Gatlagy gidrawlik böwüsmek

30 Ýanwar 2023
916

Gatlagy gidrawlik böwüsmek kollektorda gatlaga şepbeşikli suwuklygy ýokary basyş bilen goýbermek arkaly kese we dik jaýryklaryň toparyny döretmekden ybaratdyr. Jaýryklaryň emele gelmegi we ösmegi gatlak kesiminiň meýdanynyň ulalyp başlamagyna getirýär. Suwuklyk gatlaga akyp geçmek bilen bar bolan jaýryklary giňeldýär we täze jaýryklary döredýär. Emele gelen jaýryklaryň gysylyşmagyna ýol bermezlik üçin işçi suwuklyga onuň bilen jaýryga goýberilýän berkidiji agent (proppant) goşulýar. Proppant (gatlagyň gidrawlik jaýrygy üçin suwuklyk) aralaşan ýerinde galýar we önüm çykarylýan ähli döwrüň dowamynda kollektoryň akyş zolagyny ulaldýan geçiriji kanaly saklamak bilen, jaýrygyň ýapylmagyna ýol bermeýär.

Guýularyň geofiziki barlaglary ornaşdyrylan pursadyndan başlap, guýynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmagyň esasy inženerçilik gurallarynyň biri bolup durýar. Şu aşakdakylaryň hasabyna görä netije gazanylýar:

Begli ANNAMYRADOW,
«Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Geologiýa, nebiti we gazy çykarmak bölüminiň başlygy.