"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi

Aşgabat, 1-nji iýun (TDH). Şu gün, asylly däbe görä, Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyşy boldy. Dabaralar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda bina edilen paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Tennis toplumynda geçirildi. Indi Merkezi Aziýa sebitindäki bu iň iri sport desgasy giň gerimli sport ýaryşlaryny geçirmäge, türgenleri taýýarlamaga we saglygyny berkitmek isleýänleriň ählisine hyzmat edýär. Festiwalyň maksady çagalary we ýetginjekleri bedenterbiýe, sport bilen, şol sanda tennis bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmekden, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, çagalar hem-de ýaşlar sporty ulgamynda netijeli özara gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň aýdyň ýoly

Indi her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek asylly däbe öwrüldi. Bu senäniň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylandygyny bellemelidiris. Bu wakanyň ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerini kemala getirýän döwlet hökmünde halkara derejesinde parahatçylyk dörediji kuwwatyny dünýä äşgär edendigini bellemek ýakymlydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan sport syýasatynda halkara we sebitara sport guramalary, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Ynha, 31-nji maýdan 3-nji iýun aralygynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat bölegindäki weloýörişi hem aýratyn bellemek gerek. Munuň özi Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp uly dabaralaryň geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda köpçülikleýin welosiped ýörişini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň

Sportda belent üstünlikler

Ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni uly dabaralara beslendi. Şanly sene mynasybetli çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Aziýa tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça sebit merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyşy boldy. Dabaralar paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Tennis toplumynda geçirildi. Indi Merkezi Aziýa sebitindäki bu iň iri sport desgasy giň gerimli sport ýaryşlaryny geçirmäge, şeýle hem türgenleri taýýarlamaga we saglygyny berkitmek isleýänleriň ählisine hyzmat edýär.

Sagdynlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ekologiýa ulgamyny ösdürmek, daşky gurşawy aýawly gorap saklamak boýunça ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şypaly howanyň arassalygyny mundan beýläk-de gorap saklamakda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde zerur işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen jemgyýete sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertlerini ornaşdyrmakda netijeli işler alnyp barylýar. Muňa Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyklykda yzygiderli gurulýan ençeme bedenterbiýe we saglyk binalaryny, zamanabap sport we saglyk toplumlaryny, futbol, woleýbol, basketbol, hokkeý, welosiped ýaly sportuň meşhur ugurlary boýunça ýaryşlaryň geçirilip durulmagyny, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilmegini we olaryň guwandyryjy netijeler gazanyp, Watanymyzyň ýaşyl Tuguny al-asmanda pasyrdadyp, ýeňşe hem belent at-abraýa eýe bolmaklaryny mysal görkezmek bolar. Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistany sportuň ösen ýurduna öwürmek babatdaky belent maksatlar rowaçlanýar. Işjeň hereketde bolmagyň ýene-de möhüm ugurlarynyň biri hem welosiped sürmekdir. Häzirki wagtda ynsan saglygyny berkitmekde sportuň peýdasyna örän uly üns berilýär. Welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Welosiped sporty

Talyplarymyzyň halkara ýaryşyndaky üstünligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Ähli pudaklar bilen bir hatarda, sport ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Türkmen sportunyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginde hem-de türgenlerimiziň döwlet we halkara ýaryşlarynda üstünlikleri gazanmaklarynda ýurdumyzda guralýan sport ýaryşlarynyň ähmiýeti uludyr. Ähli ýaşdaky raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin döwlet tarapyndan mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport desgalaryny gurmak we ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Paýtagtymyz Aşgabat şäherini iri sport merkezine öwürmek üçin uly mümkinçilikler döredildi. Halkara ülňülerine laýyk gelýän sport desgalary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň hyzmatyndadyr.

Uzak aralyga welosipedli ýöriş

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň tek­li­bi bo­ýun­ça 3-nji iýu­ny Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni di­ýip yg­lan ede­ni­ne köp wagt ge­çe­nok. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, bu hal­ka­ra sport baý­ram­çy­ly­gy dün­ýä ýurt­la­ryn­da giň meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Bu baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­tan­da gu­ral­ýan iri me­de­ni-sport çä­re­ler top­lu­my dün­ýä nus­ga­lyk ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si, kö­p ö­wüş­gin­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

Türk­men spor­tu­nyň be­lent sar­pa­sy

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Ag­zy­bir hal­ky­my­zyň aba­dan, bag­ty­ýar ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak, be­den hem-de ru­hy taý­dan sag­dyn, berk be­den­li, aň-paý­has taý­dan kä­mil nes­li ke­ma­la ge­tir­mek ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň baş mak­sa­dy­dyr. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň oý­la­ny­şyk­ly baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe he­re­ke­ti­ni hem-de ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­mek­de, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek­de ýe­ti­len sep­git­ler, ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler nus­ga­lyk­dyr. Bu döw­let­li tu­tum­lar ber­ka­rar Di­ýa­ry­my­zy sag­dyn­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň me­ka­ny hök­mün­de ja­ha­na meş­hur et­di.

We­los­por­tuň us­sa­dy

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Gür­rü­ňi­mi­zi Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da mil­li we­los­por­tuň ös­me­gi­ne tä­si­ri­ni ýe­ti­ren öz­bo­luş­ly mek­de­biň bo­lan­ly­gy bi­len do­wam et­dir­sek has ýer­lik­li bo­lar. En­çe­me ge­zek çem­pi­on bo­lan tür­gen­ler, en­çe çem­pi­on­la­ry ýe­tiş­di­ren tä­lim­çi­ler hök­mün­de ta­nal­ýan Döw­ran Nur­me­dow, Nar­gel­di Ig­di­row, Emir we Iner Ju­ma­ýew­ler bi­len söh­bet­deş bo­la­nyň­da, ola­ryň äh­li­si hem il­kin­ji tä­lim­çi­si, ha­ly­pa­sy hök­mün­de Mu­ham­met Nur­me­do­wyň ady­ny ag­za­ýar­lar.

Ildeşimiz — Gran-priniň ýeňijisi

Russiýa Federasiýasynyň Burýatiýa Respublikasynyň Ulan-Ude şäherinde Söweş sambosynyň ligasy tarapyndan täzelenen düzgünlere laýyklykda, Gran-pri ýaryşy geçirildi. Onda türkmenistanly türgen Suwhan Öwejeldiýew 88 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, altyn medalyň eýesi boldy. Söweş sambosynyň ligasy sportuň bu görnüşiniň meşhurlygyny artdyrmak we türgenleri goldamak maksady bilen, 2020-nji ýylyň fewral aýynda esaslandyryldy. Türgenleriň deslapky duşuşyklary geçirmän, öz agram derejelerinde göni finala çykyp bilýändikleri bu ýaryşyň esasy aýratynlygydyr. Halkara ýaryşa ildeşlerimizden başga-da, Russiýanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýeňijiler 100 müň rus rubly möçberindäki pul baýragyna we çempionlyk guşagyna mynasyp boldular.

Ynsanperwer ýörelgeler

Döwletimiz çagalykdan başlap, şahsyýetiň esasy häsiýetleriniň hem-de olaryň ruhy ýörelgeleriniň kemala gelýändigine doly göz ýetirmek bilen, howandarlyga mätäç çagalara hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berýär. Bu gün şeýle ynsanperwer ýörelgeler çaganyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegini hem-de goralmagyny kepillendirýän hukuk namalarynda, netijeli ykdysady çäreler ulgamynda, ýetim hem-de ene-atalarynyň howandarlygyndan çetde galan çagalaryň durmuş ulgamyna doly goşulyşmagyna gönükdirilen anyk durmuş çärelerinde, olary özbaşdak durmuşa taýýarlamak, ýokary ahlak, watançylyk hem-de raýatlyk düşünjesi ruhunda terbiýelemek boýunça geçirilýän işlerde öz beýanyny tapýar. Döwlet tarapyndan hemaýata mätäç ýaş nesliň saglygyny berkitmek meseleleri ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar.

Me­di­nä­niň me­dal­la­ry

Häzirki ajaýyp döwrümizde gözel durmuşyň gözbaşy bolup durýan sporta çagalykdan ykbalyny baglaýan ýaş nesillerimiziň barha köpelmegi aýratyn guwandyryjydyr. Sport bilen meşgullanmak, bu ugurda saýlap alan görnüşiň boýunça öz ukyp-başarnygyňy görkezmek, kämilleşmek üçin bolsa ýurdumyzda ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 5-nji synpyny tamamlan Medine Gaýlyýewa hem sportuň karatedo görnüşinden geljegine uly umyt bildirilýän türgenleriň biri hökmünde özüni tanatmagy başardy. Ýaş zehiniň orta mekdepde okamaly döwrüniň orta menziline hem ýetmänkä gazanan üstünlikleri bilen tanyş bolanyňda, «Tüweleme, berekella!» diýeniňi duýman galýarsyň. Medine Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Balkanabat şäherindäki 1-nji sport mekdebinde hereket edýän karatedo boýunça gurnaga gatnap ugranynda onuň ýaňy alty ýaşy dolupdy. Halypasy, gara guşagyň 3-nji danynyň eýesi Nazmämmet Satlykgulyýewiň türgenleşiklerdäki her bir tabşyrygyny ýerine ýetirmäge yhlas bilen ýapyşmagynyň netijesinde ýaşajyk türgeniň ukypdyr başarnygy-da gün-günden artmak bilen bolýar.

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary Dünýä çempionaty – 2026-nyň hem-de Aziýanyň Kubogy – 2027-niň saýlama böleginiň jemleýji tapgyrynyň duşuşyklarynyň öňüsyrasynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 4-nji iýuna çenli dowam eder. Milli ýygyndy toparymyz 6-njy iýunda myhmançylykda Özbegistanyň ýygyndysynyň garşysyna meýdana çykar. 11-nji iýunda bolsa Aşgabatda Hytaý Gonkongynyň ýygyndy toparyny kabul eder.

Nobatdaky şowly çykyşlar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem sport üstünliklerine beslenýär. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebiniň öz işiniň ussady bolan tälimçi-mugallymlarynyň halypalyk edýän okuw-türgenleşik toparlarynda türgenleşik okuwyny geçýän ezber türgenleri dürli derejedäki ýaryşlardaky şowly çykyşlary bilen begendirýärler. Ýakynda Estoniýanyň Tallin şäherinde geçirilen taekwondo (ITF) boýunça halkara ýaryşda sport mekdebimiziň tälimçi-mugallymy Orazmyrat Çaryýew hem-de onuň halypalyk edýän okuw-türgenleşik toparynyň türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryşda Ysmaýyl Taýlyýew 34 kilogram agram derejesinde çykyş edip, şahsy tulda altyn we bürünç medallara, Orazmyrat Çaryýew 64 kilogram agram derejesinde şahsy tulda altyn medala mynasyp boldular.

Tebigat bilen sazlaşyk

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Sport we ekologiýa ulgamy bitewüdir. Bu ulgamlarda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler şahsyýetiň we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösüşine, ýaş nesillerde ekologiýa babatda jogapkärçilik dünýägaraýşynyň döremegine, adamlaryň tebigat bilen ruhy dünýäsiniň baglanyşygyna gönükdirilendir» diýen çuň manyly sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleri bilen bir hatarda, ekologiýa taýdan arassa görnüşi bolan welosportuň ösdürilmegine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Lukmanlaryň tassyklamagyna görä, welosiped sürmek bilen meşgullanmak myşsalaryň berkemegine we immunitetiň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär. Welosiped sürlende bedeniň ähli myşsalary herekete gatnaşýar, dem alyş çuňlaşýar we öýkeniň howa çalşygy ýokarlanýar, dem alyş ýollarynyň, ýürek-damar ulgamynyň işi kadalaşýar, bedendäki artykmaç ýaglar ýanýar. Şunlukda, adam özüni ýeňil duýýar, sagdyn we şähdaçyk bolýar.

Saglyga peýdaly ulag

Hormatly Prezidentimizi beýik geljegi nazarlaýan toplumlaýyn başlangyçlary netijesinde eziz Diýarymyzda ekologiýa taýdan iň arassa ulag serişdesi hasaplanylýan welosipede sagdyn durmuşyň möhüm şertleriniň biri hökmünde uly ähmiýet berilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 15-nji martyndaky 76-njy sessiýasynyň 6-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň 62-siniň awtordaş bolup çykyş etmeginde «Durnuklu ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Ulaglaryň ähli gönüşleriniň arasynda özüniň ekologiýa taýdan arassalygy bilen aýratyn tapawutlanýan ulag serişdesi bolan welosiped, ilkinji nobatda,adam bedeniniň sagdyn bolmagy üçin ýörite gural bolup hyzmat edýär. Arassa howada welosipedli gezelenç etmegiň adamyň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagy, fiziki işjeňliginiň ýokarlanmagy üçin örän peýdaly hereket bolup durýandygy eýýäm dünýäniň ençeme ýurtlarynda alymlar tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde subut edildi. Arassa howada her gün yzygiderli welosiped sürmegiň netijesinde adam bedeninde ýadawlyk, dartgynlylyk, närahatlyk ýaly ýagdaýlaryň döremek mümkinçiligi örän pes derejede bolýar. Şeýle hem bedendäki madda çalşygynyň durnukly ýagdaýda saklanylmagyna, bedende emele gelen artykmaç ýaglar

Welosipediň we welosportuň taryhy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, halkymyzyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine çekilmegi babatda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky başlangyçlarynyň biragyzdan ykrar edilýändigi baradaky hakykaty bütin aýdyňlygy bilen şöhlelendirdi. Bu taryhy waka eziz Diýarymyzyň halkara abraýynyň artýandygyna, onuň parahatçylyk söýüji, ynsanperwerlik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Dünýäde giňden ýaýran, uly meşhurlyga eýe bolan welosipediň we welosiped sportunyň taryhyna ser salsak, onda ilkinji welosiped guralynyň taslamasynyň suratyny 1495-nji ýylda beýik italýan alymy, dünýä belli suratkeş Leonardo da Winçiniň we onuň şägirdi Jakomo Kaprottiniň çekendigi barada aýdylýar.

Bedenterbiýe we sport

Golaýda 2012-2013-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda boks boýunça Lebap welaýatynyň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Çärjew, Köýtendag, Dänew, Halaç, Hojambaz etraplaryndan hem-de Mary welaýatyndan türgenleriň 200-den gowragy gatnaşdy. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan toparlaýyn ýaryşda Türkmenabat şäheriniň topary 1-nji orny eýeledi. 2-nji orna Mary welaýatynyň, 3-nji orna Köýtendag etrabynyň türgenleri mynasyp boldular.

Taryhda şu gün

1972-nji ýylyň 6-njy martynda Nýu-Jersi şäherinde doglan Şakil 1996-njy ýylda Milli basketbol ligasynyň taryhyndaky iň güýçli 50 basketbolçynyň sanawyna goşulypdy. 15 ýylyň dowamynda (1993 – 2009) «Ýyldyzlaryň duşuşygyna» gatnaşan bu merkezi hüjümçi sport ýolunyň dowamynda «Orlando Meýjik» (1992 – 1996), «Los Anjeles-Leýkers» (1996 – 2004), «Maýami Hit» (2004 – 2008), «Finiks Sanz» (2008-2009), «Kliwlend Kawalýers» (2009-2010) hem-de «Boston Seltiks» (2010-2011) toparlarynda çykyş edipdi. Çykyş eden toparlary bilen dört gezek (2000, 2001, 2002, 2006) NBA-nyň çempiony bolan Şakil 1996-njy ýylda Atlantada geçirilen Olimpiýa oýunlarynda hem-de 1994-nji ýylda Kanadada geçirilen dünýä çempionatynda ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň düzüminde altyn medala mynasyp bolupdy.

Sport mekdeplerinde

28-nji maýda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň meýilnamasy esasynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň mejlisler jaýynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Uly ruhubelentlige beslenip geçirilýän ýörişlere gatnaşyjylaryň aglabasynyň ýaşlar bolmagy has-da guwandyryjydyr. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen sport çäreleriniň dowamynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly çykyşlara uly orun berilmegi baýramçylyk şowhunyny has hem artdyryp, ajaýyp döwrümiziň ösüşlerine buýsanç duýgularyny döredýär.

Talyp türgenleriň üstünligi

11 – 17-nji maý aralygynda Pakistan Yslam Respublikasynyň paýtagty Yslamabatda «Merkezi Aziýanyň Woleýbol Assosiasiýasynyň Milletler Ligasy» geçirildi. Bu ýaryşa Aziýanyň alty döwletinden toparlar gatnaşdy. Deslapky tapgyrda şowly çykyş eden ildeşlerimiz finala çykmagy başardylar. Finalda Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen ýer eýeleri duşuşdy. Netijede türkmen woleýbolçylary ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp boldular. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň woleýbol toparynda çykyş edýän Baýram Weýisow, Bagtyýar Hemrakulyýew, Arslan Ballykow, Akmyrat Döwletow, Tirkiş Nurgeldiýew, Didar Nuryýew ýaly ökde oýunçylaryň milli ýygyndymyzyň esasyny düzendigi buýsandyrýar. Ýeri gelende bellesek, ýokary okuw mekdebimiziň woleýbol hem-de futzal toparlary ýurt möçberindäki Uniwersiadada hem üstünlikli çykyş edip gelýärler.