Täze tehnologiýalara daýanyp

1 Mart 2023
702

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda gazanylýan ösüşler milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalanmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňaýly täsir edýär. Bu ösüşlere dokma senagaty pudagy hem önjeýli goşant goşýar. Pudagyň ösüşinde türkmen işewürleriniň-de mynasyp paýy bar.

Bu ugurdan iş alyp barýan telekeçiler, hususan-da, önümleriň halkara ülňülere laýyk gelmegine, ekologik taýdan arassa bolmagyna möhüm ähmiýet berýärler. Mysal üçin, «Esli» hojalyk jemgyýetiniň «Besti» haryt nyşanly egin-eşikleri köpüň isleginden peýdalanýar. Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasyna Ýaponiýanyň ýokary hilli, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylandyr. Kärhananyň kuwwatlylygy her aýda 40 müň sany çaga eşigini tikmäge ukyplydyr. Bu ýerde 6 aýlykdan 14 ýaşa çenli bolan çagalara niýetlenen egin-eşikler pasla görä tikilýär. Bu hem alyjylaryň islegini kanagatlandyrýar. Taýýar geýim-gejimleri içerki bazarlarymyzda satyn alyp bolýar. Bahalary-da elýeterli. Şeýle-de hojalyk jemgyýetiniň önümleri daşary döwletleriň birnäçesine eksport edilýär. Özüne çekiji, gelşikli, owadan egin-eşiklere Russiýanyň, Özbegistanyň, Fransiýanyň işewürleri-de gyzyklanma bildirýärler.

Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».