Daşary ýurt dillerini öwrenmekde giň mümkinçilikler

22 Fewral 2023
910

Häzirki wagtda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlara döwrebap bilim bermäge aýratyn üns berilýär. Milli bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, sanly bilim ulgamy esasynda okuw usulyýetlerini hem-de bilim maksatnamalaryny özgertmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Elektron okuw okuwçylary özbaşdak okuw bilen meşgullanmaga, döredijilikli pikirlenmäge, uzak aralykdan bilim almaga höweslendirýän täsirli aragatnaşyk ulgamdyr. Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha berkeýän, halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolýan döwründe has-da uly ähmiýete eýe bolýar. Ol diňe birek-birek bilen düşünişmek, aragatnaşyk serişdesi bolmak hyzmatyny amal etmän, eýsem depginli ösüş gazanmagyň hem möhüm ugruna öwrülýär.

“Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” ýurdumyzyň dünýä giňişligine aralaşmagy, sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwerlik gatnaşyklarynda öňdebaryjy orny eýelemegi, türkmen jemgyýetiniň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, kämilleşmegi üçin ýurdumyzda raýatlaryň ene dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerini sazlaşykly üpjün etmegi döretmek barada anyk ugurlar beýan edilýär. Bu bolsa, ilki bilen, bu ugurda zähmet çekýän mugallymlaryň ussat kämillige eýe bolmalydygyny aňladýar we bu resminamada ussatlygy kämilleşdirmegiň anyk ýollary, talaplary we çäreleri jikme-jik beýan edilýär.