Tebigy gaz hakynda

30 Ýanwar 2023
905

— Tebigy gazyň tagamy, reňki, ysy ýok. Ol ýakymsyz ysyny odorin goşulandan soň alýar. Odorin adamlaryň gazyň syzdyrýandygyny anyklamagy üçin ýörite goşulýar.

— Şahtalaryň işçilerine haýsy guşuň kömek edendigini bilýäňizmi? Sarybilbiller howadaky metanyň möçberine örän duýgurdyr. Guşlaryň bu üýtgeşikligini şahta işgärleri ulanypdyrlar. Her sapar ýeriň aşagyna düşenlerinde, olar ýanlary bilen ketekde sarybilbilleri alypdyrlar. Eger-de guşuň sesi birnäçe wagtlap eşidilmese, onda howada metanyň möçberiniň öte kändigini aňladýar.

Taýýarlan Ýagmyr KAKABAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.