AIW ýokanjyna, AIDS-e garşy göreş dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde saklanýan esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Döwlet, sebit we halkara derejede gazanylýan ylalaşyklaryň we olaryň çäginde alnyp barylýan işleriň netijesinde AIW ýokanjynyň ýaýramagynyň garşysyna göreş alnyp barylýar. Biziň ýurdumyzda ynsan saglygyna uly zyýan ýetirýän endiklere garşy göreş döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Käbir adamlar AIW ýokanjy we AIDS şol bir zady aňladýandyr diýip pikir edýärler. Aslynda welin beýle däl. AIW — adam bedeninde immun ýetmezçiligi sebäpli döreýän wirus. AIDS immun ulgamynyň düýpli işjeňsizligi netijesinde dürli agyr we howply kesel alamatlarynyň ýüze çykmagy bilen häsiýetlendirilýän keseliň soňky döwri bolup durýar. AIW diňe adam bedeninde ýaşap bilýär. Howada ol hereket etmek ukybyny ýitirýär. Bu wirus adam bedenindäki ähli suwuklyklarda saklanýar, ýöne ol diňe, gan, suwuklyklar arkaly syrkawdan sagdyn adama geçip bilýär. Sebäbi bu suwuklyklarda wirusyň kesel döredip bilýän mukdary saklanýar. Örän az mukdarda saklanýandygy üçin AIW peşew, der, tüýkülik arkaly ýokuşmaýar. Wirus oňurga ýiliginde köp mukdarda saklanýan bolsa-da, onuň oňurga ýiligi arkaly ýokuşmak howpy aradan aýrylýar.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:

Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak üçin witaminlere baý bolan önümleri kabul etmeli. Süýt önümleriniň gündeki iýmitimizde bolmagyny gazanmaly.