Hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugu­rlary

21 Mart 2023
1036

20-nji martda paý­tag­ty­myz­da­ky «Ar­ça­bil» myh­man­ha­na­sy­nyň mej­lis­ler ja­ýyn­da «Türk­me­nis­tan­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry we müm­kin­çi­lik­le­ri» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ty öz işine başlady. Fo­ru­ma hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri, ýur­du­my­zyň we da­şa­ry döw­let­le­riň şu ugur bo­ýun­ça ýö­ri­te­le­şen kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, şol san­da Öz­be­gis­ta­nyň, Hy­ta­ýyň, Hor­wa­ti­ýa­nyň, Bol­ga­ri­ýa­nyň, Eý­ra­nyň we Günorta Ko­re­ýa­nyň ugur­daş dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Türk­me­nis­tan­da bu ugur­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň sy­ýa­hat­çy­ly­gyň çäk­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi­niň, onuň eko­lo­gi­ýa, te­bi­gy, sport we at­çy­lyk ýa­ly tä­ze gör­nüş­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi­niň hem-de dynç alyş üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­niň mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­nyň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we onuň äh­lu­mu­my ul­ga­ma go­şul­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­me­li. Myh­man­ha­na­nyň eý­wa­nyn­da ýur­du­my­zyň ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­na de­giş­li gym­mat­lyk­la­ryň we şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty­nyň eser­le­ri­niň ser­gi­si ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Ol sergä gat­na­şan­lar­da ýa­kym­ly tä­sir gal­dyr­dy.

Ogul­gur­ban RE­JE­PO­WA,
«Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti».