«Türkmenistan» awiakompaniýasy tomusky tertibe geçýär

3 Aprel 2023
818

Howa gatnawçysynyň resmi web sahypasynda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň tomusky tertibe geçendigi barada habar berildi.

26-njy martdan bäri «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary 8 ýurtda 9 ugra uçýar. Awiakompaniýa Almaty (Gazagystan), Dubaý (BAE), Deli (Hindistan), Maýn boýundaky Frankfurt (Germaniýa), Kazan (Russiýa), Moskwa (Russiýa), London (Angliýa), Pekin (Hytaý) we Stambul (Türkiýe) ýaly şäherlere uçuşlary amala aşyrýar.