Syýahatçylygyň dürdänesi

22 Mart 2023
1002

Golaýda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçirildi. Oňa bu ugurdaky halkara guramalaryň, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ýöriteleşdirilen kompaniýalarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Myhmanhananyň eýwanynda milli amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Halkara maslahatyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Forumyň esasy maksady halkymyzyň taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklar, däp-dessurlar babatda gazananlaryny wagyz etmäge, dünýä ýaýmaga, daşary ýurt syýahatçylyk edaralary bilen ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge, pudagyň ösüşine täzeçil çemeleşmeleri ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

«Aşgabat».