Milli önüm – milli buýsanç

19 Mart 2023
751

ýa-da türkmen işewürleriniň soňky ýyllarda ýeten sepgitleri

Her ýylyň tüýs baharyň bahar wagty Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisini geçirmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda birleşmäniň döredilmegine 15 ýyl dolýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda hususy türkmen kompaniýalarynyň 200-den gowragynyň gatnaşmagynda sergi guraldy. 17-nji martda badalga alan sergi täzeliklere baý boldy. Sergide türkmen önüm öndürijileriniň we hyzmat ediş kompaniýalarynyň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gysga döwrüň içinde uly ösüşe eýe bolandyklary, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan baý önümçilik düzüminiň dörändigini görmek buýsandyryjy duýgulary bagyşlaýar. Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zaman bazar ykdysadyýetiniň gazananlaryny hususy telekeçilige ornaşdyrmak, hususyýetçiligiň başlangyçlaryny goldamak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Ýazga geçiren Sadap MUHAMOWA.