Zähmet soňy – bereket!

21 Mart 2023
894

Azyk önümlerini öndürmekde Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Isbaz geňeşliginiň Täze ýurt obasynda ýerleşýän «Altyn gül» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanalar toplumynda uly işler alnyp barylýar. Bu hususy kärhana 2016-njy ýylda bölünip berlen 2,5 gektar meýdanda döwrebap ýyladyşhana gurup, oňa pomidoryň köp hasyl berýän görnüşini ekdi. Çekilen halal zähmetiň netijesinde ýyladyşhanadan alynýan hasyl ýylsaýyn artýar. Bu bolsa ýyladyşhanada ýetişdirilýän islegli önümiň içerki bazarlary doly derejede üpjün edip, daşarky bazarlara ugratmak mümkinçiligini hem döretdi. Häzirki wagtda ýyladyşhana toplumynda Joraguly Hemraýewiň ýolbaşçylygynda 30 sany işçi zähmet çekýär. Olaryň köp bölegi bolsa ýaşlardyr. Ýyladyşhananyň agronomy Aýzada Maksudowa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol alyp barýan işleri dogrusynda şeýle gürrüň berdi:

— Ýyladyşhana şertlerinde pomidoryň «Marwelans», «Çerri» görnüşi, esasan, iki möhletde, awgust aýynyň ahyryndan sentýabr aýynyň başyna çenli we ýanwar aýynyň başynda ekilýär. Birinji möhletde ekilen pomidoryň hasyly dekabr-ýanwar aýlarynda, ikinji möhletde ekilen pomidoryň hasyly bolsa, mart-aprel aýlarynda ýygnalýar. Ýyladyşhanamyzda pomidoryň, esasan, «Marwelans» görnüşi ekilýär. Sebäbi «Marwelans» hasyllylygy boýunça pomidoryň beýleki görnüşlerinden tapawutlanýar. Pomidoryň bir düýbünden 10-12 kilogram hasyl alyp bolýar. Ol tutuş ösüş döwründe ýyly howany gowy görýär. Onuň tohumy 12-13 gradus ýylylyk derejesinde gögerip başlaýar. Pomidoryň bu görnüşiniň bişip ýetişmegi üçin 25-30 gradus, çyglylyk 60-65 göterim gerek bolýar.

Sabur RAHMATULLAÝEW,
TAP-nyň Dänew etrap komitetiniň başlygy. Surata düşüren Merdan ORAZOW. Suratlarda: Ýyladyşhanada işiň gidişinden pursatlar.