Mag­tym­gu­ly Py­ra­gynyň döredijiligine ba­gyş­la­nan yl­my mas­la­hat

21 Fewral 2023
1571

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mad­dy gym­mat­lyk­lar bi­len bir ha­tar­da hal­ky­my­zyň me­de­ni-ru­hy gym­mat­lyk­la­ry mil­li ru­hy ösüş­ler üçin eg­sil­mez çeş­me bo­lup hyz­mat ed­ýär. Bu ba­bat­da Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da hal­ky­my­zyň asyr­lar aşyp kä­mil­le­şen me­de­ni­ýe­ti, di­li, ede­bi­ýa­ty, sun­ga­ty, ta­ry­hy we ga­dy­my mil­li mi­ra­sy yl­my nuk­daý­na­zar­dan düýp­li öw­re­nil­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, türk­men ede­bi­ýa­ty dün­ýä­niň ru­hy gen­ji-ha­zy­na­syn­da özü­niň örän köp dö­re­di­ji­lik şah­sy­ýet­le­ri bi­len my­na­syp orun eýe­le­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da türk­men hal­ky­nyň nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň aý­ra­tyn or­ny bar.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ni hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ba­ku şä­he­rin­de «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy — dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň gör­nük­li we­ki­li» at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Bu yl­my-ama­ly mas­la­ha­ta Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň alym­la­ry, yl­my iş­gär­le­ri hem gat­naş­dy.

Ata GY­LY­JOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň bö­lüm mü­di­ri, fi­lo­lo­gi­ýa ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty.