Aşgabatda türkmen telekeçileriniň sergisi öz işine başlady

17 Mart 2023
779

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady. Günüň ikinji ýarymynda geçiriljek birleşmäniň agzalarynyň maslahatynda bolsa täze taryhy döwürde ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

«Türkmenistan»