Tehnologiýalar merkezi: Ýaşlar. Oýlap tapyşlar. Täzeçillik.

3 Aprel 2023
754

Ylmy goldamak we ony ösdürmek ýurduň geljegi üçin örän derwaýysdyr. Ylmyň ösüşiniň derejesi jemgyýetiň durmuşynyň derejesiniň esasy görkezijileriniň biridir. Ylymly adam hemişe täzeçilligiň gözleginde bolýar. Kämillige ymtylýar. Kämillik bolsa ylymdan başlanýar.

Taryha nazar aýlanyňda, geçen ençeme ýüzýyllyklarda türkmen topragynyň oýlap tapyşlar bilen dünýä taryhyna giren şahsyýetleriň mekany bolandygyna buýsanýarsyň. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş alymlaryň täze nesli kemala gelýär. Belent ynamdan ruhlanýan ýaşlar biri-birinden netijeli oýlap tapyşlary bilen ýurdumyzyň ylym, tehnologiki we ykdysadyýet babatda gazanýan üstünliklerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Taýýarlan Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».