Ýerasty gatlaklaryň synagy

6 Fewral 2023
1058

Nebit, gaz maksatly gözleg-barlag guýularyň gazylmagynyň has wajyp we jogapkärli tapgyry guýularda önümli gatlaklary açmak we synag etmek bolup durýar.

Gatlaklaryň synagy — gatlagyň esasy gidrodinamiki ölçeglerini: önümliliginiň koeffisiýentlerini, syzdyryjylygyny, pýezogeçirijiligini (basyş geçirijiligi), ýagny gurşawyň basyşy geçirme ukyplylygy, suwgeçirijiligi we başgalary hasaplamak üçin zerur gerek bolan, ýerasty gorizontlary açmak, akymyň gelmegini çagyrmak, gatlagyň doýgunlygynyň (nebit, suw, gaz, bilelikdäki doýgunlyk) häsiýetine baha bermek, gözegçilik üçin nusga hem-de gatlak suwuklygyny we gazyň nusgalaryny almak, çykymyny kesgitlemek, gatlak basyşyny, temperaturasyny ölçemek we beýleki görkezijiler boýunça guýuda geçirilýän işleriň toplumydyr.

Baýramgeldi NEDIROW,
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty.