«Ooho» — iýilýän suw şarjagazlary

14 Fewral 2023
1052

«Plastiki galyndylar» diýlende, esasan hem, plastikden ýasalan suw we beýleki gaplar göz öňünde tutulýar. Eýýäm suwotulardan biodegrirlenip bilýän suw gaplary we süýtden dargamaga ukyply bolan gaplar oýlanyp tapyldy. Emma «Skipping Rocks» tejribehanasyndaky höwesjeňler bir ädim öňe gitmek bilen, iýilýän suw gabyny döretdiler. Has dogrusy, iýmek arkaly ondaky suwy içmek bolýar.

«Ooho» diýlip atlandyrylýan täze önüm, agyz suwuny öz içine alýan ýumşak gabykdyr. Bu gabyk goňur suwotularyň buglanyp goýaldylan maddasyndan ýasalmak bilen, ol 100 göterim tebigydyr. «Ooho» şarjagazynyň gabygy dişlenýär we suw içilýär. Ulanyşdan soňra gabyk islendik zibilhana zyňlyp hem bilner. Çünki ol 4 hepdäniň dowamynda doly dargamaga ukyplydyr. «Ooho» iýilýän suw şarjagazlarynyň meşhur bolmagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Häzirki günlerde oňa birnäçe iri maýadarlar serişde goýmaga taýýardygyny aýdýarlar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Atanyýaz AGAGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.