Kämil bilimli ýaşlar ýurdumyzyň röwşen geljeginiň şuglasy

10 Fewral 2023
899

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işler biziň her birimizi buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasaty ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýaşlar hakyndaky aladany hem baş wezipe edip goýýar. Çünki ýaşlar Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşýan kämil hünärmenlerdir, röwşen geljegimizdir. Ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin ähli şertleri döretmek ýaly möhüm ugurlar hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezindedir.

Arkadagly Serdarymyz öz çykyşlarynda häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň kuwwatynyň we gülläp ösmeginiň, ilkinji nobatda, ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşiniň milletiň intellektual derejesi bilen kesgitlenýändigini nygtaýar. Ozaly bilen, her bir ýurduň ösüşi ýaşlara berilýän bilimiň hili, derejesi bilen gazanylýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli bilim ulgamy ösdürilýär, netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar.