Bag ekmek— sogap

3 Fewral 2023
1023

Şu günler Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň zähmetkeşleri edara-kärhanalaryň we mekdepleriň, obalaryň töwereklerinde, uly ýol ugurlarynda agaç nahallaryny oturtmak, timarlamak bilen bir hatarda arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini güýçli depginlerde alyp barýar.

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi netijesinde, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde pürli, miweli we saýaly agaç nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdylyp, ösdürilip ýetişdirilýär. Bu asylly ýörelge indi durmuşymyza giňden ornaşdy. Çünki bag tebigatyň gözelligini artdyrmak bilen sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasylarynyň biri bolup, ynsan saglygy üçin gymmatly baýlykdyr.

Ogulnabat MÄMMEDOWA,
TKA-nyň Görogly etrap birleşmesiniň hünärmeni.