Şöhratly taryhymyzda ata-babalarymyz ylym-bilime, kitaba belent sarpa goýup, ylmyň ösmegine goşant goşupdyrlar. Şonuň üçin hem dünýä meşhur alymlar, şahyrlar, akyldarlar kemala gelipdir, olaryň miras galdyran kitaplary gymmatly hazyna öwrülipdir. Bu bolsa pederlerimiziň kitaba we kitaphanalara uly üns berendiklerini aýdyň beýan edýär.
Döwrüň barha ösüp-özgermegi bilen kämillige eýe bolan adamzat jemgyýeti ylym arkaly ösmek ugruny nazarlaýar. Bu ugurda ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna gönükdirilen beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Olar ýaşlaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga, hünär taýýarlygy, ruhy we beden taýdan sagdyn ösmegi üçin ykdysady we hukuk şertlerini döretmäge, şeýle-de okuwda, işde, ylym-bilimde, jemgyýetçilik we döwlet işinde öz ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmek üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilendir.