Senagatçylaryň we telekeçileriň sergisinde

20 Mart 2023
809

18-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda guralýan sergide görkezilýän dürli önümler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat berdiler.

«Watan».