Guýulary abatlamagyň ähmiýetliligi

13 Fewral 2023
1032

Nebitgaz senagatynyň ösüşinde nebiti, gazy çykarmagy köpeltmegiň esasy ugurlary netijeli, döwrebap täzelikleri ornaşdyrmakdan, öňüni alyş çärelerini geçirmek bilen, ulanyş guýularynyň fonduny saklamakdan, düýpli abatlaýyş işleri netijesinde guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de hereketsiz guýulary we täze gazylan guýulary ulanyşa goýbermegiň hasabyna olaryň hereket edýän fonduny artdyrmakdan ybaratdyr. Ylaýta-da ulanyş guýularyny abatlamagyň dowamlylygyny tizleşdirmek we harç edilýän çykdajylary azaltmak esasy meseleleriň biridir.

Nebitiň we gazyň çykarylyşynda guýynyň bökdençsiz işlemeginde abatlama gullugynyň ähmiýeti uludyr. Nebit, gaz we suw gysyp ýygnaýjy guýular nebit senagatynyň esasy maýasynyň (fondunyň) möhüm bölegidir.

Saparmyrat ARTYKOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.