Hazar deňiz suwotunyň guşçulykda peýdasy

24 Ýanwar 2023
874

Ýurdumyzyň ot-iým goruny baýlaşdyrmakda Hazar deňzinde ösýän suwotularynyň uly ähmiýeti bar. Bu otlar düzüminde ýokumly maddalary, birleşmeleri, polisaharidleri, beloklary, lipidleri, makro we mikroelementleri köp mukdarda saklaýarlar. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, Hazar deňzinde suwotunyň 1 milliard tonnadan gowrak gory bar. Suwotulary gök, ýaşyl we gara-goňur reňklerde bolýar. Ösýän suwotulary barlanyp görlende, olaryň düzüminde polisaharidleriň 35 – 40, beloklaryň 30, makro we mikroelementleriň 30 – 35, witaminleriň bolsa, 5 göteriminiň saklanýandygy anyklanyldy. Mikroelementleriň içinde iň möhüm bölegi ýod we onuň birleşmesi bolup, düzüminde 0,19 göterime çenli ýod saklaýar. Munuň özi Hazar deňiz suwotuny oba hojalyk mallarynyň ot-iýmlik paýyna ýokumly goşundy hökmünde ulanmaga esas döredýär. Ýerli ot-iým serişdelerini giňden öwrenip, olary maldarçylykda we guşçulykda netijeli ulanmagyň tehnologiýasyny işläp düzmek, önümçilige ornaşdyrmak ylmyň öňünde goýlan jogapkärli wezipeleriň biridir.

Hazar deňziniň umumy meýdanynyň 25 göterimi Türkmenistana degişli bolup, ýyly howanyň täsiri bilen, onda suwotularyň köp görnüşi ösýär we onuň ep-esli bölegi tolkun bilen kenara çykarylýar. Olar uçup geçýän ýabany guşlar üçin esasy ot-iým bolup hyzmat edýär. Farmasewtikada suwotunyň käbir görnüşlerinden ýörite dermanlar hem ýasalýar.

Täzegül SEÝITMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri.