Aşpez — hormatly hem jogapkärçilikli hünär

20 Fewral 2023
967

Her bir hünäriň öz aýratynlygy, inçe syrlary, hökmany suratda biläýmeli tärleri, usullary, şol hünäre mahsus özboluşlylygy bolýar. Aşpezlik päkizeligi, sabyrlylygy talap edýän hünärleriň biri. «Aşpezlik sungaty» diýip ýöne ýere aýdylmaýar. Milli hem-de dünýä halklarynyň datly tagamlaryndan doly desterhany göreniňde, şähdiň açylýar, gözüň dokunýar. Saçagy gelşikli bezemek medeniýeti, ünsi, şol ugra degişli bilim-başarnygy talap edýär.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde myhmançylykda bolanymyzda, bu hünär mekdebinde işleriň talabalaýyk guralandygyna, talyplara aşpezlik hünäri boýunça kärine yhlasly mugallymlaryň bilim we terbiýe berýändiklerine göz ýetirdik.

Gurbandurdy ORAZOW,
«Biznes reklama».