Ylym-bilim pudagynyň ösmegi ynamly geljege tarap aýdyň ýoldur

28 Ýanwar 2023
899

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim we ylym ulgamy uly üstünliklere beslenýär. Bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär hem-de Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar. Mälim bolşy, ýaly türkmen ýaşlarynyň üstünlikleri “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna” gadam basan ýurdumyzyň üstünlikleridir. Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň döwrebap bilim almaklary, geljekki hünärini saýlamaklary, öz ukyp-başarnyklaryndan doly peýdalanmaklary, durmuş meýilnamalaryny amala aşyrmaklary üçin ähli şertler döredilendir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: “Döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda uly tejribe topladyk. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris” – diýen sözlerinden ugur alnyp, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamagyň hakyky merkezi bolan ýokary bilimiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu möhüm mesele döwletimiziň ol ýa-da beýleki hünärlere bolan zerurlyklary hasaba alnyp, oýlanyşykly çözülýär.