Jümle-jahan habarlary

29 Mart 2023
874

Iň uly daýançsyz tomaşa çarhy gurlar

Günorta Koreýanyň häkimiýeti dünýäde iň uly tomaşa çarhyny gurmak baradaky taslamany makullady. Ol taslama laýyklykda attraksionyň beýikligi 180 metre barabar bolar. Aýna bilen metaldan ýasaljak bu attraksionda giň äpişgeli kabinalar bitewi halka görnüşindäki aýlawda yzygiderli ýerleşer. Çarh jemi 36 kabinadan ybarat bolup, olaryň hersi 25 adama niýetlenendir. Onuň gurluşygynda adaty spisa görnüşindäki daýanç göz öňünde tutulan däldir. Taslamanyň awtorlary onuň guruljak meýdançasyny medeni-dynç alyş zolagyna öwürmegi maksat edinýärler. Hanyl seýilgähiniň çäginde peýda boljak «Seoul Ring» tomaşa çarhynyň gurluşygyny 2025-nji ýyla çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).