Ylymly ýaşlar — Watanyň daýanjy (Dünýä we ýaşlar)

13 Mart 2023
1181

Täze taryhy eýýamymyzda ýaşlaryň ylym babatdaky başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek, kämil düşünjeli nesli kemala getirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap şertler döredilýär. Ylma teşne talyplar mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalarda, bäsleşiklerde öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny, bilim derejelerini görkezip, ýokary netijeleri gazanýarlar.

Ýakynda, has takygy, şu ýylyň 25-nji fewraly — 4-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplaryndan ybarat bolan topar Albaniýanyň Durres şäherinde geçirilen halkara Žan Pikte bäsleşigine gatnaşdy. Halkara ynsanperwerlik hukugy ugrundan geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşik gerimi boýunça dünýäde iň iri we meşhur taslamalaryň biridir. Bäsleşik iňlis we fransuz dillerinde geçirilýär. Onda eminler topary talyplaryň halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça bilimine hem-de ony ulanyp bilmek başarnygyna, halkara jemagat hukugy hem-de onuň degişli şahalary boýunça bilimine, toparlaýyn işlemek başarnyklaryna, bäsleşige bolan höwesine, jedelleşmek, başga toparlary diňläp bilmek hem-de dilewarlyk sungaty boýunça başarnyklaryna baha berdiler.

Mahym MUHAMMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby.